logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BITARAPLYK-BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

04.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bitaraplyk- bagtymyzyň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Garaşşyz hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň mekanydygy, asuda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler bolsa, halkyň abadan durmuşy, bagtyýarlygy bilen gönüden–göni baglanyşyklydygy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, umumadamzat bähbitli ýörelgeleri dünýä içre giň goldawa eýe bolýandygy barada hykynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň aýdyň netijesidigi, munuň özi ýurdumyzyň geljeginiň aýdyňlygy, parahatçylygyň, abadançylygyň nyşanydygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda baky Bitaraplyk hukuk derejämizi, parahatçylyk ýoluny mynasyp dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAP–BILIMLER UMMANY

Kitaphanalar

04.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby esgerleriniň gatnaşmagynda «Kitap–bilimler ummany» ady bilen kitaphana gezelenji gurnaldy. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bilime, ylyma giň ýol açylandygy, kitap-adamzat nesliniň irki taryhy çeşmelerinden başlap häzirki döwrüň maglumatlaryny özünde jemleýän düýpsüz bir hazynadygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halky kitaba, söze, paýhasa uly sarpa goýýandygy, okamak ynsanyň kämilleşmegine, öz-özüne akyl ýetirmegine, dünýä düşünmegine ýardam edýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda parahatçylygyň we abadançylygyň gymmatlygyna, döwrüň öňegidişliklerine akyl ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
SUWY TYGŞYTLAMAK-TEBIGATY GORAMAK

Muzeýler

04.09.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň guramagynda «Merkezi Aziýada howanyň täsirini nazara almak bilen suw serişdelerini dolandyrmak» atly maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bäsleşigiň jemi jemlendi. Bu bäsleşikde Amyderýa derýasyna bagyşlanan suratlar, fotosuratlar, gaýtadan işlenilen materiallardan hem-de toýundan ýasalan şekiller sergimizde uly orun aldy. Serginiň ahyrynda bäsleşigiň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda sylaglandy. Tebigaty goramak ugrunda alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeli menzilleri rowaçlyklara beslensin! ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/33.jpg)

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY

Täzelikler

04.09.2025

3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň beýany boldy. Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylyk döredijilikli ornuny üpjün edýän daşary syýasatynyň binýadyna öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyza sebit we ählumumy meseleleri kadalaşdyrmakda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge ýardam berýär. Hemişelik Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň esasy sütünleri bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär, öňüni alyş diplomatiýasy bolsa bu syýasatyň logiki dowamy bolup, ýurdumyzyň gapma-garşylyklaryň öňüni almaga gönükdirilen işjeň strategiýasydyr. Bu iki ýörelge özara berk baglanyşyklydyr. Bitaraplyk ynanyşmak üçin binýady döretse, öňüni alyş diplomatiýasy ony durmuşa geçirmegiň guraly bolup durýar. Türkmenistan gepleşikler üçin bitarap meýdança hökmünde çykyş edip, dialog üçin şertleri döretmäge çalyşýar. Ýurdumyz halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG, sebit we halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistan öz parahatçylyk döredijilikli syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählumumy howpsuzlyga, durnukly ösüşe goşant goşýar. Şeýle çemeleşme diňe sebit gün tertibi bilen çäklenmän, eýsem, has giňişleýin halkara başlangyçlarda hem öz beýanyny tapýar. Döwletimiz ählumumy ähmiýeti bolan birnäçe esasy ugurlar boýunça teklipler bilen çykyş edýär. Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli işi diňe bir syýasy we diplomatik başlangyçlar bilen çäklenmeýär. Bu ugurda ykdysady diplomatiýa hem möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi energetika howpsuzlygy bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalar ykdysady başlangyçlaryň parahatçylyk döredijilikli maksatlara hyzmat etmeginiň aýdyň mysalydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösmegine, ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga şert döreder. Türkmenistan Merkezi Aziýany Kawkazyň üsti bilen Ýewropa bilen birleşdirýän «Lapis Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşýar. Munuň özi sebit söwdasyny we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.

No image
2025-nji ýylyň 5-7-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi

Teatr we kino dünýäsi

03.09.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 07.09.2025ý. «Giýewleriň bäsleşigi» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 06.09.2025ý. «Gurbannazar Ezizow» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Gurbannazar Ezizow» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 06.09.2025ý. «Yşk mekany Hindistan» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Magnitafon» sagat 19:00 A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 05.09.2025ý. «Пришел мужчина к женщине» sagat 19:00 06.09.2025ý. «Колобок» sagat 12:00 06.09.2025ý. «Одна испанская ночь» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Али-Баба» sagat 11:00 07.09.2025ý. «Али-Баба» sagat 13:00 07.09.2025ý. «Сестры» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 06.09.2025ý. «Arşyn mal alan» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 06.09.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 18:00 07.09.2025ý. «Zor aýakdan tebip bolan» sagat 18:00 TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 06.09.2025ý. «Alýaňak» sagat 17:00 06.09.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Balykçy we balyjak» sagat 12:00 07.09.2025ý. «Balykçy we balyjak» sagat 17:00 07.09.2025ý. «Jüýteniň toýy» sagat 19:00 BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 05.09.2025ý. «Bir aždarha bar eken» sagat 17:00 06.09.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Kämillik ýoly» sagat 19:00 DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 06.09.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 18:00 07.09.2025ý. «Ýylgyran ýüze ýygyrt düşmez» sagat 18:00 LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 06.09.2025ý. «Gaýyn ene» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Gaýyn ene» sagat 19:00 MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 06.09.2025ý. «Ynsanlygyň göwher gaşy» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Müneçjim» sagat 19:00

No image
PARAHATÇYLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY

Täzelikler

03.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallymlaryň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetine hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň şäherlerimizi we obalarymyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan nusgalyk işlerine bagyşlanyp «Türkmenistanyň Halk Maslahaty–milli döwletliligiň dabaralanmasy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

No image
TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRYNDA TÄZE MÖWSÜM BADALGA ALDY

Kitaphanalar

03.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen Döwlet gurjak teatrynyň täze möwsüme badalga almagy mynasybetli geçirilen dabara göçme kitap sergisi bilen gatnaşdy. Teatryň girelgesinde guran sergimiz esasyny Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary hem-de çeper eserler, çagalaryň söýgüli ertekili kitaplary çärä gatnaşmaga gelen körpejelerde aýratyn täsir galdyrdy. Kitaphana hünärmenleri ýaş nesilleri terbiýelemeklikde kitabyň orny we ertekilerdir, rowaýatlaryň ähmiýeti dogrusynda beren gürrüňleri körpe kitapsöýüjiler gyzyklanma bilen diňlediler. Ýurdumyzda ertirimiziň eýeleri bolan ýaş nesiller barada durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynda kitaphana hünärmenleriniň söhbetdeşliklerinde hem buýsançly gürrüňler beýan edildi. Çäräniň ahyrynda diýarymyzy çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürmeklikde uly tagallalary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

No image
ÝÜREKLERDE NUR SAÇÝAR EZIZ MEKAN

Täzelikler

03.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň toparlary «Ýüreklerde nur saçýar eziz mekan» ady bilen Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň 191-nji çagalar bagynyň 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli açylyş dabarasyna mekdep toparlary uly höwes bilen gatnaşdylar. Bagtyýar çagalaryň arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy Türkmenistan döwletimizde Bilimler we talyp ýaşlar güni şanly wakalara, ajaýyp pursatlara beslendi. Şol gün çagalar bagynyň meýdançasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwrinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ak mermere beslenen şäherimiziň künjeginde bina edilen çagalar bagynyň açylşynda şatlyk şowhun ýaň saldy. Çärede hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän her bir tutumly işleriniň mysalynda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatyny ileri tutulýan ugruna öwrülendigine şu günki gün biz aýdyň göz ýetirýäris. Dabarynyň açylyş dabarasynda mekdebiň gözel Diýarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda «Buýsanç» orkestr toparynyň we mekdebiň «Bagtyýar nesiller çagalar» hor toparynyň gatnaşmagynda, çagalaryň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan «Aşgabadym» atly aýdym-sazly çykyşlarynda, kalbyndan çykýan ýürek sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlary, sagbolsunlary belentden ýaňlandy. Çaga gülkisiniň hemişelik ýaňlanýan ýerinde-ata Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň şadyýan oýnap gülmegi, üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Çagalaryň köňül islegine laýyk gelýän «Çagalar bakja bagynda» körpeleriň iň gelim-gidimli ýerine öwrüler. Çünki bu ýerde ýatdan çykmajak bagtly pursatlar, gyzykly başdangeçirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolarlar, ýurdumyzyň bagtyýar körpeleri üçin uly baýramçylyk sowgady boldy. Goý, eziz Diýarymyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrüp, ýaş nesiller hakynda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt hem-de dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin! Şeýle alkyş sözler bu gün ýaş nesilleriň dillerinde aýdym bolsun, şygyr bolup ýaňlanýar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ PREMÝERINIŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

03.09.2025

2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, ŞHG-niň sammitine gatnaşandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiziň Başlyk Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýetine ünsi çekip, Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, syýasy dialog işjeň ösdürilýär. HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary 2023-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlygyny beýan edip, hytaý tarapyny Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ŞHG-niň giňişliginde abadançylygy üpjün etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Din Sýuesýany we Hytaý Halk Respublikasynyň dostlukly halkyny Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlady. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklar strategik we uzak möhletli häsiýete eýe bolup, ýurdumyz ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Häzirki wagtda iki ýurt ýokary döwlet, Hökümet we ministrler derejesinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Parlament wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar, sebitara hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn özara hereketleriň üstüni ýetirip, ony many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak, iki ýurduň söwda-ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmek işinde hökümetara komitete uly ähmiýet berilýär.

No image
TÜRKMEN-HYTAÝ HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARY DOSTLUKLY KASAMA BAKY YGRARLYDYR

Täzelikler

03.09.2025

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY 2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa açylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklary gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymy döwürlerde iki halky baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly bu gün ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy döwrebap görnüşde pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň HHR-e şu gezekki sapary hem özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. ...Biraz salymdan döwlet Baştutanymyz ýörite otluda Pekiniň demir ýol menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz myhmansöýerligiň asylly däbine görä, mähirli garşylanyldy. Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. HHR-iň Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Hytaýa gelendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle-de Si Szinpin Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Ol «Merkezi Aziýa-Hytaý» formatyndaky sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, onuň netijeleri boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Başlyk Si Szinpin hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň möhüm ähmiýetini belläp, HHR-iň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny, Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goldaýandygyny aýtdy.