logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
ZEHINLI OKUWÇYLARYŇ DÖREDIJILIGINDE HALYPA ŞAHYR

Kitaphanalar

21.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri, ýaňy ýakynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 52-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen «Zehinli okuwçylaryň döredijiliginde halypa şahyr» ady bilen, şahyr, ýazyjy, dramaturg Mämmetgurban Mämmetgurbanow bilen bilelikde edebi duşuşygyny geçirildi. Bu duşuşygyň dowamynda şahyr, şygyr dünýäsine aralaşmagyň, döredijilik ýoluna gadam basmagyň, kitaplar bilen baglydygyny mysallar üsti bilen täsirli gürrüň berdi. Halypa şahyr Mämmätgurban Mämmetgurbanow özüniň ilkinji gezek okuwçy döwründe düzen goşgusyny okap berdi, hem öz gezeginde okuwçylara döredijilik ýolunda diňe türkmen ýazyjylary däl, eýsem daşary ýurt ýazyjylaryň edebiýatlaryny hem kitaphanalara baryp, okamagy tabşyrdy. Şahyr okuwçylara öz döredijiligi dogrusynda gyzykly hem täsirli gürrüň aýdyp berdi, şeýle-hem okuwçylar öz gezeginde, ýazan goşgularyny labyzly okap berdiler. Göçme kitap sergi duşuşyga gatnaşanlara uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda milli medeniýetimizi,sungatymyzy we edebiýatymyzy ýaş nesillere has giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
EDEP-TERBIÝE-YNSAN BEZEGI

Kitaphanalar

21.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Edep-terbiýe-ynsan bezegi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiziň, gadymdan gelýän şöhratly taryhymyzyň öwrenilmegine uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň,däp-dessurlarynyň ylmy esasda öwrenilmegi we sarpalanmagy ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar.Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge, watansöýüjiligi wagyz etmäge ruhlandyrýar.Bu beýik işlerde Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplary gymmatly gollanma bolup durýar diýip, uly buýsanç bilen nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy,ýaş nesillerimiziň röwşen geljegi üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KITAPHANA PAÝHASLAR ÖÝI

Kitaphanalar

21.05.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da güýçlendirmek, bilim derejesini artdyrmak hem-de ruhy taýdan kämilleşdirmek maksady bilen her ýylda yglan edilýän paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de orta mekdepleriniň okuwçylarynyň Döwlet kitaphanamyza ýygy-ýygydan gelip, köp kitap okaýan okyjylaryň arasynda yglan edilýän “Kitaphana paýhaslar öýi” atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny hem-de ýürek buýançlaryny beýan etdiler.

No image
KITAPHANA PAÝHASLAR ÖÝI

Kitaphanalar

21.05.2025

«Kitaphana paýhaslar öýi» atly bäsleşigiň dowamynda «Kitap ylym çeşmesi» atly kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary sergilendi. Bu sergi bäsleşige gatnaşan myhmanlarda we okyjylarda örän uly täsir galdyrdy.

No image
KITAP KALBYŇ AÇARY

Kitaphanalar

21.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da güýçlendirmek, bilim derejesini artdyrmak maksady bilen geçirilen “Kitaphana paýhaslar öýi” atly bäsleşigiň dowamynda bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar bilen bilelikde söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA AGYR ATLETIKA FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Täzelikler

21.05.2025

20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, sport ulgamynda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistana sapar bilen gelmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Ol 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelendigini we bu saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Myhmanyň belleýşi ýaly, ak mermerli Aşgabadyň gaýtalanmajak gözel keşbi ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Döwlet Baştutanymyz iri sport guramasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, onuň bu saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Sporty ösdürmek, halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda döwlet derejesinde tagallalar edilýär. Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen federasiýalar we beýleki abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary saklaýar. Bu bolsa Diýarymyzda sport diplomatiýasynyň giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär. «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

21.05.2025

20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek maksady bilen zerur guramaçylyk çäreleri geçirildi. Tohumlyk ekilen bugdaýyň hasylyny talabalaýyk ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şunuň bilen birlikde, pile möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak işleri dowam edýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim 25-nji maýda welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmagyň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. «Türkmenistan» gazeti

No image
Arkadag şäheri–bagt şäheri

Edebiýat älemi

21.05.2025

``` Garaşsyz hem baky Bitarap ýurduň, Beýik ösüşlerniň aýdyň beýany. Gözellik döredýän ynsan gudratyn, Taryha keşdelän işleň mysaly, Arkadag şäheri–bagt şäheri. *** Ummanyna siňsek, çuň gadymyýetiň, Uzar syryn söýläp, sakasyz sepiň. Beýik Ýüpek ýoly üstünden geçen, Şöhratly menzilleň, geljegiň nury, Arkadag şäheri – bagt şäheri. *** Pyragynyň hyýalynda isläni, Baýram hanyň şygyrynda besläni. Owazlanyp, Garaja oglan kelamy, Mermer durkuň nurlandyrýar zamany, Arkadag şäheri – bagt şäheri. *** Şäherleň seresi, «akylly şäher», Eşretinden ganyp, durlanar serler. Ösüşli günlerden nurlanýar säher. Ýaşyl goýny Erem, sowulmaz bahar, Arkadag şäheri – bagt şäheri. *** «Arkadag» binasy göwün ganaty, Ruhlandyrýar, bagtdan paýly raýaty. Buýsandyrjy sepgitleriň şaýady, Döwrebapdan kaşaň ak ymaraty, Arkadag şäheri – bagt şäheri. *** Müňýyllykdan alyp gaýdan gözbaşy, Milli mirasymyz, binalaň nagşy. Taryplap keşbiňi, ajap durmuşy, Şanyňa namalar gaýyrýar bagşy. Arkadag şäheri – bagt şäheri. *** Aýna ýaly şaýollary görkana, Gül çyralar şugla saçýar, çar ýana. Özboluşly heň bagyşlap synlana, Çüwdürimleň çelgi, nurly eýýama, Arkadag şäheri – bagt şäheri. *** Bereket arygy, aňzak, epgegi, Derde melhem, oty-çöpi, ýapragy. Ägirtleň, gerçekleň ýaşan topragy, Çawun dünýä ýaýýar, dutar,depregi,, Arkadag şäheri – bagt şäheri. *** Heňňamy gürleder, gerişli daglar, Mermer binalary göwnüňi çaglar. Yşkyň alawladar, gül açan baglar, Waspyny söýleýär belentden, sazlar, Arkadag şäheri – bagt şäheri. *** Paýhasyndan Gahryman Arkadagyň, Arkadagly Gahryman Serdaryň, Nazaryn özüne çekip dünýäniň, Wysal edýär, Oguz ähliň hyýalyn, Arkadag şäheri – bagt şäheri. ``` *** ###### Miwe BEKMYRADOWA ###### «Medeniýet we Syýahat» žurnalynyň bölüm redaktory

No image
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGINDE TERBIÝÄNIŇ ORNY

Kitaphanalar

20.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda «Magtymgulynyň döredijiliginde terbiýäniň orny» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler akyldar şahyrymyzyň üç asyr bäri külli türkmeniň ruhy daýanjy bolup gelýän şygyrlary islendik halkyň wekiliniň kalbyny gülzarlyga besleýändigi, onuň edebi mirasynyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň bütin dünýäde ykrar edilýändigini belläp geçdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi, ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, onuň döredijiliginiň ýaş nesilleri terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda täsiriniň örän uludygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanmyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HALY NEPISLIGIŇ WE AGZYBIRLIGIŇ SUNGATY

Muzeýler

20.05.2025

Türkmen halylaryna asyrlar boýy «Syrlar siňen nepislik» diýilmegi ýöne ýerden däldir. Bäş müň ýyllyk taryhyny özünde jemleýän bu senet diňe bir halk senetçiliginiň gymmatly ýadygärligi, milletiň maddy hazynasy, ruhy täji bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtda halkymyzyň taryhyny öwrenmekde-de egsilmez çeşmedir. Ussatlyk bilen dokalan halylarymyzy içgin synlanyňda, olaryň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, sungatyna saldamly goşant goşandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Türkmen halylary türkmeniň milli buýsanjydyr. Türkmen halysy taýsyz owadanlygy, dokalyşynyň nepisligi bilen her bir adamy özüne maýyl edýär. Ene-mamalarymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halylara salnan nagyşlaryň asyl nusgasyny ýitirmän, nesillerden-nesillere geçirip, şu günlerimize ýetiripdir. Gelin-gyzlarymyz türkmen sähralarynyň gözelligini, al-ýaşyl güllere beslenen dag-düzüni, ýaşaýyş-durmuş şertlerini nagyşlaryň üsti bilen beýan edipdirler. Her bir çitimine tükeniksiz yhlas siňdiren zenanlarymyz halyny sungat derejesine ýetiripdirler. Ussatlyk bilen dokalan halylarymyzy içgin synlanyňda, olaryň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, sungatyna saldamly goşant goşandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» eziz Diýarymyzda dabarasy äleme ýaň salýan, uly ruhybelentlikde ýokary guramaçylykda geçirilýän çäreler ajaýyp ýylymyzyň şanyna şan goşýar. Ýurdumyzda uludan bellenilýän türkmen halysynyň baýramy gadymy Lebaby toý lybasyna besledi.