logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ BERK BINÝADY

Kitaphanalar

18.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Bitaraplyk-parahatçylygyň berk binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde ösüşlerdir aýdyň maksatlary bilen dünýäde giňden tanalýan Bitarap Türkmenistan Watanymyzda syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler halkymyzyň agzybirliginiň, zähmetsöýerliginiň, ýurdumyzyň asudalygynyň datly miweleridigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de 2025-nji ýylda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uly dabaralar bilen bellenilip geçilmegi zeminiň asuda durmuşynyň şanyna tutulan uly toý bolup, taryha altyn harplar bilen ýazyljakdygy barada hem belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy ösüşiň belent derejelerine ýetirýän, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
TÜRKMENISTAN DIÝARYM–ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Kitaphanalar

18.11.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň we bu medeni ojagyň gurnamaklarynda «Türkmenistan Diýarym–ösüşleriň mekany» ady bilen şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenabat şäherinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Çykyşlarda Bitaraplyk ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti we türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň ygtybarly binýady bolup durýar. Bitaraplyk ýurduň deňsiz taýsyz üstünlikleri gazanmagyny, ýaşaýyş-durmuş we medeni meseleleri netijeli çözülmegini, umumy döwlet, pudaklaýyn we sebitleýin ösüş maksatnamalary, bilelikdäki halk taslamalary üstünlikli ýerine ýetirmegini üpjün edýär. Parahatçylyga, dostluga we hyzmatdaşlyga esaslanan türkmen bitaraplygy diňe bir ýurdumyzyň milli bähbitlerine däl, eýsem, halkara jemgyýetçiliginiň bähbitlerine, howpsuzlygyň global maksatlaryna, durnuklylyga, abadançylyga doly gabat gelýär. Ol Türkmenistana döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz abraýyny ösdürmäge mümkinçilik berýär diýip bellediler. Kitaphanada guralan «Parahatçylyk kepili-bagtymyzyň gözbaşy» atly kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

No image
KITAPHANA BIZE GARAŞÝAR..

Kitaphanalar

18.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna ýakynda A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylary ekskursiýa geldiler. Kitaphana hünärmenleri ýaşajyk okyjylaryny güler ýüz bilen garşy alyp kitaphanamyzyň gurulyş aýratynlyklary hem-de kitaphanada alynyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Adyndan belli boluşy ýaly biziň kitaphanamyz çagalar kitaphanasy bolmak bilen okyjylarymyzyň esasy düzüm bölegini körpeje okyjylar düzýär. Şeýlelik bilen kitaphanamzyň baý kitap gaznasynyň aglaba bölegini çagalar ýazyjylarynyň eserleri tutýar. Ekskursiýa gelen körpeje kitapsöýüjülerimiz hem kitaphanamyzyň “Mekdebe çenli çagalara we 1-3-nji synp okuwçylara hyzmat ediş” bölüminde wagtlaryny hoş geçirdiler. Ol ýerdäki ýaş okyjylarymyzyň öz elleri bilen çeken erteki gahrymanlarynyň suratlary hem-de ýasan şekilleri, ertekileriň gahrymanlaryny suratlandyryp döreden gurjaklaryny gyzyklanma bilen synladylar. Özleriniň söýgüli rus ýazyjylary bolan N.A.Nekrasow, A.S.Puşkin, M.Gorki ýaly birnäçe ýazyjydyr, şahyrlaryň kitaplaryny ellerine alyp okap görmekleri ýaş nesillerde kitap okamaklyga höwes döretdi. Mekdebiň mugallymlary hem-de okuwçylary özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen kitaphana hünärmenleri bilen sorag-jogap alyşdylar. Duşuşyga gelen ýaş nesillerimiz ýokary çeperçilik taýdan aýratynlygy, many-mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlanýan kitaplary neşir edip okamaklyga, öwrenmeklige ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan minnetdarlyklaryny beýan etdiler.

No image
ARKADAG ŞÄHERINDE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK, EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNY ÜPJÜN ETMEK

Kitaphanalar

18.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda Arkadag şäherinde daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we ýaşyl ykdysadyýet ýörelgelerini durmuşa geçirmek maksady bilen wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Tebigata gadyr gymmat goýýan halkymyzyň köp asyrlyk däpleriniň täzeçe dowam etmegine giň ýollary açýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjünçiligi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Bu wagyz nesihat çäresine Saçly Dursunow adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem gatnaşdy. Bu wagyz nesihat duşuşygy talyplarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda ajaýyp ülkämizi bagy – bossanlyga öwrüp, ekologiýa arassaçylygy berjaý etmekde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Wagyz nesihat duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzy bagy–bossanlyga öwürmäge uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.

No image
MILLI GYMMATLYKLARYMYZ UMUMY ADAMZAT MIRASYNDA

Kitaphanalar

18.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk Akademiýasy bilen bilelikde “Milli gymmatlyklarymyz umumy adamzat mirasynda” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillere ýetirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Jemgyýeti ruhy taýdan ösdürmek, halkyň dünýägaraýşyny giňeltmek, ahlak sypatlaryny kemala getirmek, umumy medeniýeti, watançylyk düşünjesini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugrydyr. Ýaşlarda watansöýüjilik duýgusynyň has-da pugtalanmagynda, milli ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilmeginde maşgala terbiýesine, maşgala gymmatlyklaryna uly orun degişlidir. Müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenen, kämilleşdirilen halyçylyk, dutarçylyk, külalçylyk sungaty, bedewlerimiz hem-de türkmen alabaýy–nesillerimiz üçin gymmatly hazyna bolup durýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda biz hem Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzüne ýaýmak, gorap saklamak we kämilleşdirmek babatda döredip berýän mümkinçiliklerine çäksiz alkyş aýdyp, döwlet ähmiýetli belent tutumlarynyň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

No image
MILLI MIRAS–EBEDI GYMMATLYGYMYZ

Kitaphanalar

17.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Milli miras–ebedi gymmatlygymyz» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli mirasymyz, medeni gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz ýokary derejede sarpalanýan şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz özüniň baýlygy hem-de gadymy kökleri bilen halkymyzyň millilik ýörelgelerinde jemlenendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň bu gymmatly milli-mirasy arkama-arka, nesilden-nesile geçip, şu günki günlerimize gelip ýetip, barha kämilleşýändigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň medeni mirasyny, milliligini aýap saklamakda we ony dünýä ýaýmakda, geljekki nesillerimize ýetirmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«ZEHINLI ÇAGALAR» ADY BILEN ÇAGALARYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN BÄSLEŞIK

Kitaphanalar

17.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Zehinli çagalar” ady bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen dili, edebiýat dersleri şeýle-de türkmen halk ertekileri esasynda düzülen dürli şertler boýunça toparlar özara ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda nesil hakynda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞKENT ŞÄHERINDE «MERKEZI AZIÝADA RUHY MIRASY WE AŇ-BILIMI ÝAÝRATMAK» ATLY HALKARA MASLAHATY

Halkara gatnaşyklary

15.11.2025

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa: umumy ruhy-medeni miras-umumy-geljek” atly halkara kongressiýa gatnaşdy. Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýada ruhy mirasy we aň-bilimi ýaýratmak” atly Halkara maslahaty geçirildi. Halkara maslahatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ruhy baýlyklarynyň we medeniýetleriň arasyndaky dialogy ösdürmekligiň we ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmekligiň sebitara umumylygynyň we durnukly ösüşiniň wajyp esaslaryny düzýänligini görkezmek, Özbegistanda ylym, bilim we medeniýet ugrunda geçirilýän özgertmeleri, şeýle hem ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň sebitara gatnaşyklaryna täsirini görkezmäge uly ýardam eder. Yslam siwilizasiýasynyň Merkezinde “Bir geçmiş-umumy geljek” ady bilen kitap sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäginde “Merkezi Aziýa kitaphanaçylarynyň ýoly” ady bilen forum geçirildi. Bu foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň kitaphana ýolbaşçylary şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy gatnaşyp, özüniň “Kitap- döwletleri birleşdirýär” temasy bilen çykyş edip, sanly ulgamyň üsti bilen kitaphanalarda alnyp barylýan işler dogrusynda özara iş tejribelerini alyşdylar. Şunuň ýalyda dabaranyň çäginde “Merkezi Aziýanyň taryhy mirasy: bitewi geçmiş- umumy geljek” atly taryhçylaryň forumy”, “Merkezi Aziýa : beýik geçmiş we beýik geljek” atly sergisi, “Janly taryh” halkara kinoforumy “Ýaşlar we sanly döwür: gadymy golýazmalardan emeli aňa çenli” atly bölümçeler işledi.

No image
«DAŞARY ÝURT ERTEKILERINE SYÝAHAT» TEMASYNDAN «ÜÇ AÝY» ATLY RUS ERTEKISI BOÝUNÇA SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

14.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 12-nji çagalar bagynda «Daşary ýurt ertekilerine syýahat» temasyndan «Üç aýy» atly rus ertekisi boýunça söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmen söhbetdeşligiň dowamynda körpeje balalara suratlaryň üsti bilen gyzykly edip ertekini okap berdi. Suratly erteki kitaplaryň üsti bilen körpeleriň aň-zehinini ösdürmek, olaryň söz baýlygyny artdyrmaga kömek edýär. Hünärmen söhbetdeşlikde çaga diline düşnükli bolan ertekilerde beýan edilýän ýagşy, erbet (ýaramaz) gylyk-häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda körpejelere durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşygynda bolmak, her bir ýerde–çagalar bagynda, mekdepde hem birek-birege kömek bermek, ululara hormat goýmak, dogruçyl bolmak barada düşünje berildi. Geçirilen çärede kitaphananyň hünärmeni söhbetdeşligiň adyna degişli kitaplardan sergi gurnady. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de olaryň ukyp başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredip, berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
KITAP NURDUR ÖMRÜMIZE ŞAMÇYRAG

Kitaphanalar

14.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029–njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy esasynda «Kitap nurdur ömrümize şamçyrag» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde ata Watanymyzyň hemme taraplaýyn ösüşlerini, kitaphana işiniň we sanly ulgamyň, teleradiýaýlymlaryň, habar beriş serişdeleriniň üsti bilen işjeň wagyz etmek, sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron ulgamyny has-da giňeletmek, halkymyzyň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphana işiniň döwrebap maksatlary bolup, kitaphanalar diňe bir kitaplary okyjylara ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem kämil maglumatlaryň dürli görnüşlerini özünde jemläp, elektron kitaplary we maglumat gorlary ýaş nesiller üçin bilim almagyň möhüm çeşmesi bolup durýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.