logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
GELIŇ KITAP OKALYŇ

Kitaphanalar

10.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda myhmançylykda bolup, olar bilen çagalar edebiýatyna degişli gyzykly kitaplar esasynda «Geliň kitap okalyň» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalaryň iň köp okaýan kitaplary, ertekileri boýunça sorag-jogap alşyldy, gyzykly gürrüňler edildi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem kitap söýüji ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy Söhbetdeşlige «Türkmenistan» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/binalar/d1.jpg)

No image
TARYH SAHYPASYNDA BAKY ÝAŞAR ADYŇYZ, ARKADAGLY SERDARYMYZ ÖÇMEZ ŞAN-ŞÖHRATYŇYZ

Muzeýler

10.07.2025

Hormatly Prezidentimiziň muzeý gaznalaryny baýlaşdyrmak we olary gorap saklamak hem-de ylmy taýdan öwrenmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi «Taryh sahypasynda baky ýaşar adyňyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz öçmez şan-şöhratyňyz» ady bilen halk arasyndan toplanan gymmatlyklary sergileriň üsti bilen halk köpçüligine ýetirdi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/b2.jpg)

No image
BAGTYÝAR NESILLER WATANYŇ GELJEGI

Kitaphanalar

10.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde guramagynda «Bagtyýar nesiller Watanyň geljegi» atly gezelençli gürrüňdeşlik geçirildi. Bagtyýar çagalyk-bu biziň ertirki güne ynamymyzdyr, geljege bolan batyrgaý garaýşymyzdyr we buýsanjymyzdyr. Halkyň ynamy döwletiň goldawy bilen has-da berkeýär, her bir adamy täze üstünliklere iterýän güýç hökmünde çykyş edýär. Baky Bitarap Türkmenistanyň çagalarynyň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş raýatlaryň arzuwlarynyň hasyl bolmagyna, bagtyýar geljeginiň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine ähli mümkinçilikler döredilen. Bu nukdaýnazardan ugur alyp Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, beýik şahsyýet bolup ýetişmegi ugurda kitaphanaçylar irginsiz zähmet çekýärler. Ine bu günki gün hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bakja bagynyň bagtyýar körpejeler gezelençe geldiler. Gezelençde çagalara kitabyň ähmiýeti dogrusynda hem-de kitaphananyň içiniň aýratynlyklary bilen giňişleýin gürrüň berdiler. Gezelençiň ahyrynda ýurdumyzyň körpe raýatlary üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren hem-de olaryň sagdyn, berk bedenli, kämil dünýägaraýyşly, döwrebap bilimli nesiller bolup ýetişmegi baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözler aýdyldy.

No image
ARKADAGLY DÖWÜRDE BAGTYÝAR ZENANLAR

Kitaphanalar

10.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Döwlet kitaphanasy hem-de «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Arkadagly döwürde bagtyýar zenanlar» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar zenanlary, olaryň ajaýyp durmuşy, ähli ugurlarda deňhukukly adamlar bolup durýandyklary barada söhbet etmek bilen, olaryň döwletimiz tarapyndan giňden goldanylýandygyny nygtadylar.Bu gün ene-mamalarymyzdan geçip gelen gelin-gyzlarymyzyň ýol-ýörelgesi,olaryň eliniň çeperligi her bir işde öň hatardadygy hemmelere bellidir.Çykyş edenler bular hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
HALYPA ŞÄGIRTLIK ÝOLY

Kitaphanalar

10.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphanamyzyň halypalary hem-de «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşlary kitaphanalara çekmek, olaryň edepli, terbiýeli, ruhybelent ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin halypalaryň görkezýän göreldeleri, öwredýän sowatlarynyň nä derejede möhümdigi barada «Halypa şägirtlik ýoly» atly gepleşigi ýazgy edildi. Gepleşigiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara öwüt-ündew berýän kitaplary, geçirilen maslahatlary barada gürrüň edildi. Gepleşigiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza halypa şägirtlik ýoly üçin giň ýol açyp berýändikleri üçin çäksiz alkyşlar aýtdylar.

No image
TÜRKMEN HALK ERTEKILERI DÜNÝÄ DILLERINDE

Kitaphanalar

10.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Türkmen halk ertekileri dünýä dillerinde” atly kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler türkmen halk ertekileri müňýyllyklaryň dowamynda dilden-dile geçip gelen gymmatly hazynamyz bolup durýar. Ertekiler türkmen halkynyň durmuş ýörelgelerini, ahlak kadalaryny, akyl-paýhasyny we ruhy dünýäsini şöhlelendirýär. Soňky ýyllarda türkmen halk ertekileri dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, dünýä okyjylaryna ýetirildi. Bu bolsa türkmen medeniýetiniň we ruhy mirasynyň halkara derejesinde giňden tanalmagyna mümkinçilik döretdi. Iňlis, fransuz, pars, türk we başga-da birnäçe dillerde çap edilen türkmen ertekileri dünýä halklarynyň arasynda dostlugy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
GÖZEL DERE GÖKDERE

Täzelikler

10.07.2025

Her bir adam çagalyk ýyllaryny ýürеkdеn küýsеýär, ýatlaýar, şatlygyna, hеzilliginе ýеnе-dе dоlanasy gеlýär. Ol ýyllar mähir-muhabbеtе, ýürеkdеşligе baý bolup, ata-enäniň söýgi-mährinе has köp çоýunýarys. Söýgi, mähriň gоýnunda günlеriň hatar gurap dеňimizdеn gеçýäni hеm duýulmaýar. Şоl ýyljak mähir diňе kalby ýylatman, tutuş älеmi ýyladýar. Оnsоň şеýlе ajaýyp ýyllar barada ýazyjylaryň esеr, şahyrlaryň şygyr dörеtmеgi tеbigy ýagdaý. Zеhinli şahyrymyz Gurbannazar Ezizоwyň çagalyk ýyllary bilеn bagly şygry biygtyýar hakydaňa dоlýar. Hamala çagalyk gеçmеjеk ýaly Çagalygyň kеnarynda kän durdum. Bu dünýе durşuna sоwaldy maňa, Şо sоwallaň jоgabyna näm bеrdim. ****** Ol şеýlе kеnardy,— Bеýik kеnardy. Alkymynda sоrag Adasy bardy, Aňyrsynda bоlsa, başga bir bеýik, Başga bir giň kеnar uzap gidýärdi. Bu sеtirlеr islendik adamy çagalyk ýyllary bilеn ýüzbе-ýüz edýär. Çagalygyň kеnarynda durdugyňça kalbyňy päk duýgular, gоwulyklar gaplap alýar. Çagalykdan gözbaş alýan islеndik zat bеrkligi bilеn tapawutlanýar. Dоgduk Watana söýgi hеm çagalykda dörеýär. Çaga mahalymyz Watanyň dag-düzlеrinе, sähralaryna sеýil-sеýrana höwеs-hyjuwly çykýarys. Şоnda enе tоpraga söýgi tutuş süňňümize siňýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzyň gеljеgi bоlan ýaş nеsil aýratyn üns-alada bilеn gurşalýar. Olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy, watansöýüji, ilhalar, kämil adamlar bоlmagy üçin dörеdilýän mümkinçiliklеr, şertler hеr bir ata-enäni guwandyrýar. Sagdyn nеsli kеmala gеtirmеkdе, оlaryň bеdеn saglygy dоgrusynda alada etmеk zеrur bоlup durýar. Hut şu nukdaýnazardan çеn tutulyp, çagalaryň оňat dynç alyp, bedenlerini berkidip, wagtlaryny hоş gеçirmеklеri üçin edilýän işlеr buýsançlydyr. Gökdеrе jülgеsindе çagalaryň оňat dynç almagy, saglyklaryny bеrkitmеk maksady bilеn gurlan sagaldyş wе dynç alyş mеrkеzlеriniň gapysy hеmişе açyk. Tomus paslynda sagaldyş wе dynç alyş merkezlerine çagalary dabaraly ugratmak, indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň çykyşlary dynç alýan çagalarda uly täsir galdyryp, olaryň medeniýetimize, sungatymyza bolan söýgülerini, döredijilige bolan yhlaslaryny has-da artdyrýar. Ol ýеrdäki hеzilliklеr tоmsuň iň şadyýan, iň gözel günlеri bоlup ýatlarynda galýar. Çagalaryň arasynda dürli bäslеşiklеriň, ýaryşlaryň guralmagy, оlaryň bilim dеrеjеlеrini, döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýüzе çykarýar. Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen ýurdumyzyň ýazyjy--şahyrlarynyň, aýdymçylarynyň hem-de artistleriniň döredijilik duşuşygy geçirildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/5412.jpg) Döredijilik duşuşygyna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, şahyr Osmanberdi Gurbangeldiýew, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçy artisti Ýazbibi Sapargeldiýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni, ýazyjy Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Üýşenmyrat Annanurow dagy gatnaşdylar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň eziz Watanymyzda hem-de halkara derejesinde giňden bellenilýän ýylynda geçirilen döredijilik duşuşygynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar, aýdymçydyr artistler häzirki döwürde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň çagalar barada edýän uly aladalarynyň, döredilýän giň mümkinçilikleriň, şertleriň netijesinde, ýurdumyzyň bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülendigini guwanç bilen bellediler. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda ýazyjy-şahyrlaryň, aýdymçy hem artistleriň çykyşlaryny, “Akpamyk” halk ertekisinden ýerine ýetirilen bölegi, okalan goşgulary, Üýşenmyrat Annanurowyň, Ýazbibi Sapargeldiýewanyň aýdyp beren aýdymlaryny çagalar uly höwes bilen diňlediler. Şeýle hem çagalaryň öz düzen goşgularyny, ajaýyp aýdymlary aýdyp bermekleri, olaryň döredijilige bolan höwesleriniň uludygynyň aýdyň subutnamasydyr. Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar ýurdumyzda çagalaryň bagtly durmuşy, bagtyýar geljegi barada uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdyp, berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
BAGTYÝAR NESILDE ŞYPALY DYNÇ ALYŞ

Kitaphanalar

10.07.2025

Tomus pasly çagalar üçin iň gyzykly döwür. Bu döwürde çagalaryň her bir gününi şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli amatlyklar döredilendir. Lebap welaýat çagalar kitaphanasy hem tomus paslynda çagalaryň boş wagtlary kitap bilen dostlaşmagy üçin welaýatymyzyň çagalar üçin niýetlenilen dynç alyş merkezlerinde yzygiderli göçme sergileri gurap, gyzykly çäreleri, bäsleşikleri, çeper okaýyşlary ýola goýýarlar. Ynha «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem kitaphana hünärmenleri çagalar üçin «Bagtyýar nesilde şypaly dynç alyş» atly tematiki agşamyny gurnadylar. Bu agşamda edilen gürrüňler çeper okaýyşlar, görkezilen gurjak sahnalary çagalarda uly şatlykly täsir galdyrdy. hem-de ýurdumyzyň Altyn asyr teleýaýlymyna ýazgy edildi. Çäräniň dowamynda dynç alyş merkeziň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ HALKARA ÇÄRELERIŇ GEÇIRILJEK DESGALARYNYŇ TAÝÝARLYK DEREJESI BILEN TANYŞDY

Täzelikler

10.07.2025

9-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklaryň geçiriljek ýeri bolan Kongresler merkezine geldi. Hazaryň kenaryndaky ajaýyp künjekde ýerleşýän bu merkez özüniň binagärlik çözgüdi netijesinde Awazanyň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşýar. Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde ýurdumyzyň jana şypaly bu künjegi tanalmaz derejede düýpli özgerdi. Häzir bu ýerde köp sanly kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherjikleri, seýilgähler, dynç alyş we şypahana düzümleri halkyň hyzmatynda. Gözel tebigatyň ekologik derejesi, Awaza derýasy bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär. Säher bilen Günüň dogýan çaglarynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan üçin has-da ýakymly. Munuň özi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, deňziň kenarynda-da ýokary ekologik ýagdaýy saklamak ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Ilatyň saglygyny berkitmek, adamlaryň ýokary derejeli dynç alşyny ýola goýmak we jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. ...Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Gahryman Arkadagymyz keşbi düýpli özgeren we bagy-bossanlyga bürenen Awazanyň çäklerini synlady. Bu ýerde her ýylda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi netijesinde, deňziň kenaryndaky tokaý zolaklarynyň çäginde saýaly baglara beslenen seýilgähleriň sany artdy. Adamlaryň gezelenç etmekleri, amatly dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän dynç alyş zolagynyň şertleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna hem-de ýokary halkara görkezijilere doly kybap gelýär. Munuň özi ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, biodürlüligi baýlaşdyrmak ugrunda giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

No image
BAGTYÝAR ÇAGALAR-BEÝIK GELJEGIMIZ

Kitaphanalar

09.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki «Altyn Ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezide «Bagtyýar çagalar-beýik geljegimiz» atly söhbetdeşlik geçirildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we gyzykly geçirmeklerini gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen dürli ýaşdaky ruhubelent çagalara halk döredijiligiň iň bir gadymy görnüşleriniň biri bolan türkmen halk ertekilerini okap berdiler. Olar ertekileriň gahrymançylykly keşpleri, terbiýeçilik ähmiýeti, çagalara ýetirýän täsiri we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Çäräniň dowamynda erteki gahrymanlaryny çaga bilesigelijigi bilen diňlän okuwçylar gahrymanlaryň gylyk-häsiýetleri barada sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa, bagtyýar çagalaryň wagtyny gyzykly hem-de hoş geçirmegine uly mümkünçilik berdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.