logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
PEKIN ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET ÝYLYNYŇ ÝAPYLYŞ DABARASY

Halkara gatnaşyklary

10.06.2025

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly çäklerinde 4-nji iýundan 7-nji iýuna çenli çäreler geçirildi. Ýapylyş dabarasy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň artistleriniň çykyş eden konserti bilen tamamlandy.

No image
YLYM – YNSAN BAÝLYGY

Muzeýler

10.06.2025

Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň 12-nji iýuny Ylymlar güni bellenip geçilýär. Bu dabara mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan «Ylym – ynsan baýlygy» atly sergi gurnady. Ylymlar gününe bagyşlanan sergi iki bölümden ybarat bolup, birinji bölümde tebigat ylymlary bilen baglanyşykly dokumental suratlar hem-de dürli muzeý gymmatlyklar giňden görkezilýär. Bu ýerde mikroskop, barlaghana enjamlary, Türkmenistanyň çäginden gazylyp alynýan ýerasty baýlyklary bolan: hek daşlary, mermer oniks, halsedon, kükürt, selestin, angidrit, gips we başga mineral daşlar görkezilýär. Serginiň dowamynda gadymy haýwanlaryň daşlaşan galyndylaryny öwrenýän paleontologiýa ylmyna degişli eksponatlary hem görmek bolýar. Olaryň arasynda ammonitler, balykgulaklar, deňiz kirpiler, daşa öwrülen agajyň böleginiň gadymylygyna garamazdan biziň şu günlerimize ýetip gelendigi, sergä tomaşa etmäge gelenleri haýran galdyrdy. Serginiň ikinji bölüminde Türkmenistanyň taryhy bilen bagly gazuw-agdaryş işlerinden dokumental foto suratlary we ýurdumyzyň çäginden tapylan arheologik gymmatlyklar görkezilýär. Olaryň arasynda keramiki we metal gaplar, bina bölekleri, diwar bezegleri özboluşlylygy, täsinligi, ýerine ýetiriliş taýdan çeperçiligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Ýurdumyzda türkmen ylmynyň ösmegine uly goşant goşan belli alymlaryň portretleri, ylmy we ylmy-populýar kitaplar görkezilýär. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professоrу, jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň kafedra müdiri Nurýagdy Suhanow, Türkmenistanyň Döwlet çереrçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniji Azat Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa gatnaşdylar. Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

No image
BITARAPLYK, PARAHATÇYLYK – ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Kitaphanalar

06.06.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, bu medeni ojagyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Lebap welaýat geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlap «Bitaraplyk, parahatçylyk – ösüşleriň aýdyň ýoly» atly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige jemgyýetçilik guramalaryň işjeň agzalary, kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar kitaphanada hemişelik guralan «Bitaraplyk belent maksatlara ruhlandyrýar» atly kitap sergisine syn etdiler.

No image
GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ MILLI MIRASYNY ÇUŇLAŞDYRYP ÖWRENMEKLIGIŇ YLMY ÄHMIÝETI

Täzelikler

05.06.2025

Ylym – bu ähli ugurlarda, ulgamlarda gazanylýan ösüşleriň binýadydyr. Arkadagly Serdarymyzyň: «Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýen sözlerinden ruhlanýan bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň täze taryhy döwründe ylmy şamçyrag edinip, geljegiň nurana ýoly bilen öňe barýarlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginde hem çuňňur many bar. Çünki, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Ylymlar güni mynasybetli «Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Ýaşlaryň ylmy gadamlary», «Suratkeşleriň döredijilik eserlerinde ylym-bilimiň waspy», «Arkadag şäheriniň döwrebap binagärlik taslamalary», «Türkmen dessanlary dünýä ylmynda», «Ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan nakgaşlyk eserleri», «Ylym we bilim Watanymyzyň kuwwaty», «Dünýäniň akyldary – Magtymguly Pyragy», «Ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň ösüşi» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ylmy-barlag institutlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýan bäsleşik taslamalary ýaş alymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge we ylmy dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam bermekde ähmiýetiniň uludygyny yzygiderli bellediler.

No image
TÜRKMEN SURATKEŞLERIŇ DÖREDIJILIK SAPARYNDA TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ GÖZELLIGI

Halkara gatnaşyklary

04.06.2025

2025-nji ýylyň 24-nji maý 01-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow hem-de «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Modyýew Türkiýe Respublikasynyň Erzurum şäheriniň 2025-nji ýylda türki dünýäniň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan geçirilýän Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşyp, iş saparynda boldular. Iş saparynyň esasy maksady döwletleriň biri-biri bilen sungat barada tejribe alyşmak, ýaşaýyş durmuşyny hem-de milli däp-dessuryny döredijilik eserlerinde görkezmegi gazanmakdyr.

No image
YLYM – EŞRETLI WE BAGTYÝAR DURMUŞYŇ GÖZBAŞYDYR

Kitaphanalar

04.06.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, kitaphananyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym – eşretli we bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr» ady bilen maslahatyny geçirdi. Maslahata Türkmenabat şäherinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çykyşlarda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly bolmagy ugrunda ähli amatly şertleriň döredilýändigi, ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we gözýetiminiň giňelmegi üçin zerur şertleriň döredilýändigi barada buýsançly gürrüňler edildi. Gatnaşyjylar çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri tarapyndan «Ylym ösüşleriň ganaty» atly guralan kitap sergisine syn etdiler hem-de ýurdumyzda döredilýän ähli şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
YLYM ÖMRÜŇ BINÝADY

Muzeýler

04.06.2025

Türkmen halky hemişe ylyma, bilime, kitaba aýratyn sarpa goýup gelipdir. Aslynda adama göwher ýaly gymmatly baýlyklaryň dördüsi sowgat berlenmiş. Iman, akyl, ylym, sahawatlylyk. Bular ynsan tebigatynyň bezegi saýylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Alymlara uýsaň, açylar gözüň» diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Ylym, bilim, edebiýat, sungat, medeniýet, adamzadyň bahasyny ölçäp bolmajak baýlyklarydyr. Bu günki gün täze taryhy eýýamymyza-da ýaş nesliň ylym-bilim almagy, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ýurdymyzda ähli mümkinçilikler döredilen. Ýurdumyzda ylmyň, tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksadaokgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip bellemek bilen, ýurdumyzda ýaşlara ylym dünýäsinde-de giň ýol açýar. Her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda Ylymlar güni uly dabaralara beslenip baýram edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda uludan bellenilýän ylymlar güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde muzeý gymmatlyklaryndan düzülen «Ylym ömrüň binýady» atly wagtlaýyn sergi gurnaldy. Diýseň ýatda galyjy pursatlara baý bolan sergä Türkmenabat şäherindäki Maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň mugallymlary we talyplary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Şeýle-de, ýurdumyza ylymly-bilimli ýaşlaryň döwrebap bilim terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden alkyşlaryny beýan etdiler. ###### Gülälek BATYROWA ###### Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy. Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň işjeň agzasy.

No image
SÖZ USSADY MAGTYMGULY PYRAGY

Kitaphanalar

04.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Söz ussady Magtymguly Pyragy» atly gezelenç geçirildi. Akyldar şahyryň şygyrlarynda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumy adamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Päk göwünli, kalby Watanyna bolan söýgä beslenen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyr setirlerini okanyňda, onuň il-ýurduna, dogduk mekanyna söýgüsiniň belent derejede bolandygyna, onuň hakyky watançy hökmünde türkmen ýurduna, onuň gözel tebigatyna guwanandygyna göz ýetirýärsiň. Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry hökmünde tanalýar, çünki akyldar şahyryň goşgulary ähli ynsanlar üçin paýhasdyr, nesihatdyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Watana, halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, ony dünýä tanatmak babatda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Kitaphanalar

04.06.2025

Türkmenistanyň Senagatçylyk we telekeçiler partiýasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasaty parahatçylygyň we ösüşiň aýdyň ýoly» atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyz parahatçylygyň, abadançylygyň, asudalygyň mekanyna öwrülýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyz daşary syýasatda Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýäniň ähli döwletleriniň we halklarynyň bähbitlerini nazara alyp, Türkmenistanyň ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän başlangyçlary bilen halkara abraýy barha belende galýar diýip uly buýsanç bilen söhbet etdiler. Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

04.06.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda sagat 10:00-da Ylymlar güni mynasybetli «Ylym – ynsan baýlygy» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92