logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
ŞADYÝAN MÖWSÜMDE TÄSIRLI PURSATLAR

Kitaphanalar

22.07.2025

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde çagalar üçin täsin dünýäni açyp görkezýän gyzykly pursatlary döredýärler. «Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde», şadyýan möwsümiň gyzykly günlerinde merkeziň ähli meýdanlary, açyk asman astyndaky hem-de üsdi ýapyk suw howuzlary, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan kompýuter otaglary çagalaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün edilen dynç alyş merkezlerimizde welaýatyň dürli künjeklerinden gelen çagalar öz deň-duşlary bilen dostlaşyp, şatlyklaryny paýlaşýarlar. Bu ýerde guralýan medeni- köpçülikleýin çäreler, dürli oýunlar oýnalyp wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Lebap welaýat çagalar kitaphanasy hem tomusky dynç alyş merkezlerine baryp özleriniň kitap sergilerini gurap, çagalara ertekili kitaplary gürrüň berip, çagalary kitap bilen dostlaşdyrmak arkaly şadyýan möwsümiň şatlykly günlerinde tebigatyň gözel künjeklerinde çagalary syýahat etdirmekde öz goşandyny goşýarlar. Çäräniň dowamynda dynç alyş merkeziň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan edýärler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/33.jpg)

No image
ARKADAG SERDARLY BAGTLY NESILLER

Kitaphanalar

22.07.2025

Ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda gülüp-oýnap ýaşamagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilim-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki zaman iň oňat şert-mümkinçiliklerini özünde jemleýän çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport mekdepleriniň ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Körpelere ilkinji edep-terbiýe kadalary çagalar baglarynda öwredilip başlanýar. Bilimiň ilkinji başlangyçlaryna hem olar şol ýerlerde gadam goýýarlar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar baglarynda bilim-terbiýe bermegiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylandygyny, körpeleriň aň-düşünjelerini ösdürmekde, dünýägaraýyşlaryny giňeltmekde munuň uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtamak bolar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp Balkan welaýat kitaphanasynda körpejeleriň gatnaşmagynda “Arkadag Serdarly bagtly nesiller” ady bilen ertirlik geçirildi. Ertirlige Balkan welaýatynyň 27-nji “Elektron” çagalar bakja bagynyň körpeleri hem-de 31-nji “Aýgül” çagalar bakja bagynyň körpeleri gatnaşdylar. Çagalara kitaphanaçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehinlerinden dörän ajaýyp kitaplaryndan , şeýle-de türkmen halk ertekilerini, rowaýatlary, tymsallary okap berdiler we ertekilerdäki gowy häsiýetli gahrymanlara meňzemekligi ündediler. Balkan welaýat kitaphanasynyň çagalar otagynda geçirilýän döredijilik bäsleşiklere, sport ýaryşlara, ertirliklere bagtyýar körpeleriň höwes bilen gatnaşyp, öz zehinlerini açyp görkezýändiklerine tüýs ýürekden guwanýarys. Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge hemme şertleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz asla egsilmeýär.

No image
ÝAŞLAR DÖWLETIMIZIŇ KUWWATLY GÜÝJÜDIR

Täzelikler

22.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şu ýylyň awgust aýynyň başynda Hazaryň türkmen kenarynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanyp mugallymlaryň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/pol.jpg)

No image
HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ RÖWŞEN ÝOLY

Kitaphanalar

22.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň, Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Hyzmatdaşlygyň we ösüşiň röwşen ýoly” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda geçiriljek maslahatyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty esasynda gazanan oňyn tejribesini halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan berkitmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmaga, şeýle hem ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin, iri halkara forumlarynyň geçirilmegi üçin beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMEN BUÝSANJY-DANA PYRAGY

Kitaphanalar

22.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümiň okalga zalynda “Türkmen buýsanjy-Dana Pyragy” atly kitap sergi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda bölümiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Türkmen buýsanjy-Dana Pyragy” atly kitap sergisi gurnaldy we sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmen Paýhasynyň synmaz sütüni” atly ajaýyp kitapda:–Magtymguly türkmen edebiýatynyň, türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran äleme belli beýik şahsyýetdir. Muny Alym Arkadagymyzyň: “Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar” diýen pähim-paýhasa ýugrulan sözleri-de tassyklaýar–diýip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
BERKARAR DÖWLET SAGDYN JEMGYÝETIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

22.07.2025

Balkan welaýat kitaphanasynda “Berkarar döwlet sagdyn jemgyýetiň binýady” atly duşuşyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş eden kitaphana hünärmenleri, saglygy goraýyş işgärleri ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramaga, beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil ýaş nesilleri kemala getirmäge biziň döwletimizde alnyp barylýan işler hakynda çykyş etdiler. Çärede ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramaga ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde seredilip, ony üstünlikli amala aşyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýändigi, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň barha ilerlemegine getirýändigi, ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak bilen bagly asylly işler paýhasly pederlerimiziň ynsanperwer däplerinden gözbaş alýandygy barada saglygy goraýyş işgärleri giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Alym Arkadagymyzyň adam hakdaky, hususan-da ynsan saglygyny goramak ugrundaky uly zähmetiniň miwesi bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby saglyga peýdaly, jana tenekar dermanlyk ösümlikler baradaky ylmy garaýyşlary barada kitaphana işgäri täsirli çykyş etdiler. Döwür-döwranyň dolanmagy, ata Watanymyzyň döwlet garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, ilatyň saglygy baradaky çykyşlar myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

22.07.2025

21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitiň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär. Gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi dowam edýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, geljek ýyl üçin oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

No image
DÜNÝÄ DOLSUN ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI

Kitaphanalar

21.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri. Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi» atly söhbetdeşlik hem-de göçme kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem- de çeper eserler, türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi. Sergi bu merkezde dynç alyş möwsümini gyzykly hem şadyýan geçirýän çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Kitap söýüji çagajyklar ertekileri uly höwes bilen okadylar. Söhbetdeşlige gatnaşanlar güneşli ülkämizi çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan syzylyp çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
MILLI MIRAS KALBYMYZYŇ ÇYRAGY

Kitaphanalar

21.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň bilelikde guramagynda “Milli miras kalbymyzyň çyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Milli medeniýetimiziň bäş müň ýyllyk taryhy öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, asyrlaryň gatlaryna siňen medeni mirasymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe düýpli öwrenilip, halka ýetirilip, aýratynam ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek her medeniýet işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan atalar sözi gymmatly hazyna bolup durýandygy, ata-babalarymyzyň pähim-parasatly dana sözleri halk köpçüliginiň arasynda giňden ýaýrandygy giňden ýaýrandygy barada belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge, geljek nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ATA WATANYMYZ TÜRKMENISTAN–HALKARA HYZMATDAŞLYKDA MÖHÜM MEÝDANÇA

Kitaphanalar

18.07.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda 2025-nji “Halkara–Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 4-8-nji awgusty aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahaty barada Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Ata Watanymyz–Türkmenistan dünýäniň ynanyşmak we ylalaşyk merkezi” atly birifng görnüşli söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda çärä gatnaşyjylar ,,Türkmenistan- beýik başlangyçlaryň ýurdy” ady bilen gurnalan kitap sergisine syn etdiler.