logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ DAÝANJY

Kitaphanalar

05.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk-parahatçylygyň daýanjy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň ýer ýüzündäki abraý-derejesi, şan-şöhraty barha artýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, asudalygy berkitmek, hemmetaraplaýyn ösüşi üpjün etmek, işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna täzeçil itergi bermek babatda uly tagallalary edýändigi, barada çykyş etdiler. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasy ugurlarynyň halkara goldawa eýe bolandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli kitap sergisi gurnaldy we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde baky Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy we çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda dünýä nusgalyk işleri bitirýän, baky Bitaraplyk hukuk derejämizi, parahatçylyk ýoluny mynasyp dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAP BILEN AÇALYŇ BIZ DÜNÝÄNI

Kitaphanalar

05.12.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi, Türkmenistanyň Inžener-Tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen bilelikde gurnamagynda «Kitap bilen açalyň biz dünýäni» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlara kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriň üsti bilen Watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly–bilimli bolmagy ugrunda atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp, köp alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Kitaphanalar

05.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary gezelençde boldylar. Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary we mugallymlary gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek,okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Kitaphana gezelenjiniň ahyrynda talyp, ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli,döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
BITARAPLYK, DOGANLYK-SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ

Kitaphanalar

05.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Bitaraplyk, doganlyk-saýlan aýdyň ýolumyz” ady bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen eşretli eýýamda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan eýýamdygyny, täze taryhy zaman Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolýan zamanydygyny, türkmen halkynyň bu günki bagtyýar nesillerine Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurt binasy gaýym (berk) bolan berkarar döwletde, eşretli eýýamda ýaşamak, okamak, işlemek, gurmak, döretmek, päk zähmet bilen Watanymyza şan getirmek, oňa guwanmak we buýsanmak bagty nesip edenligi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ylym, bilim, medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler netijesinde kitaba, kitaphana berilýän üns has güýçlendirildi diýip, uly buýsanç bilen gürrüň edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
USSAT TERJIMEÇILER ÝAŞ NESILLERIŇ ARASYNDA

Kitaphanalar

05.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 82-nji orta mekdepde ýaş nesilleriň arasynda ussatlyk sapagyny geçirdi. Duşuşygymyza halypamyz, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medalynyň eýesi Hemra Şirow we “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň “Çagalar edebiýaty” bölümüniň redaktory Merjen Ýazyýewa myhman bolup gatnaşdylar. Çagalaryň söýgüli ýazyjysy Hemra Şirow ýaş nesillere terjimeçilik işi bilen meşhurlanandygyny hem-de Lermontowyň, Eduard Uspenskiniň, Andreý Usaçowyň eserlerini türkmen diline terjime edendigini aýdyp berdi. Iňlis halk balladalaryny hem türkmen diline geçirmeklikde alyp baran işleri barada beren gürrüňlerini okuwçylar gyzyklanma bilen diňlediler. Şeýle-de Merjen Ýazowanyň rus, iňlis, nemes, fransuz dillerinden türkmen diline çagalar edebiýatyna degişli terjime eden işleri hakynda beren gürrüňleri hem höwes bilen diňlediler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarda kitaba bolan söýgüni döretmek, olary ylmy-döredijilik, terjimeçilik işlerine höweslendirmek maksady bilen ýazyjylaryň, terjimeçileriň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşyklaryny ýola goýmaklykda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Arkadagly |Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
ARZUWLAN ZAMANAŇ GELDI PYRAGY–WATANY BEÝGELDÝÄR DÖWRÜŇ ŞYGARY

Kitaphanalar

05.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda jemgyýetçilik guramalarynyň milli merkezinde «Altyn-asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy–Watany beýgeldýär döwrüň şygary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Bitaraplyk–bu müňýyllyklardan gözbaş alýan, halkymyzyň arzuwlan zamany. türkmen halky gadym döwürlerden bäri medeniýetleriň, söwda ýollaryň çatrygynda ýerleşmek bilen Merwden, Nusaýdan, Ürgençden geçip Gündogar bilen Günbatary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir haryt däl, bilim, pikir we ruhy baýlyklaryň alyş-çalyşyny üpjün edýän parahatçylyk köprüsi bolupdy. Bu beýik däp häzirki döwürde-de dowam edýär. Ine bular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen Bitaraplygynyň beýik ýolunda ynamly ädimler bilen öňe ilerläp dünýäde parahatçylygy berkitmegiň iň ygtybarly ýoluna alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
BITARAPLYK–PARAHATÇYLYGYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

04.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk–parahatçylygyň gözbaşy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde, dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, hoşniýetliligiň dabaralanmasy bolup, Hemişelik Bitaraplyk–halkymyzyň aňyýetine, ruhy dünýäsine, ahlak gymmatlyklaryna ornaşan taglymatdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de asylly ýörelge dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge giň mümkinçilikleri döredýändigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HEMIŞELIK BITARAPLYK–PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY

Kitaphanalar

04.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Hemişelik Bitaraplyk–parahatçylygyň binýady» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler parahatçylyk söýüjilik ýoluny, agzybirlik ýörelgesini ýöredýän halkymyz ýene-de bir ajaýyp senäni – ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlaýandygyny we Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanyna toýlanýan bu sene her birimiz üçin aýratyn ähmiýete we many-mazmuna eýe bolup, durýandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de hemişelik Bitaraplyk dünýäde ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdygyny hem-de parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
YLHAM ÇEŞMESINDEN DÖREDIP MUKAM BITARAPLYK TOÝUN TOÝLAÝAR MEKAN

Kitaphanalar

04.12.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat geňeşi bilen bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda “Ylham çeşmesinden döredip mukam, Bitaraplyk toýun toýlaýar mekan” ady bilen maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlaryndan gözbaş alan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän her günümiz eziz halkymyzyň ata Watanymyza bolan belent buýsanjyny barha beýgeldýär. Halkymyz Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli baýramymyz bolan baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçýär. Ýubileý toýumyzyň şanyna şu günler baýramçylyk mynasybetli geçirilýän baý mazmunly çäreleriň yzy üzülenok. Maslahatda Güneşli diýarymyzda parasatly pederlerimizden miras galan parahatçylyksöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri ýer ýüzünde dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi ata Watanymyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmäge goşýan goşandynyň dünýä bileleşiginde giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülip, ýurdumyzyň taryhy senenamasynda mäkäm orun tutan bu baýramçylygyň ähmiýetini has-da artdyrýar diýip çykyş edenler aýratyn durup geçdiler. Şeýle-de kitaphanada guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Her bir çykyşlarda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdylyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
BITARAPLYK ŞÖHRATYMYZ ŞANYMYZ

Kitaphanalar

04.12.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 5-nji sungat mekdebi bilen bilelikde Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk şöhratymyz şanymyz” ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Eziz Watanymyz uly ösüşler şanly wakalar bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toý baýramlaryna beslenýär. Bu uly baýrama eltýän her pursat milletimiziň toý tutumlarynyň uludygyny görkezýär. Şu baýramly günlerde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 5-nji sungat mekdebiniň bagtyýar okuwçylary Bitaraplygymyzyň miwelerinden ruhlanyp buýsançly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyza beren ajaýyplyklary dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar halkymyzy batly gadamlar bilen uly ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.