logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

AÇYLMYŞDYR LÄLE REÝHAN, NOWRUZ GELSE DIÝARYMA

Kitaphanalar

17.03.2025

Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi, Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli «Açylmyşdyr läle reýhan, Nowruz gelse Diýaryma» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.

NOWRUZ–MILLILIGIŇ WE YNSANPERWERLIGIŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

17.03.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar maýramy mynasybetli

NOWRUZ GELDI GÜLE BESLÄP DÜNÝÄNI

Kitaphanalar

17.03.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli Bahar baýramy mynasybetli

PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM!

Kitaphanalar

17.03.2025

Mary welaýat kitaphanasynyň guramagynda Marynyň S.A.Nyýazow adyndaky Lukmançylyk orta okuw mekdebinde «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» atly göçme kitap sergi gurnaldy. Bu sergi mart aýynyň 17-den mart aýynyň 20-si aralygynda dowam eder.

DEHISTANYŇ ORTA ASYRLARDA ÇÜÝŞE ÖNÜMÇILIGI

Taryhy ýadygärlikler

17.03.2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelindäki karary bilen kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelindäki karary bilen kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin

No image
DEHISTANYŇ ORTA ASYRLARDA ÇÜÝŞE ÖNÜMÇILIGI

Muzeýler

17.03.2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelindäki karary bilen kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen wezipelere laýyklykda Dehistan ýadygärlikler toplumynda-da işler dowam etdirilýär. Dehistanyň bu orta asyr ýadygärliklerinden hünärmentçilik önümleriniň küýzegärçilik görnüşinden başga-da çüýşeden ýa-da aýnadan ýasalan gaplaryň görnüşleridir köp duş gelýär. Dehistandan ýüze çykarylan kiçi göwrümli çüýşe gabynyň şar şekilli göwrüminiň daş tarapyny dört ýerinde güberçek (relýef) görnüşde, iç tarapy bitewi tegelek we onuň daşyna aýlanýan halkaly nagyş bezeýär. Gabyň bokurdagy düýbünden ýokary gitdigiçe giňeldilip, daş tarapy altygyraň edilip ýylmanypdyr. Gabyň aňyrsy görünmeýän, açyk goňur, tutuk reňki bolup, döwlen ýeriniň daş we iç tarapyndaky gatlaklar aýdyň görünmegi gap ýasalanda goşmaça erginler bilen ýeterlik galyňlykda gaýtadan suwalandygyny aňladýar. Şeýle tilsimiň kömegi bilen bolsa bu gaba nagyş etmekde we bokurdagyny timarlamakda ýeňillik döredilen bolmaly. Bu çüýşe gaby XI-XII asyrlarda ýasalyp, görnüşi, bezegi onuň derman ýa-da parfýumeriýa üçin ulanylandygyny çaklamaga esas berýär. Dehistanyň Maşat-ata ýadygärliginde soňky geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde bitewi bolmadyk birnäçe çüýşe önümleri tapyldy. Bu çüýşe gaplaryň agyzlary göwrümlerinden galyň edilipdir hem-de daş tarapyna egreldilipdir. Şeýle etmek bilen, olaryň owadanlygyndan başga-da gaplaryň agyzlarynyň jebis ýapmaklyk, içine suwuklyk guýmakda amatlylyk hem-de olary asyp götermeklik hem göz öňünde tutulandyr. Çüýşeleriň biri açyk ýaşyl reňkli bolup, ýaýraň edilen agzy giň edilipdir, ýöne bokurdagynyň düýbi inçeldilipdir. Aşaky böleginiň saklanyp galan döwüginden çen etseň onuň göwrümi şar şekilli bolupdyr. Bellemeli zatlaryň bu çüýşe gabynyň esasy göwrüminiň örän ýuka edilendigine garamazdan berkligi bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Çüýşäniň döwüginiň iç tarapynda bokurdagynyň esasy göwrümine birigýän ýerinde büdür-südürligi onuň ilki özbaşdak ýasalyp, soň birikdirilendiginden habar berýär. Çüýşe gaplaryň ikinjisi örän çylşyrymly tilsimler bilen ýasalypdyr. Onuň düzümi goýy ýaşyl reňkde bolup, altyn, gök reňkler bilen tolkun şekilli çyzyklar edilipdir. Bu tapyndynyň saklanyp galan bokurdagyndan çen etseň onuň aşaky bölegi kiçi göwrümli bolsa gerek. Gaplaryň üçünjisi ilki açyk, aňyrsy görnüp duran çüýşeden edilip, soň onuň iç we daş taraplaryna açyk goňur reňk berlipdir. Reňkler gowy saklanmandyr. Bu çüýşe gabynyň agzy guýguç şekilli (agzynyň diametri 2,6 sm) bolup, erňeginiň aşak ýanynda güberçeklik bar. Güberçegiň edil aşak ýanyndan esasy göwrümini birleşdirýän dik çyzyklar (kannelýura) edilipdir. Gabyň saklanyp galan bölegi onuň ilkibaşdaky şekiliniň armyt görnüşli bolandygyny aňladýar. Dehistanyň çüýşe gaplary özleriniň ýasalyşynda orta asyrlarda hünärmenleriň ýokary kämilligini görkezmek bilen döwürleri boýunça IX-XII asyrlar bilen senelenýärler. IX-X asyrlarda Dehistanda entek keramika önümlerine syrça bermeklik berk ornaşmaka çüýşe gaplaryny öndürmeklik kämillige ýeten bolmaly. Biz muny öň Maşat atadan ýadygärliginden tapylan çüýşe gaplaryň mysalynda hem görüp bilýäris. Mälim bolşy ýaly, çüýşe önümlerini ýasamaklygyň gözbaşy müňýyllyklara uzaýar. Bu önümçilik bilen iş salyşýanlar öz kärlerini wagtyň geçmegi bilen kämilleşdiripdirler. Çüýşe önümlerine dürli, gök we mawy reňkleri bermekde mis gyryndysyny, ýaşyl reňki bermekde demri, goňur reňki bermekde kükürdi ulanmaklygyň syrlaryny özleşdiripdirler. Bulardan başga-da, çüýşe önümlerine aňyrsy görünmeýän tutuklygy berýän fosforyň, myşýagyň, surmanyň garyndylaryny hem giňden ulanypdyrlar. Irki orta asyrlarda açyk hem-de ýuka diwarly berk çüýşe gaplaryny ýasamaklyk üçin inçejik turba şekilli ýörite üflenilýän gural bu önümçilige ornaşdyrylypdyr. Şeýle guraly ele almak bilen bolsa ýönekeý senetçiler indi öz hünärlerini sungat derejesine ýetirmäge mümkinçilik tapypdyrlar. Aýna önümlerini ýasamak üçin ýörite küreler bolup, olarda gyzgynlyk 1000-1200 gradusa ýetirilipdir. Şeýle küreleriň biriniň galyndysyny biri orta asyrlarda kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşen Dehistanyň Ýylanly gala ýadygärliginde 1947-nji ýylda ÝuTAKE-niň onunjy topary tarapyndan ýüze çykarylypdyr.

«MILLI BAHAR BAÝRAMY–MÄHIR BAÝRAMY» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Kitaphanalar

17.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine çuňlaşdyrylan 84-nji orta mekdebinde «Ulus-iliň guwanjy Milli bahar baýramy» ady bilen

KITAPHANAMYZA MEKDEP OKUWÇYLARYŇ GEZELENJI

Kitaphanalar

17.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 44-nji orta mekdebiniň okuwçylary gezelençde boldylar.

YLYM GYMMATLY BAÝLYKDYRYLYM GYMMATLY BAÝLYKDYR

Kitaphanalar

17.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary hem-de «Türkmenistan:Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ylym gymmatly baýlykdyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

KITAP-BILIMLERIŇ ÇEŞMESI

Kitaphanalar

17.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäherinde ýerleşen 44-nji orta mekdebiniň mugallymlary, okuwçylary hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde «Kitap-bilimleriň çeşmesi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.