logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Lebap welaýatynda goşa baýram goşa toý

Muzeýler

01.09.2026

Bu gün bütin ýurdymyzda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň nurana we şanly baýramlarynyň biri bolan Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabaralara beslenip bellenilýär. Indi 2007-nji ýyldan bäri giň gerimde bellenilýän bu şanly sene diňe bir täze okuw ýylynyň başlangyjy bolman, eýsem ýurdymyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanýan belent sepgitleriniň we röwşen geljeginiň aýdyň nyşanydyr. Döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň barha golaýlaşýan günlerinde eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän şanly hem-de taryhy wakalar ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Ýurdymyzyň ähli künjeklerindäki ýaňlanan ilkinji jaň sesleri täze üstünlikleriň we kämilleşmegiň täze tapgyrynyň başlandygyny buşlady. Şu ýylky baýramçylygyň iň şanly wakalarynyň bir Gündogar sebitimizde Lebap welaýatymyzda ýurdymyzyň iň baýry ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze döwrebap binalar toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegidir ,,Nahal” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan joşgunly Amyderýanyň boýunda 26 gektar giň meýdanda gurlan bu ajaýyp bilim şäherçesi milli binagärlik sungatymyz bilen döwrebap arhitekturanyň nepis utgaşmasyna öwrüldi.Ýeri gelende buýsanç bilen belläp geçsek bu ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynda döwrebap muzeýiň gurulmagy mugallymlaryň hem-de talyplaryň taryhymyz hem-de milli gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmäge örän ähmiýetlidir. Bu ajaýyp muzeý diňe bir ylym ojagynyň köpýyllyk şöhratly taryhyny gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem talyp ýaşlaryň taryhy we medeni dünýäsini baýlaşdyrjak hakyky şamçyraga öwrüler. Muzeýde ýerleşdirilen taryhy resminamalar, milli gymmatlyklar halkymyzyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän gymmatly eksponatlar nurana geljegiň bagtyýar ýaşlarynda watana hem-de milli gymmatlyklara bolan söýgimizi has-da pugtalandyrar. Taryhyň medeniýetiň döwrebap sanly ulgamlar bilen utgaşyp gidýän bu mukaddes künjegi talyplaryň ylmy-gözleg we terbiýeçilik işlerinde iň esasy gollanma bolar. Welaýatymyzyň baýramçylyk şatlygy diňe bir munuň bilen çäklenmedi Çärjew etrabynda hem ähli amatlyklary özünde jemleýän iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze umumy bilim berýän mekdep dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Bu taryhy baýramçylyk günündäki goşa baýram goşa toýa öwrülen açyşlar gündogar sebitiň ylym- bilim kuwwatynyň belent sepgitlere ýetýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bedew batly ösüşlere beslenýän zamanamyzda okamaga öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekip milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary, sag belent başlary aman tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin. Gülälek Batyrowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

No image
Şekillendiriş sungatynda Watan waspy

Muzeýler

31.08.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de muzeýiň ilkinji zenanlar guramalarynyň bilelikde guramagynda, «Şekillendiriş sungatynda Watan waspy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde zenanlara goýulýan sarpa, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, ýurdumyz we halkymyz üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän ýokary derejeli taýýarlyk işleri hakynda söhbet edildi. Şeýle hem, dürli pudaklarda göreldeli zähmetiň belent nusgasyny görkezen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna halal zähmet çeken ildeşlerimize döwlet sylaglarynyň dabaraly gowşurylyp, hormatly atlaryň dakylýandygy barada çykyş edenler nygtadylar. Şonuň ýaly-da çykyşlarda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak, bu mukaddes baýrama görülýän ýokary guramaçylykly taýýarlyk işleri hakynda aýratyn bellenildi.

No image
Bilimli ýaşlar – Watanymyzyň daýanjy

Muzeýler

29.08.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Watanymyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyklaryň we dabaralaryň sany gün-günden artýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň oňaýly ýaşaýyşy üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara hem aýratyn üns berilýär. Olaryň ýeterlikli derejede bilim alyp, üstünlikli käriniň eýesi bolup ýetişmekleri üçin bolsa ähli şertler bar. Ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklaryň biri hem Bilimler we talyp ýaşlar günidir. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ylmy-amaly maslahatlar geçirilip, ýurdumyzyň gazanylan üstünlikleri, täze orta mekdepleriň we ýokary okuw jaýlaryň gurlup berilmegi dogrusynda çykyşlar geçirilýär. Ýaş nesil suratkeşler hem sungatyň ähli ugrunda halypalaryň öwüt-nesihatlaryna eýerip, bilim alýarlar. Geçen asyrda düýbi tutulan türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhyny öwrenip ýaş suratkeşler her bir sungat eserinde türkmen halkynyň taryhyny, sungatymyzy, däp-dessurlary, milli mirasyny beýan edýärler. Her ýyl däp bolşy ýaly Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli “Bilimli ýaşlar – Watanymyzyň daýanjy” atly sergi gurnaldy. Sergide türkmen şekillendiriş sungatynyň düýbini tutan halypalaryň bilim hakyndaky taslama eserleri, halypa mugallymlaryň portretleri, şeýle hem grafika we heýkel eserleri sergilendi.

No image
Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet

Muzeýler

26.08.2026

Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan durnukly ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän medeni syýasat halkymyzyň köpasyrlyk milli häsiýetlerine, ynsanperwer ýörelgelerine we gadymy däp-dessurlaryna daýanýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesine hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyklar görülýär. 25-nji awgustda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet» atly döredijilik söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym bölüminiň başlygy, şahyr Sähragül Janmämmedowa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni Aýjemal Rahimowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby, şahyr Nursoltan Derýaýewa dagy gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde, ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, medeniýet ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün edilýär. Şeýle hem, ýurdumyzda atçylygy, atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda gazanylýan uly üstünlikleri dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bularyň ählisi medeniýet ulgamynyň işgärleriniň kalbynda egsilmez ylhama, çäksiz joşguna öwrülip, täze, kämil eserleri döretmäge has-da döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge ganatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda dostlukly döwletleriň Medeniýet günleri, şeýle hem, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri yzygiderli geçirilip, dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlyklar has-da pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber goldaw-hemaýatlary, çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň zähmetine mynasyp baha berilýär, olaryň kämil eserleri döretmekleri üçin ähli şertler döredilýär, dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi netijesinde il içinden täze zehinler ýüze çykarylýar. Munuň özi Garaşsyzlygymyzyň eçilen miweleridir – diýip, çykyş edenler giňişleýin bellediler. Söhbetdeşlikde eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, muzeýde alnyp barylýan işler hakynda muzeýiň hünärmeni Aýjemal Rahimowa gürrüň berdi. Şahyrlar döredijilik söhbetdeşliginiň dowamynda ajaýyp goşgularyny okap berdiler. Döredijilik söhbetdeşligine gatnaşanlar, milli medeniýetimiziň gülläp ösmegi we dünýä ýaýylmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
«Milli mirasymyza sarpa» atly sergi

Muzeýler

26.08.2026

Golaýda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasymyza sarpa» atly sergi gurnaldy. Sergide meşhur türkmen halylary we haly önümleri, taryhy gymmatlyklarymyz, türkmeniň milli saz gurallary, türkmen bedewiniň heýkelleri, sünnälenip nepis ýasalan at esbaplary, milli lybaslar, şaý-sepler sergilendi. Bu gymmatlyklaryň her birinde halkyň dünýägaraýşy, tebigata bolan söýgüsi we çeperçilik zehini jemlenendir. Gadymyýetden gözbaş alýan türkmen medeniýeti halkymyzyň beýik taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň hem-de ruhy gymmatlyklarynyň şöhratly waspnamasydyr. Milletimiziň özboluşly mirasy aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gymmatly ruhy hazynadyr. Sergä Arkadag şäheriniň ýaşululary Tejenguly Garapetow, Muhammetöwez Pöwwäýew, mährem eneler Amansoltan Annaçaryýewa, Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymy Gurbanbibi Akmyradowa, şeýle hem, Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmenleri, bank we muzeý işgärleri gatnaşdylar. «Milli mirasymyza sarpa» atly sergi diňe bir taryhy gymmatlyklaryň toplumy bolman, eýsem, türkmen halkynyň ruhy dünýäsine syýahat etmekden, milli mirasymyzy öwrenmekden ybaratdyr.

No image
Göçme sergi

Muzeýler

24.08.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdan milli mirasymyza goýulýan sarpa has-da belende göterilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi, muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergisini gurnady. Sergide türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz goýan halypalaryň portret žanrynda ýerine ýetirilen eserleri sergä gelen myhmanlarda uly täsirleri galdyrdy.

No image
Döwletliligiň berk binýady

Muzeýler

24.08.2026

Bu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meseleleri, Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek we bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak häzirki wagtda esasy wezipeleriň biridigi dogrusynda muzeýiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Onuň ahyrynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi. Söhbetdeşlik «Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

No image
Taryhy gymmatlyklar – gadymyýetiň syrly sahypalary

Muzeýler

21.08.2026

Türkmen halkynyň örän baý we köptaraply milli taryhy-medeni mirasy bar. Biziň ata-babalarymyzyň geçen müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant boldy. Olaryň şol uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy-medeni gymmatlyklary dürli-dürli ýadygärlikler görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmeniň baý taryhly geçmişine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu ugurda düýpli işler alyp barmaga ähli mümkinçilikler döredildi. Täze gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan açyşlar türkmen taryhynyň häzire çenli belli bolmadyk sahypalaryny ýüze çykardy. Bu açyşlar bilen taryhymyzyň gatlary baýlaşdyrylýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Taryhy gymmatlyklar – gadymyýetiň syrly sahypalary» atly sergi guraldy. Bu sergide Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalaryndan hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan tabşyrylan taryhy gymmatlyklar ilkinji gezek görkezilýär. Sergide «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasyndan tapylan gymmatlyklardan eneolit döwrüne degişli bolan nagyşly keramiki gaplar we gabyň bölekleri, zenan heýkeli, haýwan heýkelleri, oýnawaç, arabanyň bölegi we möhür ýaly birnäçe taryhy gymmatlyklary synlap bolýar. «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasyndan tapylan gymmatlyklaryň içinde küýze böleginiň ýüzünde zenan şekili çekilen gymmatlyk täsinligi bilen tapawutlanýar. Şekiliň çeperçilik taýdan ýerine ýetirilişi şol döwrüň surat çekmek we keramikany bezemek däpleriniň ösendigini görkezýär. Şeýle-de keramiki gymmatlyklar diňe bir hojalyk önümleriniň bölegi bolman, eýsem şol döwrüň keşbi, bezeg medeniýeti we çeperçilik düşünjeleri barada hem maglumat berýän arheologik çeşmedir. Serginiň dowamynda bina bezeg bölekleri bolan freskalar, metopalar hem-de toýun gaplary görmek bolýar. «Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasyndan tapylan gymmatlyklaryň içinde Aleksandr Makedonskiniň şekili çekilen kümüş teňňe, toýundan ýasalan itiň we horazyň şekiljigi hem-de toýun çyraglary görmek bolýar. Günbatar Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Dehistan arheologik ýadygärligine mahsus bolan X-XII asyrlara degişli bolan bişen toýundan, altynsow öwüşgin berlip ýasalan çeper keramiki önümleri bolan küýze, tabak, şakäse, okara ýaly gaplar sergide aýratyn orna eýedir. Orta asyrlara degişli bolan metal önümleri hem serginiň dowamynda görmek bolýar. Olardan ýarymaý şekilli bürünçden ýasalan, daşy çyzma usulynda, dürli görnüşli nagyşlar bilen kaşaň bezelen gutyjyk sergä aýratyn bezeg berýär. Şeýle-de sergide gapagyna guşuň şekili berilip, daşy haşamlanyp bezelen aýakly küýze hem-de birnäçe asma gazanlar görkezilýär. Sergide metaldan ýasalan at naly bolsa türkmen jemgyýetinde atçylyk medeniýetiniň ösüşini şöhlelendirýän taryhy tapyndy bolup durýar. Nal atyň toýnagyny goramak we uzak ýollarda hereket etmegini ýeňilleşdirmek üçin ulanylypdyr. Bu tapyndy bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky uly ornuny görkezýär. Bu sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Paryzdepe we Şährislam ýadygärliklerinde geçiren gazuw-barlag işleriniň netijesinde tapylan syrçaly we syrçasyz keramiki gaplar hem sergimiziň görnükli ýerinde öz ornuny tapdy. Dürli görnüşli gaplar özleriniň taýýarlanyş usuly, syrçasynyň reňki, bezeg nagyşlary we görnüşleri bilen orta asyr küýzegärçilik senetçiliginiň ösen derejesini görkezýär. Şeýle hem sergide Paryzdepe ýadygärligine degişli bolan binanyň bezeg bölekleri gadymy galalaryň taryhy keşbini, gadymy gurluşyk medeniýetini görkezýän möhüm gymmatlyk bolup durýar.

No image
«Şöhratly taryhymyz – milli mirasymyz» atly maslahat geçirildi

Muzeýler

21.08.2026

Ýakynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Şöhratly taryhymyz - milli mirasymyz» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Göwher Muhammetgulyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umida Kakaýewa, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Mährigözel Atdaýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň birleşmesiniň Arkadag şäheriniň komitetiniň partiýa guramaçysy Bägül Kulamanowa çykyş etdiler. Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan baý taryhy, medeni mirasy we şöhratly geçmişi bilen dünýä siwilizasiýasyna uly goşant goşan gadymy halklaryň biridir. Halkymyzyň milli medeniýeti köpasyrlyk taryhy hem-de baý ruhy mirasy özünde jemleýän gymmatlykdyr. Ol halkyň durmuş ýoluny, däp-dessurlaryny, sungatyny we edebiýatyny şöhlelendirip, milli özboluşlylygyny kemala getirýär. Muzeýler halkyň taryhynyň, medeniýetiniň, sungatynyň we milli gymmatlyklarynyň goralyp saklanýan, öwrenilýän hem-de geljekki nesillere geçirilýän esasy medeni ojaklaryň biridir. Medeni miras — bu bir halkyň ýa-da jemgyýetiň taryhyň dowamynda döreden, nesilden-nesle geçirilip gelýän ähli taryhy, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň toplumydyr. Oňa taryhy ýadygärlikler, binagärlik desgalary, arheologik tapyndylar, gadymy golýazmalar, milli egin-eşikler, halylar we zergärçilik sungatynyň eserleri degişlidir. Muzeýler – geçmiş bilen geljegiň arasynda berk baglanyşyk döredýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde taryhy-medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek, olary öwrenmek we dünýä ýüzüne ýaýmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly taryhy ýadygärliklerimiz sebitleýin we ählumumy siwilizasiýanyň möhüm merkezleri hökmünde yglan edildi. Türkmen milli medeniýeti diňe bir geçmişiň mirasy bolman, eýsem, halkyň geljege bolan ynamyny hem-de ruhy kuwwatyny saklap gelýän beýik binýatdyr. Maslahata gatnaşanlar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynda saklanýan şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinden şeýle hem, sowgatlyklardan gurnalan sergini synladylar. Sergi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we onuň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryna goşýan goşandyny söhlelendirdi. Şeýle hem, maslahatyň dowamynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli aýdym-sazlary ýaňlandy.

No image
Muzeýler döwürleriň nurana keşbi

Muzeýler

21.08.2026

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Türkmenistan Watanymyzda ýurdy innowasiýalaşdyrmak, sanly ulgama geçmek we mümkinçiligini giňişleýin işe ornaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, sanly ulgama geçmek dünýäniň ösüşiniň esasy şertleriniň biridir. Ol biziň gündelik durmuşymyza hem-de işimize ornaşýar, kommunikasiýa mümkinçiliklerimizi giňeldýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, halk hojalygynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, bilim, sport, medeniýet, saglyk we sanly ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça döwrebaplaşdyrmak, sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmek, ösdürmek babatda giň gerimli işler ýerine ýetirilýär. Muzeýlerde döwrebap işleri durmuşa geçirmäge ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, sanly ulgama doly geçmek, häzirki zaman informasion tehnologiýalaryň ösmegi, maglumatlaryň elýeterligine daýanýan sanly ulgam, muzeý işinde hem özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzyň muzeýleri bilen gyzyklanýan her bir adam üçin internet torunyň işlendik birikdirilen nokadyndan wideoşekiller arkaly syýahat edip bilmeklik mümkinçiligi bolsa, türkmen halkynyň taryhyny, milli medeni mirasyny, medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmaga döredilen şertleriň biri bolup durýar. Şu gün Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurnamagynda, “Muzeýlere sanly ulgamy ornaşdyrmagyň häzirki zaman tejribesi” atly okuw maslahaty geçirildi. Ýurdymyzda hereket edýän muzeýleriň işiniň has-da kämilleşmegine sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmaga, muzeý gaznasyny milli gymmatlyklar bilen baýlaşdyrmaga bagyşlanan maslahatyň dowamynda täsirli hem-de buýsançly gürrüňlere giň gerim berildi. Maslahata gatnaşyjylar Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde muzeý gymmatlyklaryndan düzülen baýramçylyk sergisi bilen hem ýakyndan tanyşdylar. Ýurdymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen üstünlikleriň milli gymmatlyklaryň üsti bilen beýan edýän bu sergi myhmanlarda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrdy. Dabaraly maslahatyň we sergi bilen tanyşlygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany, asuda we eşretli durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler.