logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
YLHAM, UKYP, NETIJE...

Täzelikler

23.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda sungat ojagymyzyň mugallymy, suratkeş Kerim Berdiýewiň “Parahatçylyk bagtyýarlygyň çeşmesi” atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Tomaşaçynyň öňünde gözel türkmen tebigaty. Belent daglar, ýaşyl öwüsýän baglar, mylaýym owaz edip dag eteklerinden akýan dury suwly çeşme... iň esasy aýratynlyk bolsa, şol şekilleriň günüň dürli wagtynda ýerine ýetirilmegi. Ynha suratkeşiň özboluşly ajaýyp dünýäsi. Peýzaž her bir suratkeşiň ýüzlenýän žanry. Ýaş zehin Kerim Berdiýew peýzaža döredijiliginde uly orun berýär. Peýzaž işlerinde perspektiwanyň gurluşyna, atmosferanyň ýagdaýyna, howa we ýagtylyk gurşawyna we olaryň üýtgemegine aýratyn ähmiýet berýär. Suratkeş ene tebigatyndan şeýle bir ylham alýar welin, ol eserlerinde tebigatyň hereketini duýdurmagy başarýar. Bu inçe synlamalaryň hemmesi peýzažlarynda takyklyk bilen öz beýanyny tapýar. Tomaşaçylar onuň eserlerde asmanyň we gün şöhlesiniň öwüşginleriniň ajaýyp utgaşmasyny tapýar. Iň ýönekeý sahnalara seredende-de, gözelligi görüp, çuňňur duýgulary başdan geçirmek mümkin: belent gaýalar, dag etegi, ak öýleriň syrgyny, ýaşyl öwüsýän agaçlar. Esasanda, şapagyň özüne maýyl edýän keşbine suratkeşiň eserlerinde birnäçe gezek gabat gelmek bolýar. Onuň “Ýagtylyk”, “Günüň ýaşyşy”, “Pursat. Gökdepe köli”, “Güýz peýzažy” atly eserleri bu aýdylanlara mysaldyr. Kerimiň ýiti, çalt çotgalary ýagtylygyň, reňkleriň hereketini yzarlaýar. Nakgaşyň eserlerine syn edeniňde, isleseň-islemeseň impressionistleriň tehnikasy hyýalyňda janlanýar. Impressionist üçin duýgulary görkezmek möhüm wezipe. Kerim Berdiýewiň eserlerinde hem impressinizmden täsirlenme aç-açan duýulýar. Sebäbi öňümizde çalasyn tehnika we zordan görkezilen şekiller bilen häsiýetlendirilýän tebigat bar. Onuň “Garrygala” etýud toplumy, “Köýtendagyň gözelligi”, “Gurtly köli”, “Ýanbaş”, “Gyş pasly”, “Peýzaž”, “Sekiz ýap” ýaly işlerinde gözel türkmen tebigatynyň dürli künjekleri beýan edilýär. Suratkeşiň eserleriniň arasynda tondo göwrümli taslamalary görmek bolýar. Tondo-tegelek göwrüme esasan, Beýik Galkynyş döwrüniň ussatlary köp ýüzlenipdirler. Bu şekil e serlere dolulyk we bütewilik duýgusyny berýär. Eseriň dinamiki we deňagramlylyk täsiri, esasy görkezilmek islenýän şekiliň öňe saýlanmagy, monumental häsiýet suratkeşiň tondo göwrümli eserlerine mahsusdyr. “Derekleriň öwüşgüni”, “Ýaz ýagşyndan öň”, “Ýeke bägül”, “Täze duýgy” ýaly eserleri bu aýdylanlara esas bolup biler. Bu eserlere üns bersek, tegelegiň içinde eseriň her elementi merkezde aýlanýan ýaly ünsi çekýär. Ýaş nakgaş Kerim Berdiýewiň özboluşly döredijiliginde diňe peýzaž däl, natýurmort, portret, gündelik durmuşy we taslama eserleri hem bar. Olaryň her biri suratkeşiň irginsiz gözlegleri we täzeçillik garaýyşlaryndan doly. Ol elmydama gözlegde. “Günortan”, “Ýatlamada” ýaly eserlerine seredenimizde asudalyk göz öňümizde janlanýar. Eserde şekillendirilen gumrular päkligiň, wepalylygyň, agzybirligiň we söýgüniň nyşany. Gumrularyň her biri dürli hereketde, bu esere hereketlilik duýgusyny berýär. Galyň reňk gatlaklary, iri çotga urgulary, reňk öwüşginini palitrada garman, tegmilleriň üsti bilen bermegi başarýan suratkeşiň her bir eseri şowly çykýar. Onuň ýerine ýetiren eserlerinden suratkeşiň eliniň aýratynlygy duýulýar. Ýaş mugallym, zehinli nakgaş, ukyply we işjanly Kerim Berdiýewiň giň dünýägaraýşy, baý döredijiligi onuň geljekde türkmen suratkeşleriniň arasynda abraýly orny aljakdygy, mundan-da beýläk, talyplara ylham we nusga alarlyk eserleri döretjekdigi şübhesizdir. Bagtygül HOJAGELDIÝEWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy

No image
HER BIR GÖLI NEPISLIGIŇ NUSGASY

Kitaphanalar

23.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Her bir göli nepisligiň nusgasy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen halysy öz gözbaşyny gadymýetden alyp gaýdýan gözelligi, özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi jemleýän sungat eseridigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen haly asyrlary, müňýyllyklary aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň biri bolup, özüniň berkligi, dokalşynyň nepisligi, nagyş we reňk öwüşgünleriniň aýratynlygy bilen dünýä ýurtlarynyň halylaryndan düýpli tapawutlanýandygy barada beýan etdiler. Geçirilen gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

No image
GÖZELLIK NUSGASY TÜRKMEN HALYSY

Kitaphanalar

23.05.2025

Türkmen halyçy zenanlarymyz gözbaşyny gadymýetden alyp gaýdýan halylara salnan nagyşlaryň asyl nusgasyny ýitirmän, nesillerden-nesillere geçirip, şu günlerimize ýetiripdirler. Sungatyny kämillik derejesine ýeten, ene-mamalarymyzdan miras galan bu nusgalyk halylar we haly önümleri häzirki wagtda ýurdymyzyň muzeýleriniň ekspozisiýalaryny bezeýärler. Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimiziň ekspozisiýasynda we gaznasynda bar bolan gymmatlyklar bilen deň hatarda haly önümleri hem öwrenilip gözegçilikde saklanylýar. Bu işleri alyp barmagyň aýratynlygy täze interaktiw tehnologiýalaryň ulanylmagy bolup durýar. Ekspozisiýada we gaznada duran haly önümlerini ylmy taýdan (nagyşlaryny, hilini, haýsy boýaglar tebigy, anilin ulanylandygyny, abatlygyny) öwrenmek işlerinde welaýatyň haly-dokmaçylyk kärhanalarynyň hünärmenleri bilen ýakyn aragatnaşykda maslahatlaşyp işlenilýär. Haly ýa-da haly önümi doly däl ýagdaýynda hünärmenleriň, rejeleýiş-dikeldijileriň barlagy netijesinde mümkin bolan ýagdaýynda rejeleýiş-dikeldiş işleri geçirilýär. Eger-de dikeldiş işlerini geçirip bolmaýan ýagdaýynda taryhy gymmatlygy şol durkunda saklamak, halk köpçüligine görkezmek we gelejekki nesillere ýetirmek maksady bilen bu taryhy gymmatlyklarymyzyň saklanýan ýerlerinde howanyň çyglylygyny, sowuklygyny, gyzgynlygyny kada laýyklykda yzygiderli gözegçilik edilip saklanýar. Geçirilýän ylmy maslahatlaryň netijesinde diňe bir muzeý işgärleri üçin däl, eýsem halyçy hünärmenlerimiz hem ussatlyk bilen dokalan halylarymyzyň çitimini, nagşyny, ulanylan tebigy boýaglaryny (olary almak üçin ulanylan ot çöpleriň düzümini, alnyşyny) öwrenmekde hem-de häzirki zaman dokalýan haly önümlerimizde ulanyp bu senedimiziň ösüp, kämilleşip türkmen halylarynyň şan –şöhratynyň hasda artmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Bagtyýarlyk döwrümizde amala aşyrýan ajaýyp işleri-de ynsan dünýäsinde gözellik döredip, biri-biriniň üstüni ýetirip dur. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň „Janly rowaýat“ kitaby hem şol, türkmen ykbalyna salynan owadan „nagyşlaryň“ biridir. Bu kitapda her bir nagyş, her bir usul, olaryň gelip çykyşlary, gadymýete siňip gidýän kökleri barada şeýle bir täsirli gürrüň berilip, halyçylyk sungatymyzy gorap saklamakda, ony ösdürmekde indiki edilmeli işleriň ýolunda şamçyrag bolup durýar.

No image
GÖZELLIK NUSGASY TÜRKMEN HALYSY

Muzeýler

23.05.2025

Türkmen halyçy zenanlarymyz gözbaşyny gadymýetden alyp gaýdýan halylara salnan nagyşlaryň asyl nusgasyny ýitirmän, nesillerden-nesillere geçirip, şu günlerimize ýetiripdirler. Sungatyny kämillik derejesine ýeten, ene-mamalarymyzdan miras galan bu nusgalyk halylar we haly önümleri häzirki wagtda ýurdymyzyň muzeýleriniň ekspozisiýalaryny bezeýärler. Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimiziň ekspozisiýasynda we gaznasynda bar bolan gymmatlyklar bilen deň hatarda haly önümleri hem öwrenilip gözegçilikde saklanylýar. Bu işleri alyp barmagyň aýratynlygy täze interaktiw tehnologiýalaryň ulanylmagy bolup durýar. Ekspozisiýada we gaznada duran haly önümlerini ylmy taýdan (nagyşlaryny, hilini, haýsy boýaglar tebigy, anilin ulanylandygyny, abatlygyny) öwrenmek işlerinde welaýatyň haly-dokmaçylyk kärhanalarynyň hünärmenleri bilen ýakyn aragatnaşykda maslahatlaşyp işlenilýär. Haly ýa-da haly önümi doly däl ýagdaýynda hünärmenleriň, rejeleýiş-dikeldijileriň barlagy netijesinde mümkin bolan ýagdaýynda rejeleýiş-dikeldiş işleri geçirilýär. Eger-de dikeldiş işlerini geçirip bolmaýan ýagdaýynda taryhy gymmatlygy şol durkunda saklamak, halk köpçüligine görkezmek we gelejekki nesillere ýetirmek maksady bilen bu taryhy gymmatlyklarymyzyň saklanýan ýerlerinde howanyň çyglylygyny, sowuklygyny, gyzgynlygyny kada laýyklykda yzygiderli gözegçilik edilip saklanýar. Geçirilýän ylmy maslahatlaryň netijesinde diňe bir muzeý işgärleri üçin däl, eýsem halyçy hünärmenlerimiz hem ussatlyk bilen dokalan halylarymyzyň çitimini, nagşyny, ulanylan tebigy boýaglaryny (olary almak üçin ulanylan ot çöpleriň düzümini, alnyşyny) öwrenmekde hem-de häzirki zaman dokalýan haly önümlerimizde ulanyp bu senedimiziň ösüp, kämilleşip türkmen halylarynyň şan –şöhratynyň hasda artmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Bagtyýarlyk döwrümizde amala aşyrýan ajaýyp işleri-de ynsan dünýäsinde gözellik döredip, biri-biriniň üstüni ýetirip dur. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň „Janly rowaýat“ kitaby hem şol, türkmen ykbalyna salynan owadan „nagyşlaryň“ biridir. Bu kitapda her bir nagyş, her bir usul, olaryň gelip çykyşlary, gadymýete siňip gidýän kökleri barada şeýle bir täsirli gürrüň berilip, halyçylyk sungatymyzy gorap saklamakda, ony ösdürmekde indiki edilmeli işleriň ýolunda şamçyrag bolup durýar.

No image
OGUZLAŇ KELAMY, TÜRKMEN HALYSY

Kitaphanalar

23.05.2025

Türkmen halkynyň haly sungaty öz gözbaşyny gadymy eýýamlardan alyp gaýdyp, halkyň taryhy, medeni mirasy, milli däp-dessurlary bilen berk baglanşyklydyr. Gadymy ýazuw çeşmelerinde bellenmegine görä türkmen taýpalary heniz etniki topar hökmünde kemala gelmezlerinden ozal dürli haly önümlerini, haly, keçe, kilim, palas ýaly önümlerini dokamak bilen giňden meşgullanypdyrlar. Haly sungatynyň gadymylygyna garamazdan onuň nepis sungatyna häzirki döwürde has hem uly sungat hökmünde garalýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen halysynyň Milli baýramyna bagyşlanyp «Oguzlaň kelamy, türkmen halysy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasy «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, biziň sungat ojagymyzdan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy-barlag bölüminiň Uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri Maýsa Çaryýewa, Annagül Şiriýewa, hem-de Gülaýym Saparmedowa çykyş etdiler. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan «Haly–türkmeniň kalby» ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy.

No image
III HALKARA TALYPLAR TEATRLARY FESTIWALY-ÝAŞLARYŇ WE DÖREDIJILIGIŇ BAÝRAMÇYLYGY

Halkara gatnaşyklary

23.05.2025

III HALKARA TALYPLAR TEATRLARY FESTIWALY-ÝAŞLARYŇ WE DÖREDIJILIGIŇ BAÝRAMÇYLYGY 2025-nji ýylyň 20-22-nji maýy aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Türki döwletleriň talyplarynyň sahna oýunlarynyň III Halkara festiwaly geçirildi. Bu festiwal Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň 100-den gowrak ýaş aktýorlaryny, režissýorlaryny hem-de teatr höwesjeňlerini bir ýere jemledi. Iki gün dowam eden festiwalda oňa gatnaşyjylar özara tejribe alşyp, teatr ýyldyzlarynyň ussatlyk sapaklaryndan ylham aldylar. Eýýäm däbe öwrülen bu festiwal üçünji gezek Gazagystanyň medeni paýtagtynda geçirilip, Almaty türk dünýäsiniň ýaş zehinleriniň üns merkezindedir.

No image
ÄLEME NUSGALYK TÜRKMEN HALYSY

Täzelikler

23.05.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlap «Äleme nusgalyk türkmen halysy» atly kitap sergisini we talyp ýaşlaryň arasynda söhbetdeşlik gurnadylar. Bu sergi talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri türkmen halysynyň taryhyndan şeýle hem halynyň gölleri we görnüşleri barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdiler. Türkmen milli sungatymyzyň arasynda gözelligi türkmeniň tugunda parlaýan, külli adamzady haýran edýän, şöhraty äleme dolan halylarymyz çeper elli gelin-gyzlarymyzyň hünäridir. Alym Arkadagymyzyň “Arşyň nepisligi” atly kitabynda belleýşi ýaly: Türkmen halysynda gözelligiň dowamaty bar.Bu ötülen ha külpetli, ha-da lezzetli menzilleriň milli-ruhy ýagdaýyny okap bolýan ýeke-täk eser-ol hem türkmen halysydyr. Haly ynsan aňynyň tebigat, daş-töwerek bilen göniden göni baglanşygynyň köprüsidir” diýip örän jaýdar belläp geçýär. Ata-babalarymyz “Malym-janym, malym-halym” diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Halkymyzda “Öý haly ýazylan ýerden başlanýar” diýen pähim bar. Türkmeniň mukaddes öý-ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen halysynyň düşegi köplenç gyzyl reňkde bolmagy onuň aýratynlarynyň biridir. Durmuşda halyçynyň seçip alşyna görä, çym-gyzyl, goňur, ülje, gülgüne, gyzyl-gyrmyzy reňkli çöpboýalaryň, naryň gabygyndan, adaty hozuň miwesiniň gabygyndan reňkleriň alnandygy, Eýrandan, Hindistandan, Pakistandan getirilen nil boýaglaryň, gök reňkli, mör-möjeklerden alnan köşenil gyzyl, malina reňkli boýaglaryň, ýiti, dok gyzyl, altynsow teňňäni ýada salýan sary, gögümtil ýaşyl reňkler bolup, olaryň ýerli-ýerinde ulanylandygy hakynda halyşynas enelerimiz gürrüň berýär. Boýaglaryň iňňän berk bolup, olaryň üstünden birnäçe asyr geçse-de üýtgemeýändigi hakynda hünärmenler belleýärler. Altaý sebitlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarylan biziň eýýamymyzdan ozalky V asyra degişli Pazyryk halysy hakynda Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat» atly kitabynda: «Birnäçe taryhçylar subutnamada has aňry gitdiler. Olaryň pikiriçe, diňe bir kompozisiýasy boýunça (merkezi gölleriň ýerleşişi we reňkleriň sazlaşygy babatda) däl, eýsem türkmen halysynyň merkezindäki 24 gölüň oguz türkmenleriniň 24 taýpasyny aňladýandygyny tassyklaýarlar” diýip bellemek arkaly, bu halynyň ata-babalarymyzyň sünnä durmuşy hakynda köp zatlary gürrüň berýändigini tassyklaýar. Bu gymmatly tapyndynyň orta meýdançasynda keseligine 4 hatardan, dikligine hem 6 hatardan, jemi 24 inedördül gölüň ýerleşdirilmegi, onuň dört başly gülden, gülüň dört okara ýapragynda atanak şekilli nagyşlaryň çitilmegi, halynyň örän syk dokalandygy, esasy meýdanynyň daşynyň jäheklenendigi, onuň düşeginiň hem gyzyl bolup, ýüzünde atanak sary nagyşlaryň bolmagy Oguz han Türkmeniň taryhy geçmişini ýatladýar. Halynyň bu ugurdan dabarasy daglar aşan ene-mamalarymyzyň el hem aň önümidir diýmäge esas döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Milli mirasymyzy, taryhy, medeni we ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak hem alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar” diýip örän jaýdar belläp geçýär. Türkmen halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen halylarymyz aradan näçe asyr geçendigine garamazdan geçmişden şu güne çenli öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. Maral NURYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri Medeniýet habarlary we täzelikleri

No image
ŞGABAT-MERKEZI AZIÝANYŇ MERJEN ŞÄHERI

Kitaphanalar

23.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Garadaşaýak medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Aşgabat-merkezi Aziýanyň merjen şäheri» ady bilen kitap sergisi, aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat bu gün dünýäniň üns merkezinde günsaýyn özgerýändigi, gözelleşýändigi, ak mermere beslenen beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilgähleri bilen görenleri haýran galdyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ynanyşmagyň mekanyna öwrülendigi barada buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher häkimliginiň aýdym-saz döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanmyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlary bu çärä öwüşgin çaýdy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmek üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NEPISLIGIŇ GAÝTALANMAJAK NUSGASY

Kitaphanalar

23.05.2025

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çagalar kitaphanasynyň meýletin, ýaş höwesjeň okyjylarynyň arasynda «El-hünäri, il gezer» atly tematiki agşamy geçirildi. Bu dabaraly çärede kitaphananyň gaznasyndan «Nepisligiň gaýtalanmajak nusgasy» atly wagtlaýyn sergisi gurnaldy. Sergä Türkmenabat şäheriniň №30, №13 we №26 orta mekdepleriniň höwesjeň okuwçylary gatnaşdylar. Bu serginiň üsti bilen ýaş okyjylarymyza türkmeniň gadymy milli-sungatynyň waspy edildi we biziň ene-mamalarymyzdan gelip ýeten nepis sungatyň hiç bir halkyňka meňzemeýän ýeke-täk millilikdigi hakda gyzykly gürrüňler berildi. Dabaranyň dowamynda milliligimizi dünýä tanadan, medeniýete sungata uly sarpa goýýan, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ARKADAGYŇ ESERLERI GÖRELDE MEKDEBI

Kitaphanalar

23.05.2025

Mary welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda «Arkadagyň eserleri görelde mekdebi» atly maslahat duşuşygy geçirildi.Maslahat duşuşygyna mary säheriniň Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar. Maslahat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli ugurlar bilen bir hatarda, döredijilikde hem ýaşlara görelde bolýandyklaryny, halk we döwlet ähmiýetli işleriniň daşyndan döredijilik bilen meşgullanyp, ýiti paýhasy bilen dürdäne eserleri döredip, halkymyza ýetirýändigini nygtamak bilen, bu eserlerde halkymyzyň şöhratly taryhy, beýik şahslarymyz, milli gymmatlyklarymyz, medeniýetimiz-sungatymyz, asylly däp-dessurlarymyz dogrusynda giňişleýin maglumatlaryň jemlenendigini aýtdylar. Şonuň ýaly-da, çykyşlarda talyp ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini okamak, öwrenmek, ýankitabyna öwürmekleri barada öwüt-ündew berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga, zehinlerini açyp görkezmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, halkymyz hem-de türkmen ýaşlary üçin gymmatly gollanma öwrülen ajaýyp eserleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.