logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
HALKYŇ SESI-DÖWLETIŇ KUWWATY

Muzeýler

24.09.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda merdana halkymyz Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen giňden belleýär. Mukaddes Garaşsyzlyk ýaş nesiller üçin hem bagtyň gapysyny giňden açdy. Olara okamaga, öwrenmäge, şol sanda dünýäniň ösen ýurtlarynda-da döwrebap bilim almaga, zehin-başarnyklaryny doly açyp görkezmeklerine, Watanymyzy gülledip ösdürmäge öz goşantlaryny goşmagyna örän uly mümkinçilikler döredi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge ýakyndan gatnaşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermek boýunça degişli işleri durmuşa geçirýär. Halk demokratiýasynyň bu kadasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orny eýeleýär. Raýatlarymyzyň watan söýüjiligi, häkimiýet bilen halkyň mizemez bitewüligi bolsa döwlet durmuşynyň binýady, kämil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň esasy bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak babatda tagalla edilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpg641116165165.jpg) Türkmen halky üçin ykbal kesgitleýji iň möhüm, iň bagtly sahypalarynyň biri hem mukaddes Garaşsyzlygyň gazanylmagydyr. Bu ähmiýetli waka mynasybetli, Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjy wekiller Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýini görmäge geldiler. Myhmanlaryň ilkinji syýahatlary türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri bolan, Döwlet muzeýinde aýawly saklanylýan gyzyl kürtäni, gülli joraby, alaja we alaja işmekdäki iş guralyny synlamak bilen başlandy. Muzeýiň hünärmenleri myhmanlara türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhy barada, behişdi bedewleriň ýyndamlygy, gözelligi barada, türkmen topragynyň tebigy baýlyklary we etnografiýa bölüminde bar bolan XIX asyryň ahyry XX asyryň başy bilen milli gymmatlyklary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Ýaşulular geňeşiniň agzalary muzeýe aýlanyp görüp, muzeýde saklanylýan gymmatlyklaryň ýaşlaryň aňynda terbiýeçilik, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi goldamak babatda agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge uly ýardam berýändigini belläp geçdiler. Eden işi nusgalyk, parasatly gojalarymyzyň miras goýan senedine, enelerimiz nepis keşdeçilik sungatyna halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy çäksizdir. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzy ýürekden söýmegi, ata-enä hormat goýmagy, halal ýaşamagy ündeýän ýaşuly nesillerimize hormatymyz örän uludyr.

No image
Ruhy mirasymyzyň hazynasy

Muzeýler

24.09.2026

Taryh – bu diňe bir geçmişiň ýazgylary däl, eýsem halkyň ruhy baýlygy hem-de geljege galdyrylan mukaddes mirasdyr. Şol mirasy gözüň göreji deý saklap geljek nesillere ýetirýän Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň açylanyna bu ýyl 15 ýyl boldy. Gündogar Türkmenistanyň medeni we taryhy merkezleriniň birine öwrülen muzeýimiz 15 ýyl bäri ildeşlerimize we şäherimiziň myhmanlaryna ak ýürekden hyzmat edip gelýär. Her bir eksponatda taryhyň syrly sesi eşidilýän geçmiş bilen şu güniň arasynda berk köpri bolup duran medeniýet ojagymyz özüniň 15 ýyllyk ýubileýini belleýär. Gurluşyk taryhyna seretsek 1967-nji ýylda Muzeýiň ilkinji ýerleşen ýeri Hajy Mälik metjidi bolupdyr. Bu bina kerpiçden we daşdan gurlan özboluşly gümmezli we çasly diňjagazlary bolan dabaraly arhitektura ýadygärligidir. Muzeý Türkmenabat şäheriniň merkezinde gadymy binada ýerleşip iki gatdan hem-de üç bölümden ybarat bolupdyr. 1967-nji ýylda muzeý açylanda ilki diňe çeperçilik sergileri we medeni çäreler geçirilipdir. Soňra Lebabyň dürli künjeklerinden adamlaryň öz ata-babalaryndan galan gadymy gap-gaçlary, milli egin-eşikleri, köne kitaplary we arhiw resminamalary bu ýere getirmegi bilen muzeýiň gaznasy baýlaşypdyr. Şol döwürde taryhçy Albert Burhanowyň ýolbaşçylygynda Amyderýa boýundaky gadymy ýerlerde Amul galasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan köp sanly arheologik tapyndylar hem hut şu binada jemlenipdir. Sowet döwründe bu taryhy metjit binasy ülkäni öwreniş muzeýi hökmünde hyzmat edip şäheriň gelim gidimli ýerleriniň biri bolupdyr. Köne binanyň otaglary uly bolmanlygy sebäpli ekspozisiýalar dykyz we özboluşly ýerleşdirilipdir, galalardan tapylan tapyndylar köne binanyň iň esasy zallarynyň biri bolan Arheologiýa zalynda ýerleşdirilipdir. Ol ýerde gazuw agtaryş işlerinde tapylan uly hum küýzeler syrçaly we galyň diwarly gadymy jamlar aýratyn aýna gaplarda goýlupdyr. Syýahatçylaryň hem-de bu ýere gelýänleriň iň köp ünsüni çeken zatlaryň biri hem Amuldan tapylan ýüzüne burma şahly sugun şekillendirilen toýun möhürler hem-de şol döwür ulanylan mis we kümüş şaýy pullaryň toplumy bolupdyr. Çärjew şäherinde düýbi tutulan bu medeniýet mekany gündogar Türkmenistanyň çägindäki ilkinji uly muzeý bolup, ol sebitleýin taryhyň we medeniýetiň baş mukaddesligine öwrüldi. Amyderýanyň altyn akymy diňe bir topraga bereket däl eýsem bu mekanda ýaşan ata-babalarymyzyň baý taryhyny we medeniýetini gürrüň berýär. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bolsa şol baý mirasy öz goýnunda mähir bilen saklaýan geçmişiň syrly sahypalaryny şu günki nesillere ýetirýän hakyky bilim we medeniýet ojagydyr. Taryhy gyzykly bolan bu köne bina Türkmenabat şäheriniň taryhy we binagärlik ýadygärligi hökmünde heniz hem öz gymmatyny ýitirmän saklaýar. 2010-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykaran kararyna laýyklykda 2011-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-e Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde dabaraly ýagdaýda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi açylyp ulanylmaga berildi. Ähli amatlyklary bolan bu bina 3 gatdan, 5 sany bölümden ybarat bolup, muzeýde ,,Garaşsyzlyk”, ,,Arheologiýa”, ,,Etnografiýa”, ,,Şekillendiriş sungaty”, ,,Tebigat” zallary hereket edip, taryhy eksponatlar bilen birlikde fotosuratlar hem-de maglumatlar bilen ýakyndan tanyşyp bolýar. Häzirki wagtda milli gymmatlyklarymyzyň 23024 gowragy saklanyp muzeý gaznasy has-da baýlaşdyrylýar. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bolsa şol baý mirasy öz goýnunda mähir bilen saklaýan geçmişiň syrly sahypalaryny şu günki nesillere ýetirýän hakyky bilim we medeniýet ojagydyr. Muzeý diňe bir eksponatlaryň ýeri bolman, eýsem ylmy-öwreniş we terbiýeçilik merkezidir. Geçen ýyllaryň dowamynda muzeý gazanasy has-da baýlaşyp müňlerçe ekskursiýalar, mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz bilen bilelikde dürli söhbetdeşlikler, gyzykly gezelençler şeýle-de muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklaryndan düzülen sergiler düzüldi. Halypa muzeý işgärleriniň hem-de olaryň şägirtleri arman-ýadaman bagtyýar zamanamyzdan ruhlanyp yhlasly zähmet çekýärler. Biz hem öz gezegimizde Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurulup ulanylmaga berilmeginiň 15 ýyllyk şanly senesi bilen ähli muzeý işgärlerini tüýs ýürekden gutlaýarys. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap muzeýde işlemäge döredijilikli zähmet çekip, milli mirasymyzy giňden wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Gülälek Batyrowa – Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi

No image
Dünýäde iň kämil döredilen eser ene hüwdisidir

Muzeýler

23.09.2026

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Dünýäde iň kämil döredilen eser ene hüwdisidir» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmen halk döredijiliginiñ in bir giñ ýaýran we her bir türkmen adamsyna gönüden-göni dahylly şahyrana görnüşleriñ biridir.Hakykatdan hem, enäniň ak süýdi bilen ganyňa siňýän hüwdi — dünýäde iň belent Sazdyr, iň belent Eserdir. Ol hiç bir saz guralyna ýetdirmeýän, diňe ýürekden çykyp ýürege ýetýän mukaddeslikdir. Çaganyň ilkinji diňleýän söýgi senasy, gelejege bolan ak arzuwlaryň sarsmaz binasydyr. Enäniň hüwdisi — bütin dünýäniň parahatlygyny, mährini we söýgüsini özüne jemleýän iň kämil sungatdyr. Ol diňe bir çagany ýatyrmak üçin däl, eýsem onuň kalbyna ynsanlygy, ahlak gözelligini guýmak üçin aýdylýan mukaddes senadyr. Halkymyz ýaş nesli edepli, edep-tertipli, zähmetsöýer, ar-namysly, watansöýüji, halal, görüm-göreldeli edip ýetişdirmek üçin alada baryny edýär. Asyrma-asyr gelýän şeýle asylly meseläni amala aşyrmakda edebiýatdyr folklor, şol sanda hüwdüler hem mynasyp orun tutýar. Gelin-gyzlaryñ şahyrana döredijiliginiñ bu görnüşi aýal-gyzlaryñ çaga bolan çäksiz söýgülerini özünde jemlemek bilen birlikde, olaryñ arzuw-höweslerini-de çeper beýan edýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Watanymyzyň Garaşsyzlygy – ösüşleriň kepili

Muzeýler

22.09.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz, ýeňişlerimiz, berkararlygymyz hem-de bagtyýarlygymyz öz gözbaşyny milli buýsanjymyz bolan Garaşsyzlygymyzdan alyp gaýdýar. Geçen 35 ýylyň dowamynda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi. Bu döwürde Garaşsyz döwletimiziň binýadyny berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin öňde has uly wezipeler goýuldy, täze ösüşlere tarap gadam uruldy. Syýasy durnuklylyk, halkymyzyň agzybirligi, uzak möhletlere gönükdirilen köpugurly maksatnamalar Türkmenistany kuwwatly we ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşdy. Garaşsyzlyk güni halkymyz üçin beýik baýramçylykdyr. Çünki Garaşsyzlyk okgunly ösýän döwletimiziň mizemez binýadydyr. Ol bize ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, baýlaşdyrmaga, ösdürmäge, şeýle hem parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi dünýäde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi. Baş baýramymyz Watanymyzyň garaşsyz ösüşiniň täze taryhy eýýamyny, beýik üstünliklerini alamatlandyrýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Watanymyzyň Garaşsyzlygy – ösüşleriň kepili” atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, Döwlet baýdagymyz, tugramyz we hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk barada aýdan parasatly sözleri bilen başlanyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri suratlandyrýan fotosuratlar bilen dowam edýär. Sergide Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda aýry-aýry pudaklarda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri barada gürrüň berýän fotosuratlara we maglumatlara esasy orun berilýär. Mundan başga-da sergide hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik we sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden ajaýyp şekilli halylary we haly önümleri şeýle-de türkmen suratkeşleriniň bagtyýar döwrümizi we ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän ajaýyp surat eserlerine esasy orun berilýär.

No image
“Arkadag şäheri: innowasion ösüşleriň nusgalyk keşbi” atly duşuşyk

Muzeýler

17.09.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasy amatly maýa goýum gurşawyny döretmegi, halkara maliýe düzümleri, sebit banklary bilen netijeli, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi, iri maýa goýumlary çekmegi hem-de infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär. Innowasion şäher gurluşygynyň ykrar edilen nusgasy bolan täsin şäher iň soňky maglumat tehnologiýalarynyň we özboluşly binagärlik çözgütleriniň toplumyny özünde jemleýär. Şunda Arkadag şäheriniň halkara guramalaryň, belli daşary ýurt kompaniýalarynyň 20-den gowrak güwänamasyna we diplomlara mynasyp bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Geçen ýyl bu şäher Koreýa Respublikasynda geçirilen “World Smart City Expo” halkara sergisiniň “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklaryna mynasyp boldy. Mundan başga-da, oňa Wena şäherinde ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil babatda “Hil saýlawy — 2024” nyşany bolan “Diamond” derejesi berildi. Munuň özi Arkadag şäheriniň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde-de ykrar edilen “akylly” şäher hökmünde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täsin şähergurluşyk taslamasy — Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheri ýaşaýjylara bagtyýar we abadan ýaşaýyş üçin ähli şertleri üpjün etmek bilen, täze, döwrebap desgalaryň gurulmagy netijesinde barha ösýär. Gurluşyk ulgamyndaky döwrebap tehnologiýalar Arkadag şäherinde netijeli ulanylýar. “Akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi bilen, innowasiýalar, ýokary medeni gurşawy we maýa goýum işjeňligi bolan şäher öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basýar- diýip, duşuşykda çykyş edenler bellediler.

No image
HALK BAGTYÝAR – DÖWLET BERKARAR

Muzeýler

10.09.2026

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Döwlet we halk agzybirligi: Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň il sylagly ýaşululary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hünärmenler we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşyp, döwlet we halk agzybirliginiň ýurduň ösüşine berýän goşantlary barada öz garaýyşlaryny paýlaşdylar. Maslahatyň esasy maksady ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda Halk Maslahatynyň tutýan orny we döwlet bilen halkyň agzybirliginiň ähmiýetini wagyz etmäge gönükdirildi. Onda täsirli çykyşlar guralyp, Halk Maslahatynyň kararlarynyň halkyň isleg-arzuwlaryna we millilige esaslanýandygy, döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde jemgyýetiň agzybirliginiň uly ähmiýetiniň bargydy bellenip geçildi. Muzeýde geçirilen bu maslahatda Türkmenistanyň döwletlilik däpleriniň baý taryhy we täze gurlan «akylly» Arkadag şäheriniň ähmiýeti barada çykyşlar edildi. Döwlet bilen halkyň agzybirligi, özara ynamy we agzybirlikde işlemegi milli ösüşiň, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň düýp binýadydyr. Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda Halk Maslahaty adalatlylygy, halk häkimiýetliligini we milli demokratik ýörelgeleri dabaralandyrýan iň ýokary wekilçilikli guramadyr. Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelen maslahatlaşmak, geňeşmek we bilelikde çözgüt kabul etmek ýaly köne we asylly ýörelgelerini häzirki zaman döwlet gurluşy bilen sazlaşdyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we dürli käriň eýelerinden bolan wekiller bu mejlislere gatnaşyp, döwlet we jemgyýet üçin möhüm meseleleri açyk we demokratik esasynda maslahatlaşýarlar. Raýatlaryň döwlet dolandyryşyna gönüden-göni gatnaşmagyna mümkinçilik döredilip, halkyň isleg-arzuwlary milli maksatnamalara girizilýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sungat we beýleki ugurlary ösdürmek, sanly ulgamy girizmek we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wajyp çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatyny goldamak we milli bähbitleri dünýä derejesinde goramak boýunça netijeli kararlar berilýär. Halk Maslahaty ýaş nesli watançylyk, arassa ahlaklylyk we ylym-bilim ruhunda terbiýelemek meselelerine hem aýratyn üns berýär. Ýaşlaryň döwlet syýasatyndaky we jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny artdyrmak, olaryň döredijilik we ylmy ukyp-başarnyklaryny goldamak meselesine hem Maslahatda uly orun berilýär. Halk Maslahaty — Türkmenistanda agzybirligiň, köpýyllyk adalatly maslahatlaşmak däpleriniň we häzirki zaman ösüşiniň sazlaşykly birleşmesidir. Ol döwlet bilen halkyň arasyndaky berk köpri bolup, ýurdumyzyň durnukly gülleýşine hem-de halkymyzyň bagtyýar geljegine hyzmat edýär. Maslahata gatnaşan myhmanlar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynda saklanýan şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinden şeýle hem sowgatlyklardan gurnalan sergini synladylar. Sergi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we onuň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryna goşýan goşandyny şöhlelendirdi. Baýmyrat Baýmyradow, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.

No image
Bedew bady bilen galkynan Diýar, şanly Garaşsyzlyk toýuna barýar!

Muzeýler

04.09.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy, döwletimiziň ykdysady hem-de syýasy kuwwatynyň has-da artýan şöhratly eýýamydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ata Watanymyz asyrlara barabar beýik menzilleri geçip, ähli ugurda bedew batly ösüşler gazanyldy we halkara giňişliginde ykrar edilen belent sepgitlere ýetildi. Garaşsyzlyk-bu biziň iň uly baýlygymyz, at-abraýymyz we mizemez binýadymyzdyr. Bu mukaddes baýram türkmen halkynyň agzybirliginiň, bitewüliginiň, erkanalygynyň we döredijilik güýjiniň dabaralanmasydyr. Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy özeni, baş maksady “Döwlet adam üçindir!” hem-de “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer, beýik ýörelgelerden ugur alýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler we ajaýyp ýeňişler her bir türkmenistanlynyň kalbynda çuňňur buýsanç duýgusyny döredip, täze zähmet ýeňişlerine, beýik işlere ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler we ýurdumyzyň ýagty geljegine gönükdirilen beýik işler türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň mizemez kepilidir. Şöhratly taryhymyzyň täze sahypasyny açýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy eziz Diýarymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde has-da belende göterýär. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Çärjew etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli ,,Garaşsyzlyk biziň milli buýsanjymyz, ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan berkararlyk binýadydyr” atly maslahat geçirildi. Welaýatyň il sylagly ýaşuly nesliniň wekilleriniň bilim we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda geçirlen maslahat täsirliligi bilen tapawutlandy. Maslahata gatnaşyjylar muzeýde baýramçylyk mynasybetli gurnalan sergä uly ruhubelentlikde tomaşa etdiler. Olar maslahatyň hem-de sergi bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikler, şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Gülnur Pygamowa, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.

No image
Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik

Muzeýler

04.09.2026

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşik guraldy. Gepleşikde çykyş edenler, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen umumy okuw sapagynyň ähmiýeti hakynda giňişleýin durup geçdiler. Milli Liderimiziň ýiti paýhasynyň, durmuş tejribesiniň halkymyzy, ýaşlary beýik işlere ruhlandyrýandygy baradaky söhbetler hem gepleşigiň özenini düzdi. Oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň edepterbiýesi, maşgala gymmatlyklary, milli mirasymyz, beýik şahsyýetlerimiz barada hem durup geçip, alym Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda sözlän sözlerini uly buýsanç bilen nygtadylar. Iň gymmatly mirasyň terbiýedigini bellediler. Milli Liderimiziň milli edep-terbiýämizde halkymyzyň ynsanperwerlik, päklik, ruhubelentlik, kiçi göwünlilik, mertlik, dogry sözlülik ýaly ahlak gymmatlyklarynyň jemlenendigini hem-de zähmet terbiýesine aýratyn üns berlendigini ýaşlara aýtmagy, türkmen halkynyň köp müňýyllyk baý taryhynda milli gymmatlyklarymyzy, ýörelgelerimizi gorap saklamakda hem-de nesilden-nesle geçirmekde zenanlarymyzyň eýeleýän ornunyň uludygyna şaýatlyk edýär. Zenan eli degen her bir işde ajaýyp bir nepislik, gaýtalanmajak gözellik we ýylylyk bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem gelin-gyzlarymyzyň döredijilikli zähmeti, el hünäri milli medeniýetimiziň bezegidir. Inňä sapak ötürilip, mata geçirilen her bir ilme, haly çitimlerine siňdirilen her bir hyýal – bu diňe bir zähmet däl, eýsem, hakyky sungatdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň elinden çykan keteni köýnekler, begresler, nepis keşdelenen ýakalar hem-de gözüňi dokundyrýan halylar dünýä medeniýetinde özüne mynasyp orun eýeleýär. Enelerimiziň gyzlaryna, mamalarymyzyň agtyklaryna öwredýän el hünäri terbiýe mekdebi bolup durýar. Türkmen zenany eline inňe-sapak alanda diňe bir bezeg döretmän, eýsem, öz ýürek mährini, arzuw-umytlaryny siňdirýär. Keşdedäki her bir nagyş özüne mahsus mana eýe. Şonuň üçin hem zenan yhlasyndan döreýän her bir iş özboluşly bir nepislikdir. Zenanlaryň yhlasy hem-de döredijilik zehini milli sungatymyzy baýlaşdyrýan tükeniksiz çeşmedir. Olaryň nepis el işleri öýlerimize ýylylyk, köňüllerimize bolsa buýsanç paýlaýar. Bu gepleşik Arkadag teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

No image
Güýz keşbi

Muzeýler

03.09.2026

Bu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen nakgaşlarynyň dürli döwürlerde pasyllara görä döreden birnäçe eserleri, şekillendiriş sungatynda yz goýan görnükli suratkeşlerimiz barada gürrüň berdiler. Her paslyň özüne mahsus gözelligi, reňk öwüşgünleri bolýar. Şeýle gözelligi döredip ony halka ýetirýän hem şekillendiriş sungatynyň ussatlarydyr. Güýz paslynyň özboluşly gözelligini şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde wasp edýändiklerini çykyşlarda beýan etdiler. Bu söhbetdeşlik «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

No image
Bilim – bagtyýarlygyň binýady

Muzeýler

02.09.2026

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan “Bilim – bagtyýarlygyň binýady” atly sergi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary, şeýle hem, ilhalar ynsan, ussat mugallym, watançy Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen keşbi görnükli orun eýeleýär. Mundan başga-da sergide türkmen zergärleriniň ajaýyp sowgatlyk eserleri, çagalaryň okuw pursatlaryndan dokumental arhiw fotosuratlary we häzirki wagtda ýaş nesliň ösen kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanýan pursatlaryny açyp görkezýän fotosuratlar sergilenýär. Şeýle hem, okuw tagtasynyň hala çitilen nusgasy, okuw kitaplary we tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary, barlaghana enjamlary we olaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýän işler barada giň maglumat berilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon-%D0%B2%D0%BE%D1%81%D1%81%D1%82%D0%B0%D0%BD%D0%BE%D0%B2%D0%BB%D0%B5%D0%BD%D0%BE-%D0%B2%D0%BE%D1%81%D1%81%D1%82%D0%B0%D0%BD%D0%BE%D0%B2%D0%BB%D0%B5%D0%BD%D0%BE-%D0%B2%D0%BE%D1%81%D1%81%D1%82%D0%B0%D0%BD%D0%BE%D0%B2%D0%BB%D0%B5%D0%BD%D0%BE-%D0%B2%D0%BE%D1%81%D1%81%D1%82%D0%B0%D0%BDthrththdfffhftffh%D0%BE%D0%B2%D0%BB%D0%B5%D0%BD%D0%BE-%D0%B2%D0%BE%D1%81%D1%81%D1%82%D0%B0%D0%BD%D0%BE%D0%B2%D0%BB%D0%B5%D0%BD%D0%BE-%D0%B2%D0%BE%D1%81%D1%81%D1%82%D0%B0%D0%BD%D0%BE%D0%B2%D0%BB%D0%B5%D0%BD%D0%BE-%D0%B2%D0%BE%D1%81%D1%81%D1%82%D0%B0%D0%BD%D0%BE%D0%B2%D0%BB%D0%B5%D0%BD%D0%BE.jpg) Serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynda zähmet çekýän mugallymlardyr işgärler çykyş etdiler. Çykyş eden bilim işgärleri häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýaş nesillere döredilýän şertler barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli ösdürip-kämilleşdirmekde, ylym-bilimli ýaşlary kemala getirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.