logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

AT-DA WEPA-DA BAR SAPA-DA

Muzeýler

25.03.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň her bir güni uly ruhubelentlik bilen geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Şanly ýylymyza şan berip, mukaddes ýaşyl tugumyzy al-asmanda parladyp, ýeňiş gazanan

«SEBITARA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ DURMUŞ TAÝDAN TÄSIRI WE JEMGYÝETE TÄSIRI» ATLY BRIFING GEÇIRILDI

Täzelikler

25.03.2025

Aşgabatda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň

ÜSTÜNLIK ŞAHADATNAMASYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY

Kitaphanalar

25.03.2025

Aba Annaýew adyndaky Arkadag şäher atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda Arkadag şäher häkimliginiň guramagynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanzi uniwersitetiniň Arkadag akylly şäheriniň

TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MÖHÜM ÜSTÜNLIGI ÜNS MERKEZINDE

Täzelikler

25.03.2025

24-nji martda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

25.03.2025

24-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

No image
NOWRUZ-PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ BAÝRAMY

Taryhy ýadygärlikler

24.03.2025

NOWRUZ-PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ BAÝRAMY 21-nji martda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Halkara Nowruz baýramçylygyna bagyşlanan meşhur aýdymçylaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň, tans we halk döredijilik-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk konserti geçirildi. Bu konserta türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen çykyşlar, tomaşaçylaryň kalbynda watansöýüjilige, agzybirlige, mizemez dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde uly buýsanç döretdi.

No image
TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SYÝAHATÇYLYK WE AMALY-HAŞAM SUNGATY SERGISI WE OŇA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

Medeni miras

24.03.2025

TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SYÝAHATÇYLYK WE AMALY-HAŞAM SUNGATY SERGISI WE OŇA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2024-nji ýylyň 22-24-nji oktýabry aralygynda «Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk özüne çekijiligi» atly bilelikdäki amaly-haşam sergisiniň hem-de onuň çäklerinde «Syýahatçylygy ösdürmegiň ýollaryny öwrenmek» atly bilelikdäki maslahaty geçirildi. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlyklar barha kämilleşýär. Dost-doganlygyň we goňşuçylygyň saýasynda barha ösýän türkmen we eýran halklarynyň gatnaşyklarynda medeni hyzmatdaşlyklar aýratyn orny eýeleýär. Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri eýranly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda birnäçe şertnamalary baglaşdylar. Syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak we pugtalandyrmak, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek hem-de ilerletmek Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň syýahatçylyk özüne çekijiligi atly bilelikdäki syýahatçylyk we amaly-haşam sergisiniň baş maksady bolup durýar. «Syýahatçylygy ösdürmegiň ýollaryny öwrenmek» atly bilelikdäki maslahatyna ýurdumyzyň we Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk we myhmanhana ulgamynyň wekilleri hem-de bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda birnäçe çykyşlar diňlenildi.

PARAHATÇYLYGYŇ ÝOLY-ÖSÜŞIŇ ÝOLY

Kitaphanalar

24.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işler bölümi «Parahatçylygyň ýoly-ösüşiň ýoly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

HALKARA NOWRUZ GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN SERGI

Muzeýler

24.03.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmeniň milli medeniýetine, ruhy mirasyna, beýik taryhyna aýratyn uly üns berilýär.

BAÝRAMÇYLYK SERGISI

Muzeýler

24.03.2025

Mary welaýatynyň Ak öý binasynda Milli bahar baýramy Nowruza bagyşlanyp geçirilen toý dabaralarynda Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri taryhy gymmatlyklary sergilediler we baýramçylyga bagyşlanan söhbetdeşlige gatnaşdylar.