logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
KITAP YNSAN KALBYNYŇ ÖÇMEJEK ÇYRAGY

Kitaphanalar

13.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy esasynda «Kitap ynsan kalbynyň öçmejek çyragy» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygyny, kitaphana işiniň kämilleşdirilip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze kitaphanalaryň gurulup ulanylmaga berilendigi we bitewi elektron kitaphanalaryň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphana işi Türkmenistan döwletimiziň bilim, medeniýet we jemgyýetçilik ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy, ýaşlarda kitaba bolan söýgüni artdyrmak, göçme kitap sergilerini guramak, döredijilik işgärleri bilen duşuşyklary, döredijilik söhbetdeşlikleri, wagyz-nesihat işlerini geçirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda kitaphanaçylyk işini ösdürmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAPHANA EKSKURSIÝA BARÝARYS...

Kitaphanalar

13.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna ýakynda A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylary ekskursiýa geldiler. Olary kitaphana hünärmenleri mähirli garşylap kitaphanamyzda hereket edýän bölümler, hem-de olarda alynyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Esasanda «Uly ýaşly okyjylara hyzmat ediş» bölüminiň kitap tekjelerindäki özleriniň ýaş aýratynlyklaryna görä bar bolan kitaplaryň many-mazmuny barada uly gyzyklanma bilen tanyşdylar. Kitaphanada özüňi alyp barmaklygyň kadalary hem-de kitaphanamyzyň hyzmatyndan peýdalanmaklygyň düzgünleri bilen hem ýaşajyk kitapsöýüjilere maglumat berildi. Kitaphanamyzyň diwarlyklaryndaky hemişelik hem-de wagtlaýyn kitap sergileriniň ähmiýeti dogrusyndaky berilen gürrüňler hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Ekskursiýa gelmek bilen kitaphanamyzyň okyjylarynyň sanynyň artmagyna ýardam beren bu günki ýaşajyk okyjylarymyz hem-de olaryň mugallymlary kitaphana hyzmatyndan hem-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän kitap we kitaphana işiniň özleriniň bilim almaklarynyňda ähmiýetiniň ulydygyny bellediler. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim almaklyga, öwrenmeklige döredilýän giň şertler üçin ýaş nesillerimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
«KITAP PAÝHAS ÇEŞMESI» ATLY SORAG JOGAPLY SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

13.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde. Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň 4-nji kitap dükanynda «Kitap Paýhas çeşmesi» atly sorag jogaply söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýaşlardan gelip gowşan kitaphana we kitaphana hakynda gyzykly soraglara kitaphana hünärmenleri tarapynda jogap berildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle döwrebap söhbetdeşlikleri gurnamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
PARAHAT WATANYM–KÖŇÜL BUÝSANJYM

Kitaphanalar

12.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Parahat Watanym–köňül buýsanjym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler parahatçylyk, ynanyşmak we ynsanperwerligiň ählumumy ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň synmaz sütüni bolan bu ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň özenini düzýär. Türkmenistan tarapyndan bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmek, oňyn başlangyçlary öňe sürüp, belent ykrarnama eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda dünýä giňişliginde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ähmiýetiniň örän ýokary bolan döwründe döwletimiziň daşary syýasatynyň binýadynda duran Bitaraplyk nusgalyk taglymyna öwrülendigi barada belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«KEŞT EÝLEÝIP BU JAHANA» ATLY TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY ANNA KOWUSOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 105 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP

Kitaphanalar

12.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Anna Kowusowyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlap “Keşt eýleýip bu jahana” atly çeper okaýyş geçirdi. Kitaphana hünärmeni ussat şahyr Anna Kowusuwyň ömri we döredijilik ýoly barada hem-de onuň kitaplarynyň ýaş nesilleri terbiýelemeklikde tutýan orny, şahyryň goşgularynyň many-mazmuny dogrysynda täsirli gürrüňleri berdi. Şahyryň eserleri çuňňur pikir we giň dünýägaraýyşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Anna Kowusow halklaryň dostlugyny höwes bilen belleýär we türkmen halk döredijiliginiň däplerini ösdürmeklikde döreden eserleri babatynda berilen täsirli gürrüňleri okuwçylar uly gyzyklanma bilen diňlediler. “Ajaýyp surat”, “Ak jerenler”, “Baky dirilik”, “Altyn depeler” atly kitaplaryndan çärämize işjeň gatnaşan okuwçylar goşgulary ýatdan we labyzly aýdyp berip çärämiziň has-da täsirli bolmagyna ýardam etdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar edebiýatymyzy we medeniýetimizi ösdürmäge goşant goşan adamlaryň döredijilik ýolyny öwrenmeklige giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK WE DÖREDIJILIK TAGLYMATYNY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

Kitaphanalar

11.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymatyny dünýä ýaýýar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz rowaçlyklara beslenip, göwünleri galkyndyrýan ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ösüşiň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ýurdumyzda alnyp barylýan giň göwrümli işler halkymyzyň bagtyýarlygyna, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de ähli üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň seresi bolan bu mukaddes ýol-ýörelgeler bagtyýarlyk zamanamyzda has-da pajarlaýandygynyň şaýady bolmak her bir ildeşlerimiz üçin diýseň guwandyryjydygy barada gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝURDUMYZDA GÜÝZKI ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI

Kitaphanalar

10.11.2025

Ýurdumyzda, asylly däbe görä, her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ählihalk bag ekmek dabarasy uly ruhubelentlikde geçirilýär. Munuň özi daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda edilýän tagallalardan habar berýär.Şonuň üçin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da ählihalk bag ekmek dabarasy tutuş ýurdumyz boýunça giňden ýaýbaňlandyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi. Dabaraly çäräniň dowamynda aýdymçylar bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa dünýäde belent şöhrata mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň gözelligi bilen ynsan kalbyna oňyn täsir edýän ýakymly owazlaryň özboluşly sazlaşygyny döredýär. Berkarar ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň her ýylda geçirilmegi mähriban Watanymyzyň çar künjeginiň bagy-bossanlyga öwrülmegini şertlendirýär. Bu işleriň Arkadag şäherinde hem talabalaýyk alnyp barylmagy, täze şäheriň binalarynyň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşygyny üpjün edýär.

No image
DAÝHANYŇ YHLASY–RYSGAL BEREKEDIŇ ÇEŞMESI

Kitaphanalar

10.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Daýhanyň yhlasy–rysgal berekediň çeşmesi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Hasyl toýy her ýylda eziz Diýarymyzda agzybirlikde bellenilip, halkymyzy täze üstünliklere, beýik zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýandygyny, topragymyzyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini hem-de egsilmez rysgalyny alamatlandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň yhlasly zähmetiniň miwesi özboluşly beýan tapýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Berkarar Watanymyzy, agzybir halkymyzy röwşen geljegimize tarap, ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
KITAPHANALAR-PAÝHAS ÖÝI

Kitaphanalar

10.11.2025

Welaýat kitaphanasynyň meýilnamasy esasynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynda «Kitaphanalar-paýhas öýi» atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahata şäher, etrap merkezi kitaphanalarynyň müdirleri, bir bitewi elektron ulgamyna jogapkär hünärmenleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de ata Watanymyzyň hemme taraplaýyn ösüşlerini, kitaphana işiniň we sanly ulgamyň, teleradioýaýlymlaryň, habar beriş serişdeleriniň üsti bilen işjeň wagyz etmek, sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bütewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, halkymyzyň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmek, şeýle-de kitaphanalaryň kamil iş tejribelerini ýurdymyzyň kitaphanalarynyň arasynda ýaýratmak, kitaphanalaryň san hasabatlaryny jemlemek, ýazmaça hasabat meýilnamalaryň ýazylyşy, elektron kitaplary döretmegiň esasy maksady, kitaplary skanerlemek, BEKU ýüklemek, kitaplary döretmek, kitaphanalara okyjylary çekmek, okyjy gündeliklerini ýöretmek tertibi, meýletinçileri hasaba almagyň usullary, köpçülik çäreleri guramak maksady bilen usuly maslahaty geçildi. Şeýle-de gatnaşyjylar kitaphanada guralan giň gerimli kitap sergisine syn etdiler.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «PARAHATÇYLYK SAZY, DOSTLUK DOGANLYK SAZY» ATLY KITABYNDAN

Kitaphanalar

10.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny, äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy» atly kitaby hem türkmen halkynyň pelsepewi dünýäsini açýar. Şeýle-de kitapda türkmen halkynyň millilige, parahatçylyga bolan söýgüsi, saz-sungaty, özboluşlylygy bilen jemlenendigi barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.