logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

08.07.2025

7-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny hem-de bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri bilen birlikde, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda dowam edýän möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça ideg etmek, şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz häkime şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

No image
MILLETIŇ MIZEMEZ TÄJI TAGTY BAR, GAHRYMAN SERDARLY WATAN BAGTYÝAR

Kitaphanalar

07.07.2025

Lebap welaýat kitaphanasynyň we TDP-niň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty halkara howpsuzlygyň we durnuklylygyň binýady» atly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Türkmenistan dost-doganlyk mekany» ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝINDE MUZEÝARA MASLAHAT GEÇIRILDI

Muzeýler

07.07.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli pudaklarda bolşy ýaly muzeý işini sanly ulgama geçirmek, ýurdumyzyň muzeýleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine daýanýan sanly ulgam, muzeý işinde hem özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Muzeýlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy innowasion tehnologiýalar arkaly medeni mirasymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi, türkmen halkynyň geçmişini öwrenmäge, gorap saklamaga hem-de olary dünýä ýaýmaga uly ýardam berýär. 2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn ornuň degişlidigi barada aýdan sözlerinden ugur alyp muzeýara maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Döwlet muzeýine täze kabul edilen gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Onda Orta asyr ýadygärliklerine degişli täze kabul edilen arheologiýa tapyndylary, şeýle hem şu ýylyň dowamynda toplanan etnografiýa degişli gymmatlyklar görkezildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/home/22.jpg) Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň direktory Maksat Kerimow, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň Ýadygärlikleri öwrenmek we rejelemek bölüminiň başlygy Maksatmyrat Amanow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Maral Hojagulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Okuw mekdepleri, muzeýler we kitaphanalar bölüminiň esasy hünärmeni Durdymyrat Atdaýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiriniň orunbasary Güljemal Annamyradowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini taýýarlygy ugrunyň 3-nji ýyl talyby Bilbil Saparowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň muzeýleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada, esasan hem muzeýlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we olaryň aýratynlygy barada giňişleýin durup geçdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Muzeý gymmatlyklaryny toplamak, muzeý gaznasyny baýlaşdyrmak muzeý işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bular barada hem çykyşlarda giňişleýin durlup geçildi. Şeýle hem çykyşlarda sanly ulgamyň bize döredýän giň şertleriniň hatarynda, gymmatlyklaryň her biri üçin aýratynlykda anyk maglumat almaga mümkinçilik döredýän QR kod ulgamyna geçmeklik işleriniň yzygiderli dowam etdirilýändigi barada hem giňişleýin durlup geçildi. Maslahata gatnaşyjylar milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä wagyz etmäge ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Maslahat tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar muzeý gymmatlyklaryndan guralan sergini aýlanyp gördüler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/home/33.jpg)

No image
GÜL KEŞDÄM-NEPIS DÜNÝÄM

Kitaphanalar

07.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Gypjak ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy Bäşimowlaryň maşgalasynda «Gül keşdäm-nepis dünýäm» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary bilen milli däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi, ene-mamalarymyzdan gelýän inçe hem nepis sungatymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem öz ähmiýetini ýitirmän, döwrebap görnüşde we gadymy nusgalarda dowam etdirilýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de häzirki wagtda türkmeniň keşdeçilik sungaty ussat gelin-gyzlarymyzyň çeper gözlegleri bilen has-da baýlaşdyrylýandygy, owadan nagyşlar bilen bejerilen milli egin-eşikler köýnekler, başatgyçlar, kürteler, çyrpylar, pürenjekler, gyňaçlar, düýpli gyňaçlar, tahýalar häzirki günlerde-de halkyň arasynda giňden ýaýrandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/home/5lk.jpg)

No image
TÜRKMENISTAN–BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ MEKANY

Kitaphanalar

07.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Türkmenistan–bagtyýar çagalaryň mekany» ady bilen Gökderedäki «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada hemmetaraplaýyn alada döwlet syýatymyzda ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de tomus çagalaryň bagtyýar günlerini, ömür kalbyna altyn harplar bilen ýazýan pasylydygy, inä, çagalyk dünýäsiniň iň bir bagtyýar günlerini-tomus dynç alyş pursatlaryny ýurdumyzyň Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Çeşme” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde geçirýän bagtyýar körpeler erkana, rahat dynç alýandyklary, wagtlaryny gyzykly hem manyly geçirýändikleri, dynç alyş merkezinde çagalaryň her bir güni göwün göteriji pursatlara beslenýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda asuda, parahat durmuşyň goýnunda erkana ýaşaýan körpelerimiz üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/home/33.jpg)

No image
«TEBIGABATA GEZELENÇ» ATLY GÖÇME KITAP SERGISI

Kitaphanalar

07.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki “Çeşme” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda «Tebigabata gezelenç» atly göçme kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary, türkmen halk ertekileri, çagalar ýazyjylarynyň kitaplary ýerleşdirildi. Sergi kitap söýüji ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşlige «Türkmenistan» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Göçme kitap sergisini synlamaga gelen bagtyýar çagalar ýaş nesilleriň dynç alyş günlerini ýatdan çykmajak wakalar bilen, gyzykly hem-de şadyýan geçirmegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/home/jj.jpg)

No image
HALKYŇ SAGLYGY-ÝURDUŇ BAŞ BAÝLYGY

Täzelikler

07.07.2025

5-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza we Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi we Gahryman Arkadagymyzdan bu ugurda öz maslahatlaryny bermegini haýyş etdi. Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçirilmegi netijesinde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna degişli desgalaryň, şol sanda lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň düýpli täzelenilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ir säher bilen Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjegine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda paýtagtymyzda gurulýan lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary we gurulmagy meýilleşdirilýän saglyk merkezleriniň taýýarlanylan taslamalary barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer lukman Arkadagymyzdan ýurdumyzyň saglyk merkezleriniň işini kämilleşdirmek, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň taslamalary, okuw-ylmy merkezlerde tejribeli lukmanlary taýýarlamak, bu ugry ösdürmek babatda işlenip taýýarlanylan meýilnamalar barada degerli maslahatlaryny bermegini haýyş etdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän taslamalar we lukmançylyk edaralarynyň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine, ynsan saglygynyň berkidilmegine, çagalaryň sazlaşykly ösüşine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Bular yzygiderli gözegçilikde saklanmaly wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Aýratyn-da, lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň, Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň we bu ugurdan bilim alýan talyplaryň tejribe toplamagynda möhüm ähmiýeti bolan okuw-usulyýet merkezleriniň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna hem-de gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir. Şunda binalaryň seýsmiki ýagdaýyna zerur üns berilmelidir.

No image
Sazly ertekiler atly söhbetdeşlik.

Kitaphanalar

05.07.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gökderedäki “Nesil” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda myhmançylykda bolup, olar bilen çagalar edebiýatyna degişli gyzykly kitaplar esasynda “Sazly ertekiler” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalaryň iň köp okaýan kitaplary, ertekileri boýunça sorag-jogap alşyldy, gyzykly gürrüňler edildi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem kitap söýüji ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy Söhbetdeşlige “Türkmenistan” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
SPORT-SAGLYGYŇ SAKASY

Kitaphanalar

04.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport-saglygyň sakasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde gadymy oýunlaryň biri hasaplanýan küşt adamzadyň özi üçin döreden oýunlarynyň iň gyzyklysy we peýdalysy bolmak bilen, bu oýun zehin üçin gutornyksyz türgenleşikdigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu oýun ünsüňi jemlemek, hakyky we hyýaly pikirlenmek, meseleleri çözmek, keşpleri tanamak, uzak möhletli maksatnamalary düzmek, seljermek ýaly zehin ukyplaryny kämilleşdirýändigi hakynda hem belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda gadymy dessanlarda türkmen halk ertekilerinde, geçmişde we häzirki wagtda uly meşhurlyga eýe bolan türkmen sportynyň küşt oýuny hem-de Türkmen halk ertekileri kitabyndan «Mämmetjan» ertekisi barada çagalarda sportuň küşt oýnuna uly gyzyklanma döretdi. Gürrüňdeşligiň ahyrynda röwşen geljegimiz bolan çagalaryň hemişe bagtyýarlykda ýaşamagy babatda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
SAGDYN NESIL - KUWWATLY WATAN

Kitaphanalar

04.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliginiň Berkararlyk etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sagdyn nesil - kuwwatly Watan» ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda çagalar baradaky alada döwletiň hem-de bütin dünýäniň esasy aladasy bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki wagtda tomus dynç alyş günlerine çykan bagtyýar körpelerimiz ýurdumyzyň gözel künjeklerinde, Gökdere jülgesinde, Awazanyň gözel kenarynda rahat, asuda dynç alyp, wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirýändikleri barada giňişleýin beýan etdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berildiler we çagalar durmuşymyzyň guwanjy bolan körpeleriň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.