logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
ÇAGALARA, MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARA, WE PENSIÝA ÝAŞYNA ÝETEN ADAMLARA, BARMASY KYN BOLAN ÝERLERIŇ ÝAŞAÝJYLARYNA GÖÇME KITAPHANA HYZMATY

Kitaphanalar

04.07.2025

2025-nji ýylyň iýul aýynyň 04-ne Mary welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesiniň gurnamagynda 2025-2029-njy ýyllar aralygynda kitaphana ulgamyny kämilleşdirmegiň döwlet Maksatnamasy boýunça çagalara, maýyplygy bolan adamlara, we pensiýa ýaşyna ýeten adamlara, barmasy kyn bolan ýerleriň ýaşaýjylaryna göçme kitaphana hyzmaty yzygiderli ýerine ýetirilýär. Mary şäheriniň Muhadow ýaşaýyş jaý toplumynyň G. Pälwanow köçesiniň 2-jaýynyň ýaşaýjysy Pensioner Guwwaýewa Ogulmarala bu gün göçme kitaphana hyzmaty edildi we Maral gelneje gyzyklanýan edebiýatlar bilen tiz-tizden üstini ýetirip durmagymyzy haýyş etdi, hem özüniň ýürek arzuwyny aýtdy. Şeýle mümkinçilikler döredilýändigi üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edildi.

No image
AWAZA - SYÝAHATÇYLYGYŇ MERJENI

Kitaphanalar

04.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi «Awaza - syýahatçylygyň merjeni» atly kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar we Awaza milli syýahatçylyk zolagy barada edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzyň iň gözel ýerleriniň biridir. Awaza üýtgeşik tebigaty, jana melhem howasy bilen gadymy döwürlerden adamlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Bu ýerde syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bolsa, ähli gözellikleri özünde jemleýän sagaldyş-dynç alyş merkezlerini gurmaga mümkinçilik berdi. Deňziň jana şypaly kenarynda göze ýakymly kaşaň myhmanhanalar, çagalar dynç alyş merkezleri, interaktiw suw çüwdürimleri, ajaýyp seýilgähler guruldy, täsin köprüleri bolan derýa peýda boldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň emeli derýasy ýaşyl zolak bolup, Awazanyň seýilgähleriniň içinden geçýär. Onuň kenarlarynda onlarça myhmanhanalar, kafe, açyk bassyrmaly restoranlar, söwda nokatlary ýerleşýär. Emeli derýanyň kenarynda uly bolmadyk katerleriň, gämileriň daýanmaklary üçin ýörite duralgalar enjamlaşdyryldy. Bu bolsa häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ösüşini dünýä äşgär etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Sergä gatnaşanlar bagtyýar zamanamyzy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

No image
GARAŞSYZLYK WE TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝETINIŇ DÖWLET KADALAŞDYRYLYŞYNYŇ TEJRIBESI

Kitaphanalar

04.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi «Garaşsyzlyk we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň Döwlet kadalaşdyrylyşynyň tejribesi» atly kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar we ykdysady ösüşler barada kitaplar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Häzirki döwürde Türkmenistan durnukly ösüş üçin ähli mümkinçilikleri we ýeterli serişdeleri bolan ýurtlaryň hataryna girýär. Ýurdumyz durmuş-ykdysady we ekologik taýdan durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply , wajyp geosyýasy we geoykdysady ýagdaýy bolan, mineral-çig maliýe ýer-suw serişdeleri bilen ýeterli derejede üpjün edilen, ulag-kommunikasiýa, şeýle hem umumy maksatly önümçilik-infrastruktura ulgamlarynyň, köpugurly senagat toplumlarynyň we sebitleriň öndüriji güýçleriniň amatly ýerleşen ýurdy hökmünde tanalýar. Sergä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ZENAN EDEBI WE DÖWREBAPLYK

Kitaphanalar

04.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwlet kitaphanasy,Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi şeýle hem, «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Zenan edebi we döwrebaplyk» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen gelin-gyzlarymyzyň edep-ekramy,biziň ene-mamalarymyzdan biziň şu günlerimize gelip ýeten ýol-ýörelgeleri, olaryň ajaýyp däp-dessurlarynyň döwrebap berjaý edilişi hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen zenanlarymyzyň eliniň çeperligi olaryň her bir işde mylaýym häsiýetlidigini nygtadylar. Gelin-gyzlarymyzyň eliniň çeperligi hakynda söhbet edilende Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň bize döredijilik mekdebi bolan el işleri hakynda hem çykyş edenler uly buýsanç bilen ýatlap geçdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ŞOWHUNLY GÜNLERIŇ ŞATLYGY

Muzeýler

04.07.2025

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Içeri işleri ministrligi hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Çagalaryň bagtyýar durmuşy — parahatçylygyň we abadançylygyň aýdyň kepili» atly şygar astynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi tarapyndan çagalaryň netijeli dynç almaklary, boş wagtlaryny täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp, çagalar muzeýe wirtual syýahat etdiler. Guralan sergide çagalygy, beýik döwrümizi, tebigatymyzy, medeni hem-de ruhy gymmatlyklarymyzyň waspyny ýetirýän nakgaş, grafika, amaly-haşan sungat eserleri görkezildi. Çagalaryň arasynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Şeýle-de olar surat çekmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňiji bolan hem-de tapawutlanan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan alnyp barylýan işler dogrusynda söhbetli gürrüňdeşlik boldy. «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy.

No image
ARKADAG ÝYLDYZY

Kitaphanalar

04.07.2025

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «akylly» Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmeginiň 2 ýyllygyna, şeýle-de 2024-nji ýylda «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan açylan «Arkadag» ýyldyzyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Çykyşlarda 2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan bir ýyldyza «Arkadag» adynyň goýulmagynyň uly ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy. «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskobyň, onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny bu günki gazanylan üstünlikler doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan Abu Reýhan Biruni adyndaky astronomiýa olimpiýadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplara üstünlikli çykyş edip Diplomlara ýadygärlik sowgatlara mynasyp bolmagy ýurdumyzda astronomiýa ylmyna uly üns berilýändigini subut etdiler. Uniwersitetiň eýwanynda dabara bilen ugurdaş kitaplaryň, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň, talyplaryň taslama bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň, taslamalarynyň, dürli işläp düzmeleriniň, oýlap tapmaçalarynyň sergisi guraldy. Şeýle-de uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar we dutarçylar toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar maslahata özboluşly öwüşgin berdi. Dabaranyň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak bilen, parahatçylyga, abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen ynsanperwer işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ARKADAGYŇ KITAPLARY-ÝAŞLARYŇ GÖRELDE MEKDEBI

Kitaphanalar

04.07.2025

Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär mekdebi bilen bilelikde «Arkadagyň kitaplary-ýaşlaryň görelde mekdebi» atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan kitaplary bu günki gün her bir türkmen ojagyna ýol-ýörelge mekdep bolup durýar, diýip maslahata gatnaşanlar giňden belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda bagtyýar talyp ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

No image
PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK-ÝÜREK NURYMYZ!

Kitaphanalar

04.07.2025

2025-nji ýylyň iýul aýynyň 4-ne Mary welaýat kitaphanasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýilip yglan edilmegi mynasybetli «Parahatçylyk, ynanyşmak-ýürek nurymyz» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasynyň, Mary welaýat Adalat bölüminiň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň hünärmenleri, mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu geçirilen söhbetdeşligiň maksady, Türkmenistan dünýä ýüzünde parahatçylygy paýlaýjy halk bolup tanalyp, onuň geljekki döwürde hem ýaşlarymyzyň arasynda wagyz edilmegi bolup durýar. Söhbetdeşlik gatnaşyjylarda şeýle-de talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda biz ýaş hünärmenlere gelejekde kitaphana ulgamyny ösdürmekde birnäçe mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyldy, goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak, il- ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!

No image
ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Kitaphanalar

04.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli , sagdyn bedenli nesiller bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýörite meýilnama esasynda aýdym aýtmak, tans oýnamak, kitap sergilerini gurnamak, ertekilerden parçalary sahnalaşdyrmak, sport oýunlary ýaly çäreler guralyp, çagalarda ata Watanymyza, merdana halkymyza, hormatly Prezidentimize, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki ösüşlere, halkymyzyň däp-dessurlaryna, milli toý baýramçylyklaryna söýgi, buýsanç döretmekde birnäçe işleriň alnyp barylýandygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GÖKDEREDÄKI DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Täzelikler

04.07.2025

2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni, ýazyjy Ogulgurban Gaşlakowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, şahyr Ezizgeldi Helleňow, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, ýaş şahyr Süleýman Haýdarow dagy gatnaşdylar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň eziz Watanymyzda hem-de halkara derejesinde giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen döredijilik duşuşygynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň çagalar barada edýän uly aladalarynyň, döredilýän giň mümkinçilikleriň, şertleriň örän buýsançlydygyny bellediler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/666666.jpg) Döredijilik duşuşygynyň dowamynda ýazyjy-şahyrlaryň çykyşlaryny, okap beren goşgularyny çagalar uly höwes bilen diňlediler. Şeýle hem çagalar öz düzen goşgularyny aýdyp berip, döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Dünýäde bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Watanymyz Türkmenistan dörediji ýaşlaryň hem ýurdudyr. Bu çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşy, ajaýyp geljegi barada uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar.