logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Kitap ynsanyň dosty

Kitaphanalar

20.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Durmuş ýoly – kitap bilen başlanýar” atly edebiýat agşamynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Kitap ynsanyň dosty” atly sergi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, türkmen edebiýatynda yz goýan ýazyjy- şahyrlarymyzyň eserleri, tanymal ýazyjylara bagyşlanyp ýazylan bibliografik görkezijiler, gollanmalar ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi dabara gatnaşan talyp ýaşlarda we okyjylarda uly täsir galdyrdy.

No image
Türkmen halysy- zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik

Kitaphanalar

20.05.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda milli baýlygymyz bolan Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmen halysy- zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik” atly dabaraly çäre geçirildi. Dabara kitaphana işgärleri, haly sungatyna sarpa goýýan halyçy gelin-gyzlarymyz we myhmanlar gatnaşdylar. Çärede türkmen halysynyň halkymyzyň milli buýsanjy, gadymy medeniýetimiziň ajaýyp nusgasy we zenanlarymyzyň çeper el hünäriniň beýik miwesi bolup durýandygy barada täsirli çykyşlar edildi. Türkmen halysynyň diňe bir öýleriň bezegi bolman, eýsem halkymyzyň ruhy dünýäsini, gözellik duýgusyny, zähmetsöýerligini we milli däp- dessurlaryny özünde jemleýän mukaddes gymmatlykdygy nygtaldy. Haly gölleriniň her birinde halkymyzyň taryhy, arzuw-islegi, durmuş pelsepesi we Watana bolan söýgüsi şöhlelenýär. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Gözellik nusgasy türkmen halysy

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen “Türkmen haly” döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda, Türkmen halysynyň milli baýramy mynasybetli «Gözellik nusgasy türkmen halysy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler görküni tebigatymyzdan, örküni türkmen zenanlarymyzyň yhlasyndan alan, göreni haýrana goýýan halylarymyz gaýtalanmajak gözelligi, deňsiz-taýsyzlygy bilen dünýäde nepisligiň ajaýyp nusgasyna öwrülendigi, şeýle hem halyda milletimiziň ruhy ahwalynyň jemlenendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Halynyň her bir çitimine, nagşyna seredip türkmen topragynyň taryhy wakalary bilen birlikde, ýurdumyzyň tebigatynyň jadyly dünýäsini görüp we okap bolýandygy barada durup geçdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ajaýyp türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmekde, dünýä ýaýmakda, geljekki nesillerimize ýetirmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Kitaphana-rowaçlyklara badalga

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden "Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda “Kitaphana – rowaçlyklara badalga” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler her bir güni rowaçlyklara beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan Maksatnama, kitaphanalary hem-de kitaphana işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde düýpli resminama bolup, onuň meýilnamasynda 2025-2029-njy ýyllarda ýerine ýetirmeli işler, kitaphanaçylaryň öňünde durýan borçlar hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň kitaphanalarynda ylmyň dürli pudaklarynda işleýän alymlara, dürli kärdäki hünärmenlere, dürli ýaşly okyjylara gerek bolan kitaplaryň we döwürleýin neşirleriň elýeterliliginiň üpjün edilýändigini hem-de ähli ugurlara degişli ylmy we çeper edebiýatlary elektron görnüşde geçirmek işleriniň alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Aşgabat-gözelligiň nusgasy

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Aşgabat-gözelligiň nusgasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Aşgabat diňe bir gözelligiň we ajaýyplygyň däl, eýsem bagtyýarlygyň hem merjen şäheri bolup, Aşgabat bu günki gün dünýäniň üns merkezinde günsaýyn özgerýän, gözelleşýän şäherleriň hatarynda tanalýandygyny, paýtagtymyzyň ak mermere beslenen beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilgähleri bilen görenleri haýran galdyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ynanyşmagyň mekanyna öwrülendigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda ak şäherimiz Aşgabady bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, beýik ösüşleriň mekanyna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bagtyýar çagalar – köňülleriň buýsanjy

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 89-njy çagalar bagynyň bilelikde gurnamagynda «Bagtyýar çagalar – köňülleriň buýsanjy» ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çärede Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda geljegimiziň gül-gunçalary bolan çagalarymyz barada edilýän atalyk aladalaryň netijesinde, mähriban çagalaryň aladasyz, bagtyýar döwürde ýaşaýandyklary we okaýandyklary, olaryň berk bedenli, sagdyn, döwrebap, ylymly-bilimli, edepli-terbiýeli, hemme taraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada bellediler we türkmen halk ertekileri kitabyndan labyzly okap berdiler. Çäräniň ahyrynda çagalaryň isleg–arzuwlarynyň hasyl bolmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Ertekiler - çagalaryň ruhy dünýäsiniň açary

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 118-nji çagalar bagynda «Ertekiler-çagalaryň ruhy dünýäsiniň açary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde kalby päkize körpeleriň eý görýän zady erteki bolup, ertekiler gowy häsiýetleriň kemala gelmeginde, ýaş nesilleri terbiýelemekde ähmiýetiniň örän uludygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ertekilerde beýan edilýän wakalar çagalar üçin örän gyzykly we özüne çekiji bolup, ýaş nesillerimizde watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, gahrymançylyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp sypatlary terbiýelemekde gymmatly hazyna bolup durýandygy hakynda hem aýtdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaş nesillerimiziň döwrebap bilimli, terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Türkmen halysy – nepisligiň nusgasy

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen “Türkmen haly” Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda “Türkmen halysy – nepisligiň nusgasy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi we “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Bagtyýardyr iller Watan” gepleşiginde ýazgy edildi. Çärede çykyş edenler asyl nusgasyny gadymy döwürleriň jümmüşinden alyp gaýdýan haly sungaty, türkmen halylarynyň gözelligi bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan ruhyny galkyndyrýan baý öwüşginli, gözelligi, nepisligi bilen göreni haýrana goýýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen milli halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklarynyň jemlenendigi barada aýtdylar. Çäräniň ahyrynda milli gymmatlyklarymyz bolan nepis halylarymyzy dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Goşa baýramçylyga bagyşlanan konsert

Konsertler

19.05.2026

Şu ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Goşa baýramçylyga bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek üçin gurýan we döredýän merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Konsert ajaýyp çykyş bilen açyldy. Onda häzirki döwürde Milli Liderimiziň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler beýanyny tapyp, munuň üçin halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygy açylyp görkezildi. Edebi-sazly kompozisiýada Döwlet tugumyzyň hemişe parlap durmagy baradaky ajaýyp arzuwlar örän täsirli beýan edildi. Çünki Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni milli döwletliligiň dabaralanmagyny, halkymyzyň agzybirligini, döredijilikli işlere ygrarlylygy alamatlandyrýar. Bu mukaddesliklere daýanyp, hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýeti gurulýar, il-ýurt bähbitli giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Biz Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl tugumyzy parladyp, Garaşsyz döwletimiziň iň täze taryhyny döredýäris. Güneşli ýurdumyzyň parahat we bagtyýar geljegi üçin jebislikde ägirt uly işleri durmuşa geçirip, dünýä derejesinde ykrar edilýän ýokary ykdysady üstünliklere eýe bolýarys. Merdana halkymyzyň döredijilik güýji, watansöýüjilik buýsanjy bilen gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ägirt uly mümkinçiliklerimiz şu günümiziň hem-de geljegimiziň beýikdigini ykrar edýär. Konsertde şeýle mazmunly aýdym-sazly, tansly çykyşlar uly joşgun bilen ýerine ýetirildi. Şeýle hem, häzirki zaman türkmen sungatynyň baý öwüşginleri, onuň görnüşleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy. Ajaýyp sahna bezegi, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz, Milli Liderimiziň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler, eziz topragymyzyň gözelligi wasp edildi. Konsertiň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýen şygaryndan ugur alnyp, ahalteke bedewlerimize bagyşlanan çykyşlara hem orun berildi. Goşa baýramçylyga bagyşlanan konsertde Watanymyzyň ýaşyl tugy hem-de Esasy Kanunymyz belentden wasp edildi.

No image
Halkara senetçilik festiwalynda medeniýetimiz, sungatymyz dabaralandy

Halkara gatnaşyklary

19.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, medeniýet we sungat ussatlarymyz diňe öz ýurdumyzda däl, dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara medeni çärelere yzygiderli gatnaşyp, halkymyzyň medeniýetiniň, sungatynyň gazananlary, ýagny, milli däp-dessurlarymyz, aýratynlyklarymyz, ýol-ýörelgelerimiz bilen dünýä halklaryny ýakyndan tanyşdyrýarlar. 2026-njy ýylyň 16-17-nji maýy aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Megri şäherinde geçirilen 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşan ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň çykyşlarynda, halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň dürdäneleri dünýä ýaýyldy. Nepis amaly-haşam eserlerimiziň sergilenmegi bolsa, türkmen halkynyň milli şaý-seplerine, dokma hem el işlerine hormat-sarpasynyň örän uludygyny, şeýle-de bu inçe işleri häzirki wagtda-da senetkärlerimiziň dowam etdirýändigini aýdyň açyp görkezdi. Festiwala gatnaşyjylar amaly-haşam gymmatlyklarymyz bolan şaý-seplerimiziň, dokma we el işlerimiziň nepisligini, gözelligini haýran galmak bilen synladylar. Halkara senetçilik festiwalynda bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýä ýaýylmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.