logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Baş Kanunymyz, döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslikdir

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy, Bagyr medeniýet öýi, Bagtyýarlyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baş Kanunymyz, döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslikdir» ady bilen sergi, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagymyzda milletimiziň mertebesi, sarpasy, buýsanjy, kuwwaty, taryhy, şu güni hem-de geljegi şöhlelenýändigi barada beýan etdiler. Şeýle-de şöhratly ata-babalarymyzyň özbaşdak, erkin we abadan döwlet gurmak baradaky arzuwlary, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynda jemlenýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda mähriban halkymyzy ösüşleriň ak ýolundan alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bagtyýarlygyň goşa sütüni

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Bagtyýarlygyň goşa sütüni» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler buýsançly geçmişimizi, bagtyýar şu günimizi, beýik geljegimizi alamatlandyrýan gymmatlygymyz bolan Döwlet baýdagymyzyň belentde parlap, eziz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny jümle-jahana ýaýýandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de tebigatyň we ýaşaýyş gözelligini özünde jemleýän ýaşyl tugymyzda ýurdumyzyň haly gölleriniň ýerleşdirilmegi halkymyzyň agzybirliginiň, bitewiliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni ösüşlere beslenýändigi, ajaýyp eýýamymyzda halkymyzyň tutýan her bir toýy, gazanýan üstünlikleri belent buýsanjymyzyň beýany bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Ene topragyň, ata Watanyň mukaddes bolşy ýaly, Döwlet Baýdagymyzyň hem mukaddesdigi, türkmeniň ýaşyl ýazlary kimin owadan tugumyzy başlarynyň täjine deňeýän zähmetsöýer halkymyz ynamly gadamlar bilen öňe barýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen 112-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýüreklerimizde mäkäm orun tutýan mukaddesliklerimiziň biri bolup, çünki onda halkymyzyň ruhy beýikligini, mizemez ynsanperwerligini, agzybirligini alamatlandyrýan nyşanlar öz beýanyny tapýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de döwlet baýdagymyz asyrlar aşyp, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň rowaçlygynyň nyşany hökmünde belentde parlaýandygy, bu bolsa ýaşaýşyň, agzybirligiň, bitewüligiň, erkanalygyň subutnamasy bolup durýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Konstitusiýa, Döwlet baýdagy döwletliligiň we özygtyýarlylygyň nyşany

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 4-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Konstitusiýa, Döwlet baýdagy döwletliligiň we özygtyýarlylygyň nyşany” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarymyzyň kämilleşmegi jemgyýetdäki durmuş ykdysady özgerişlikler bilen utgaşyp, ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň kepili bolup, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün edýändigini, Döwlet baýdagymyz parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, ösüşiň we döredijiligiň nyşany hökmünde tanalýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary Döwlet Baýdagymyzy, ýurdumyzy wasp edýän birnäçe goşgulary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«Hary bülbül» atly halkara festiwalynda milli sungatymyz dabaralandy

Halkara gatnaşyklary

15.05.2026

Bеrkarar döwlеtiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hоrmatly Prеzidеntimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli sungatymyz dost-doganlygyň nyşany bolup dünýä ýaýylýar. Medeniýet we sungat ussatlarymyza halkara derejesindäki festiwallara gatnaşyp, milli sungatymyzyň dürdänelerini Ýer ýüzüniň halklaryna ýеtirmägе giň mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylyň 14-15-nji maýy aralygynda, Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçirilýän «Hary bülbül» atly 9-njy halkara festiwalyna ençeme döwletlerden döredijilik toparlary gatnaşyp, ýurdumyzdan bu festiwala «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor topary gatnaşyp, milli folklor sungatymyzy halkara derejesinde dabaralandyrdylar. Halkara festiwalda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň çykyşlary milli sungatymyzyň köpöwüşginliligini açyp görkezdi. Taýýarlan Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
Garaşsyz Watanymyzyň batly gadamlary atly döredijilik sergisi

Täzelikler

15.05.2026

Mähriban halkymyzyň baky bagtyna öwrülen şanly Garaşsyzlyk şuglasy bu günki gün ata Watanymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Bu şanly sene şu ýylymyzyň taryhy wakasy bolmak bilen bir hatarda, halkymyzyň milli buýsanjydyr. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen medeniýetimize we sungatymyza belent sarpa goýlup, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän döwrebap eserlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýaş suratkeşleriň döredijilik ýolunda has-da kämilleşmäge ylham berýär. Şoňa görä-de şekillendiriş sungatynda döwrebap kämil eserler döredilýär. Watanymyzyň gülläp ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýarlygyny, agzybirligini, ýurdumyzyň asudalygyny wasp edýän eserler watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryna, pikir garaýyşlaryna möhüm orun berilýändigini buýsançly bellemelidiris. Her ýylda däp bolşy ýaly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýylyň şygaryna bagyşlanyp döredijilik eserleriniň sergisi geçirilýär. 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda sungat ojagynyň sergiler jaýynda «Garaşsyz Watanymyzyň batly gadamlary» atly mugallymlaryň we talyplaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyl toýy mynasybetli döredijilik eserleriniň sergisi geçirildi. Sergide mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik taslamalary şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, halyçylyk, keramika ugurlary boýunça ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Zehinli talyp Täzegül Döwletowanyň «Kalp owazy» eserinde türkmen milli dutar saz guralynda Watanymyzy wasp edýän sungat ussadynyň ajaýyp keşbi döredijilikli beýan edilýär. Bu eserde behişdi bedewlerimiziň çapyp barýan ajaýyp keşbi kalpdan syzylyp çykýan ýakymly owaz bilen çeper sazlaşýar. Ýazjemal Geldimyradowanyň «Ak pata» atly eserinde däp-dessura baý türkmen halkynyň gelin toýunyň bir ajaýyp pursady janlanýar. Bu eserde gelniň elini ak una degirilip ýagşy arzuwlar bilen, rysgal bereketlilik täze geline arzuw edilýär. Toýuň özboluşly bu ajaýyp pursady taslama eserinde janly keşbe eýe bolýar. Serdar Osmanowyň «Güneşli diýaryň säheri» eserinde Aşgabat şäherimiziň ak mermere beslenen binagärlik keşbi beýan edilýär. Gülşen Rozyýewanyň «Parahatçylyk aýdymy» eserinde eziz diýarymyzyň gülläp ösüşleri millilik bilen sazlaşýar. Bagtyýar döwrümizi wasp edýän eserleriň arasynda Gülälek Hojanepesowanyň «Türkmenistan bagy bossan», Aýgözel Annamyradowanyň «Bagtyýar nesiller» atly nakgaşlyk eserleri taslama gurluşy bilen ýokary derejede has-da tapawutlanýar. Çeper eserleriň sergileri ýaşlaryň pikirlenmegini we hyýaly düşünjelerini ösdürmekde hem-de döredijilik ukybyny kämilleşdirmekde täsirli çäredir. Sergide görkezilýän dürli tematiki eserler biri-birinden taslama gurluşy, ýerine ýetirilişi hem-de çeperçilik usuly bilen tapawutlanyp, olarda dürli döredijilik pikirler açylyp görkezilýär. Bilbil ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy

No image
Bildiriş

Muzeýler

15.05.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde 2026-njy ýylyň 21-nji maýynda «Aşgabat – Watanymyzyň göwher gaşy» atly sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýarys. Sergi sagat 11:00-da açylýar. Biziň salgymyz: Aşgabat ş. (A.Nowaýy) 2022. köçesiniň 88-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 92-71-69

No image
Waspy dünýä dolan türkmen halysy

Muzeýler

15.05.2026

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halyçylyk sungatyna berilýän goldawyň netijesinde ýurdumyzyň medeni mirasynyň iň gymmatly hazynasy bolan bu sungat kämillik derejesine çykarylyp, ösdürilýär. Türkmen halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar.«El hünäri il gezer» diýlişi ýaly, asyrlar-dan-asyrlara aşyp, häzirki bagtyýarlyk zamanamyzda gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan inçe sungatymyz öz nepisligi, mizemez owadan öwüşginliligi bilen tapawutlanyp, onda ata-babalarymyzyň taryhy we medeniýeti barada syrly, gymmatly maglumatlar jemlenýär. Türkmeniň haly sungatynda şanly geçmişimiz, şu günümiz hem geljegimiz wasp edilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk edip dokalýan haly önümleri çitme we kakma görnüşlerinde dokalýar. Türkmen haly we haly önümleriniň gadymy nusgalary dikeldilip, halylaryň hili, reňki, görnüşleri döwrebaplaşyp, göllerinde, nagyşlarynda ýagty reňkler ulanylyp, haly sungatynda uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Halyçylyk sungatynyň döremegine we kämilleşmegine ýardam beren esasy şertleriň birnäçesiniň keremli topragymyzda jemlenendigini bellemek buýsançlydyr. Halyda türkmeniň kalby bar. Bu inçe sungatyň dünýä halklarynyň kalbynyň töründe orun almagyň syry hem şundadyr. Gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan türkmen halysy hem çeper elleriň astynda ösüpdir, özgeripdir we kämilleşipdir. Ýurdumyzda çeper halyçylyk kärhanalary köpelip, dokmaçy gelin-gyzlarymyzyň sany gün-günden artýar. Türkmen zenanynyň ezber ussa meňzedilmeginiň hem halylaryň nepis dokalyşy bilen baglydygyna göz ýetirmek kyn däl. Çünki haly dokamak sungaty iňňe bilen guýy gazan ýaly ussatlygy, ezberligi talap edýän el hünäridir. Zenanlaryň mähri, yhlasy, söýgüsi siňdirilip dokalýan halylar öýleriň, baýramçylyk dabaralarynyň bezegidir. Haly türkmen halkynyň ykbalyna badaşan mukaddes sungatdyr. Haly türkmen halkynyň durmuşyna, ýaşaýşyna çalymdaş bolup, türkmen öýüniň törüniň bezegidir, bedew atlarynyňdyr kejebeli düýeleriniň zynatydyr. Türkmen halysy - türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esaslarynyň biridir. Ussat türkmen halyçylary köp asyrlaryň dowamynda özboluşly halyçylygyň aýratynlyklaryny gorap saklapdyrlar. Haly sungatyna hem-de ol gudraty döreden halyçy ene-mamalarymyza aýratyn hormat-sarpa goýýan Arkadagly Serdarymyz elmydama türkmen halylaryny öwrenmek, milli mirasymyz hökmünde gorap saklamak, gadymy hem müdimi senedimizi ýaşlara miras goýmak barada yzygiderli nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz „Paýhas çeşmesi“ atly eserinde „Gözelligi, nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halylar halkymyzyň ruhy ahwalydyr“ diýip belleýär. Türkmen halkynyň durmuşyny halysyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Türkmen halkynyň kalbyny ýyladýan halylar biziň döwletli ojaklarymyzy, köşk-eýwanlarymyzy bezeýär. Bu gün türkmen halylarynyň şöhraty dünýä doldy. Ol halylar indi dünýäniň islendik ýurdunda tanalýar. Dünýäde deňsiz taýsyz sungat eseri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan türkmen halysy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bolsa, onuň halkara derejedäki hormatyny we sylagyny ýene-de bir gezek bütindünýä aýan etdi. Türkmen haly sungatynyň dünýä meşhurlygyny gazanmakda giň mümkinçilikleri döreden, gadymy hem müdimi senedimiz bolan ajaýyp halylarymyza goýýan belent sarpasy üçin Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Her bir işde nusga bolup, halkymyzy şeýle eşretli günlere getiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Nowça BABANYÝAZOWA, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni

No image
ÝÜREKLERE ÝOL SALAN BAGŞY

Medeni miras

15.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösmegine hem-de dünýä ýaýylmagyna mynasyp goşant goşan halypalarymyza uly sarpa goýlup, ömri-döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly çäreler yzygiderli geçirilýär. Ahal welaýatynyň Kaka etrap medeniýet öýünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň at gazanan artisti hem-de Türkmenistanyň halk artisti Nabat Nurmuhammedowanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli, halypa bagşynyň ömri-döredijiligine bagyşlanan «Ýüreklere ýol salan bagşy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada bagşynyň ömri we döredijiligi baradaky çykyşlara giň orun berildi. Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary Spartak Atakowyň, Gülnabat Ahmedowanyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň dutarçylar ansamblynyň solisti Gurbangeldi Gurbanberdiýewiň, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň çagalar sungat mekdebiniň direktory Baýly Gurbangeldiýewiň, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Medeniýet merkeziniň 2-nji derejeli sazandasy Allamyrat Idrisowyň çykyşlary dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Olar «Galmanam», «Çykdym güller», «Gözliniň», «Tüni derýa», «Zülpüň seniň», «Ne bag duýdy, ne bagban» ýaly türkmen halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Garaşsyzlyk» atly aýdym dabara ajaýyp öwüşgin çaýdy. Çynar GURBANOW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni