logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

08.09.2025

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň sekiz aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň goranyş ukybyny has-da pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, olaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde okuw ýylynyň başlanmagy, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, döwletimiziň goranmak ukybyny has-da berkitmek, Ýaragly Güýçleri döwrebap derejede ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Baş prokuror B.Muhamedow hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işinde sanly tehnologiýalaryň we öňdebaryjy usullaryň işjeň ulanylyşy barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet bähbitlerini goramak, hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

No image
BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE DIÝARYMYZYŇ KITAPHANALARYNYŇ IŞINIŇ MÖHÜM WEZIPELERI

Kitaphanalar

06.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň kitaphanalarynyň işiniň möhüm wezipeleri» atly okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Bu okuw-usulyýet maslahatynda çykyş edenler elektron kitaphanalarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmagyň we olary döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary,eserleri sanly ulgamyň üsti bilen wagyz etmegiň usullary,Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini wagyz etmegiň döwrebap usullary dogrusynda,Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana işini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary,kitaphanalarda döwrebap hyzmat etmek we hyzmatyň görnüşlerini kämilleşdirmegiň ýollary barada söhbet etdiler. Bu okuw-usulyýet maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATDYR WATANYM,EZIZ TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

06.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphana hünärmenleriniň arasynda guralýan «Parahatdyr Watanym,eziz Türkmenistanym» atly hünär bäsleşigi geçirildi. Bu hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň jemi jemlenip,bäsleşikde üstün çykan hünärmenlere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar, we Hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylar dabaranyň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,beýik işleriniň mundan buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
GARAŞSYZLYK–WATANYMYZYŇ ŞÖHRATY

Muzeýler

06.09.2025

Pederlerimiziň parahat söýüjülik ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň binýatlyk esasyna öwrülmek bilen, bu gün parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde ykrar edilen Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyz dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Täze taryhy döwrümizde döretmäge, gurmaga, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň barha golaýlaşýan bagtyýar günlerinde eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän şanly hem-de taryhy wakalar, ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Baýramçylyk lybasyna beslenen eziz watanymyzda ýokary guramaçylykda geçirilýän çäreler, hoşallyk maslahatlary, syýasy söhbetdeşlikler, aýdym-sazly çykyşlar gadymy Lebabyň edara-guramalaryna, obadyr-şäherlerine baýramçylyk şatlygyny bagyşlaýar. Şu gün Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýa-synyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde gurnama-gynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli muzeý hünärmenleri tarapyndan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen ,,Garaşsyzlyk-Watanymyzyň şöhraty” atly gurnalan wagtlaýyn serginiň açylyşygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli dabaraly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany, asuda we eşretli durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler. Ogulgerek AGAJANOWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/86.jpg)

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

06.09.2025

5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek barada kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda iş toparlarynda Bitarap döwletimiziň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary, ylmy intellektual eýeçilik gatnaşyklarynyň kadalaryny, wirtual aktiwleriň dolanyşygyny düzgünleşdirmek hem-de ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi aýdyldy. Şeýle hem hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri geçirilýär. Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri bilen bilelikde geçiren çärelerine hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

No image
BILIMLI ÝAŞLAR–RÖWŞEN GELEJEGIMIZDIR

Kitaphanalar

05.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy, 70-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Bilimli ýaşlar–röwşen gelejegimizdir» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylym-bilimli, sowatly belli bir käriň eýesi bolmagy ugrynda uly aladalaryň edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesillerimiziň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgelerini kemala getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhynda terbiýelemekde möhüm ähmiýet berilýändigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimize bagtyýarlygy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
HALK MASLAHATY–TÜRKMENISTANDA HALK HÄKIMÝETINIŇ YGTYBARLY SÜTÜNI

Kitaphanalar

05.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty–Türkmenistanda halk häkimýetiniň ygtybarly sütüni» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetiň we döwletiň ösüşine, mähriban halkymyzyň aýdyň geljegine we her bir raýatyň ajaýyp durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ornunyň bardygyny gürrüň berdiler. Şeýle-de hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz günsaýyn özgerýändigini, halkymyz Garaşsyz döwlet barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň hasyl bolanyna ýene sanlyja günlerden 34 ýyl dolýandygyny, bu bolsa Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda şu günki bagtyýar durmuşymyzyň, nurana geljegimiziň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ÝOL HEREKETINI HÖKMAN BERJAÝ EDELIŇ

Kitaphanalar

05.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri we Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji terbiýeçilik orta mekdebinde ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen «Ýol hereketini hökman berjaý edeliň» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz çagalar bilen ýoly geçmek üçin ýol yşygyna seretmegiň, şäheriň köçelerindäki geçelgelerden ýol hereketiniň kadalary boýunça geçmegiň, ýanýodalardan ýöremegiň hem-de ýerasty geçelgelerden geçmegiň düzgünleri boýunça sorag-jogap alyşdylar köçelerde ulaglaryň şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada düşündirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
«GÖROGLY» EPOSY «USSAT DESSANÇYLARYŇ AÝDYM-SAZ HAZYNASYNDA» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT WE KONSERT GEÇIRILDI

Medeni miras

05.09.2025

«Görogly» eposy edebi-çeper gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalarynyň biridir. Türkmen halkynyň taryhyny, watansöýüjilik we ynsanperwerlik häsiýetlerini özünde jemleýän bu eseriň biziň günlerimize gelip ýetmeginde dessançy bagşylara uly orun degişli. Bagşylaryň dessan aýtmak däbini nesilden-nesle geçirip gelen Daşoguz welaýatynyň bagşylarynyň bu ugurda bitiren hyzmatlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Dessançylyk sungatynyň ajaýyp nusgasy bolan bu epos bagşylaryň dilinde dessan bolup dünýäni aýlanýar. Çünki, agzybirligi, adalatlylygy, dost-doganlygy ündeýän bu uly göwrümli eser umumadamzat gymmatlygy hem-de özboluşly terbiýeçilik mekdebidir. Bagşydan sesiniň, ýatkeşliginiň we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ýokary derejesini talap edýän dessançylyk sungaty köpasyrlyk taryha eýe bolan sungatdyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkyň ömürlik hemrasyna öwrülen bu ajaýyp sungatymyzy dünýä ýaýmakda, özboluşly ussatlygy bilen tanalýan dessançy bagşylarymyzyň döredijiligini öwrenmekde we olaryň esasyny goýan halypa-şägirtlik mekdebini döwrebap ýollar bilen ösdürmekde ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/27412.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/27413.jpg) Şol maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda, Daşoguz welaýatynyň Bagtyýar zaman oba medeniýet öýünde Pälwan bagşynyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Palta Garaýewiň, Sülgün Meretgeldiýewanyň ömri-döredijiligine bagyşlanan «Görogly» eposy ussat dessançylaryň aýdym-saz hazynasynda» atly ylmy-amaly maslahat we konsert geçirildi. Maslahatda dillerde dessan bolan «Görogly» eposy, onuň türkmen milli dessançylyk sungatynda tutýan orny, ussat dessançylar Pälwan bagşynyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Palta Garaýewiň, Sülgün Meretgeldiýewanyň durmuş ýoly we nesillere galdyran aýdym-saz mirasy barada täsirli çykyşlar edildi. Maslahat welaýatyň dessançy bagşylarynyň konserti bilen utgaşdy. Konserte dessançy bagşylar gatnaşyp, meşhur «Görogly» eposynyň şahalaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu ýerde bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan sergi hem gurnaldy. «Görogly» eposy ussat dessançylaryň aýdym-saz hazynasynda» atly ylmy-amaly maslahatyna we konsertine gatnaşan medeniýet we sungat işgärleri türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tanalýan halypa bagşy-sazandalaryň sarpasyny belende galdyran, bu gadymy sungatyň dünýä derejesinde dabaralanmagynyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY

Täzelikler

05.09.2025

3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň beýany boldy. Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylyk döredijilikli ornuny üpjün edýän daşary syýasatynyň binýadyna öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyza sebit we ählumumy meseleleri kadalaşdyrmakda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge ýardam berýär. Hemişelik Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň esasy sütünleri bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär, öňüni alyş diplomatiýasy bolsa bu syýasatyň logiki dowamy bolup, ýurdumyzyň gapma-garşylyklaryň öňüni almaga gönükdirilen işjeň strategiýasydyr. Bu iki ýörelge özara berk baglanyşyklydyr. Bitaraplyk ynanyşmak üçin binýady döretse, öňüni alyş diplomatiýasy ony durmuşa geçirmegiň guraly bolup durýar. Türkmenistan gepleşikler üçin bitarap meýdança hökmünde çykyş edip, dialog üçin şertleri döretmäge çalyşýar.