logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝINDE “GÖZELLIK SURATKEŞLERIŇ NAZARYNDA” ATLY SERGISI

Muzeýler

16.07.2025

Medeniýetimize we sungatymyza egsilmez sarpa goýulýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli sungat ojaklarynda alnyp barylýan işler döwrüň talaplaryndan ugur alnyp kämilleşdirilýär. Şeýle işlerde türkmen şekillendiriş sungatyna uly orun berilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda şekillendiriş sungatymyz barha ösýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Gözellik suratkeşleriň nazarynda” atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan daşary ýurt suratkeşleriniň hem-de türkmen suratkeşleriniň eserleri ilkinji gezek görkezilýär. Serginiň başy Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri suratkeş Allamyrat Muhammedowyň "Adalatyň dabaralanmagy" atly eseri bilen açylýar. Bu eser Beýik seljuk türkmen döwletiniň köşgünde bolup geçýän erkin pikir alyşmalar, raýatlaryň hukugynyň goragy baradaky pelsepe häsiýetde bolup, suratkeşiň 2002-nji ýylda döreden “Muhammet Togrul begiň soltanlyk hutbasy” atly eseriniň bir toplumydyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/muze%C3%BD-2.jpg) B.Muhammedowyň “Şükür bagşy”, G.Töräýewiň ”Köneürgenç” Ý.Jumaýewiň “Ahal ýaýlasy” atly ajaýyp eserleri sergimize aýratyn gözellik berýär. Ýelden ýyndam behişdi bedewlerimizi döredijiliginiň baş temasyna öwren ussat suratkeşleriň döredýän eserlerini synladygyňça, milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň artýar. Şeýle zehinli suratkeşleriň biri P.Gapançaýewdir. Onuň “Berkarar”, “Akhan”, “Turan bilen Wepalynyň doslugy” ýaly ajaýyp eserleri serginiň görnükli ýerinde orun berilýär. Serginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyza sowgat berilen Azerbeýjan döwletiniň belli suratkeşleri Maral Rahmanzade, Togrul Narimanbekow, Mikail Abdullaýew, Özbegistan döwletinden W.Enin, Täjigistandan döwletinden I.D.Sibizow, S.Arabow, Russiýa döwletinden Frans Rubo, A.Sarokin, I.P.Rubinskiý we birnäçe suratkeşleriniň eserlerini hem görmek bolýar. Umuman aýdanyňda türkmen suratkeşleriniň hem-de daşary ýurt suratkeşleriniň döredijilikleri çuňňur mazmuna ýugrulandyr. Olaryň ajaýyp eserleri tomaşaçylary ruhy taýdan terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de bu eserler kämillige ymtylýan, sungatyň inçe syrlaryna aralaşan zähmetsöýer ussat suratkeşlerdigini açyp görkezýär.

No image
TARYHA ŞAN BEREN KITAP

Kitaphanalar

16.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda «Taryha şan beren kitap» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmeni hormatly Prezidentimiziň taryha san beren «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň many mazmun baýlygy barada tasirli gürrüňleri berdi. Üstünde beýik beýik ynsanlar ýaşan , guran we döreden gadymy änew topragyna edilen taryhy we edebi zyýaratyň kamil miwesi bolyp türkmen edebiýatyny baýlaşdyran bu gymmatly eser hakyndaky gürrüňleri ýas nesiller üns berip diňlediler. Duşuşygyň ahyrynda ona gatnaşanlar medeniýetimizi taryhymyzy öwrenmäge şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
SANLY ULGAM-DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Muzeýler

16.07.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli pudaklarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyrşyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron we ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalar arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek , ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu günki gün innowasion we programma üpjünçiligi bilen bagly bolup durýar. Ýaşlarda milli däp-dessurlarymyzy, ebedi mirasymyzy, şöhratly geçmiş taryhymyzy, taryhy şahsyýetlerimizi öwretmekde, ylym-bilim bermekde sanly ulgamyň orny örän uludyr. Muzeýlere innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy türkmen halkynyň medeni mirasyny, taryhyny, häzirki we geçmiş medeniýetini öwrenmäge, goramaga hem-de wagyz etmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýinde wirtual muzeý internet saýty döredildi. Bu saýta giren her bir adam “Watan mukaddesligi” muzeýine wirtual arkaly gezelenç edip bilýär. Ol özüniň gyzyklanýan temasyny saýlap we düwmä bir gezek basyp muzeýiň “Gökdepe söweşi we beýik watançylyk urşy” “Gökdepe söweşiniň panoramasy”, “Ýer titreme”, “Aşgabat” bölümlerine gezelenç edip biler. Internet-saýtdan diňe bir ildeşlerimiz däl, eýsem daşary ýurtlylar hem peýdalanyp bilerler. Muzeýlerde wirtual usulyň ornaşdyrylmagy adamlaryň wagtyny tygşytlamaga, şeýle-de özlerine amatly pursatda muzeýlere gaýbana syýahat etmäge şert döredýär. “Watan mukaddeslik” muzeýi döwrebap tehnologiýalar bilen ornaşdyrylyp, muzeýe gelýän daşary ýurtly myhmanlar audio gid enjamyndan peýdalanyp bilýärler. Bu enjamyň ses ýazgylary bäş dilde (türkmen, iňlis, rus, hindi, türk) muzeý hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy. Bulardan başgada sanly ulgam, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan “Aşgabat” bölüminde Aşgabat şäheriniň gözel keşbiniň binalaryny görkezýän Golografik enjamy ornaşdyrylan. Bu binalaryň maketleri 3-D şekilleri bilen hem giňişleýin teswirlenýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp türkmen muzeýleriniň milli medeniýeti, sungaty, taryhy, halk senetlerini wagyz etmekdäki ähmiýeti ýokarlanyp, olar öz ösüşiniň sanly tapgyryna gadam basýarlar. Sanly tehnologiýalaryň şeýle tiz ösýän, kämilleşýän döwründe mähriban halkymyzy, bagtyýar ýaş nesillerimizi aýdyň geljege ruhlandyryp, ýüreklerde berkarar döwrümizi rowaçly menzillere besleýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşy goşalandyrýar. __________________ Jeren ALTYÝEWA Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýiniň Baş gazna saklaýjysy

No image
«GÜNDOGARYŇ BEÝIK AKYLDARY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE NESIL TERBIÝESI» atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Täzelikler

16.07.2025

Türkmen halky dünýä medeniýetini baýlaşdyran, bütinadamzat hazynasynda mäkäm orun eýeleýän gymmatlyklary, taryhda yz goýan beýik şahsyýetleri bilen meşhurdyr. Dünýä edebiýatynyň ruhy çeşmesine öwrülen şygyrlaryň eýesi Magtymguly Pyragy şol şahsyýetleriň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Akyldar şahyr türkmen poeziýa äleminiň soltany. Onuň agzybirligi, jebisligi ündeýän şygyrlary döwürleriň, heňňamlaryň içinden geçip, ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň kämilleşmeginde möhüm orun eýeledi. Şahyryň türkmen durmuşy, ýaşaýyş medeniýeti barada söhbet açýan şygyrlarynda halkymyzyň edep kadalary, ruhy-ahlak häsiýetleri, edim-gylymlary, däp-dessury, nesil terbiýesi türkmeniň döreden nusgalyk terbiýe mekdebiniň milli ýörelgeleri hökmünde çuňňur şöhlelenýär. Terbiýeçilik hem ýyllaryň tejribesini özünde jemleýän mekdep. Onuň hiç ýerde ýazylmadyk, ýöne halk tarapyndan ykrar edilen kadalary, düzgünleri bar. Magtymguly türkmeniň dünýä nusgalyk terbiýe mekdebiniň başynda duran tejribeli tälimçi deýin öz döredijiliginde nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2-k.jpg) Biz Magtymgulynyň döredijiliginiň ynsan häsiýetine bagyşlanan şygyrlarynda halkymyzyň irki döwürlerden bäri dowam edip gelen terbiýeçilik mekdebiniň gazananlary bilen ýakyndan tanyş bolýarys. Ýönekeý bir ardynjyramak bilen özüniň barlygyny, örän talapkärligini duýduran atalarymyz, kakalarymyz, eline iňňe tutmagy başarandan gyzjagazlary tikin-çatyn we biş-düş işlerine ugrukdyryp zähmet terbiýesiniň esasyny goýan enelerimiz, ejelerimiz şol mekdebiň ussat tälimçileridir. Bu günki gün türkmeniň dana şahyry Magtymguly dünýä derejesinde sarpalanýar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde geçen 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine döwlet hem dünýä derejesinde goýulýan uly hormatdan nyşandyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3-k.jpg) «Her sözüm bir dürdir kämil bolana» diýýän şahyryň bütin döredijiliginde ynsanperwerlik we ynsançylyk gatnaşyklary çuňňur beýan edilýär. Magtymgulynyň agzybirlige, jebislige, asuda durmuşa çagyran şygyrlary bütinadamzat gymmatlygydyr. Ol gymmatlyk halk hazynasynyň we hakydasynyň altyn täjidir. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen “Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde nesil terbiýesi” atly döredijilik duşuşygy hem akyldar şahyryň umumadamzat ähmiýetli döredijiliginde möhüm orun eýeleýän nesil terbiýesine bagyşlanyldy. Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň çäginde Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar belentden belent ýaňlandy. Duşuşyga gatnaşyp, çykyş edenler bütin dünýäde türkmeniň akyldar şahyry hökmünde tanalýan Magtymguly ýaly beýik şahsyýetlerimize çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-halkyň, bütin ynsanýetiň röwşen geljeginiň bähbitlerine ýugrulan beýik maksatnamalarynyň baky rowaç almagyny arzuw etdiler. ______________ Ogultäç Hojanazarowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

No image
TÜRKMENISTAN BAGTLY ÇAGALYGYŇ ÝURDY

Kitaphanalar

16.07.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurdy» atly duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen çagalar bilen ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çagalar üçin döredip berýän mümkinçilikleri hakynda buýsançly gürrüňler edildi. Çagalar bilen bilelikde arassa howada «Bagtyýarlyk çagalar we sagaldyş» dynç alyş merkeziniň gözel tebigatynda gezelenç edildi. Duşuşygyň dowamynda çagalaryň arasynda bolsa sesli okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Çagalar üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagtyýar çagalar özleriniň alkyşlaryny aýtdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/15%20h.jpg)

No image
EL HÜNÄRI–IL GEZER

Kitaphanalar

15.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “El hünäri–il gezer” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly medeni çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri nepis, ajaýyp el işlerimiz, olaryň aýratynlyklary, ulanylýan iňňe, ýüwse gaýçy ýaly gurallar, ýüpek sapaklary işmegiň usullary, nagyşlaryň aňladýan manylary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitaplaryndan birnäçe rowaýatlary okap berdiler. Çäräniň dowamynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda milliliklerimizi ýaşlara has giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ÇAGALARYŇ ŞATLYGY HER ÖÝÜŇ ABATLYGY

Kitaphanalar

15.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Demirýolçy” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Çagalaryň şatlygy her öýüň abatlygy” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz–nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy taýdan sagdyn ösüşini, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
AJAÝYP NEŞIRLER

Kitaphanalar

15.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda kitap sergi gurnaldy. Hormatly Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplaryndan wagyz nesihat işleri geçirildi. Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar talyp ýaşlary bu guralan serginiň özlerinde ýatdan çykmajak täsir galdyranlygyny beýan etdiler we türkmen halkyny baky bagtyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
BILDIRIŞ !

Muzeýler

15.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda sagat 10:00-da «Gözellik suratkeşleriň nazarynda» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy. Habarlaşmak üçin: 48-25-92

No image
BEÝIK MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINI WE MIRASYNY ÖWRENIJILERI

Kitaphanalar

15.07.2025

Mary welaýat kitaphanasynda «Beýik Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we mirasyny öwrenijileri» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşykda Magtymgulynyň şahyrana pelsepewi edebi mirasy watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy . Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr. Şahyryň millilik çäklerinden çykaryp, ony umumadamzat şahyryna öwren zat – onuň öz halkyna Watanyna bolan beýik söýgisidir, il-günüň ykbalyna baglanan çuňňur oýlanmalarydyr diýip belläp geçdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimiziň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.