logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Kitaphanalar paýhaslar hazynasy

Kitaphanalar

14.05.2026

Lebap welaýat kitaphanasy welaýatyň şäher, etrap kitaphanalarynyň müdirleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynda kitaphana işiniň ilerlemegi üçin ýörite okuw geçirdi. Bu ýerde esasanam çagalar bagynda kitaphana işgärleri tarapyndan geçirilýän sesli okaýyşlaryň, çagalar ertirlikleriň alynyp baryşy, gurnalyşy barada aýratyn düşündirildi. Okalýan türkmen halk ertekileriň esasy maksady ondaky baş gahrymanlaryň edermenliginiň, watansöýüjiliginiň üsti bilen ýaş nesliň aňyna ýetirmek bolup durýandygy, körpeleriň edepli, ula hormat goýup kiçä sylagly bolmalydygy, kitap okamagyň adam saglygyna peýdasy, şeýle-de kitaplaryň çagalary terbiýelemekde uly orny barada, gurnalýan çärelerde döwrebap işi alyp barmak boýunça gyzykly, täsirli sorag-jogap alyşdylar. Çagalyk dünýäsiniň gyzykly pursatlaryny başdan geçirýän körpeleriň bagtyýarlygy bizi has-da nurlandyrýar. Çagalaryň bagtly we şadyýan durmuşda önüp-ösmegi, okap bilim alyp, özleriniň göwün söýen hünäriniň eýesi bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Şeýle-de kitaphanalarda okyjy çekmegiň täze usullaryny girizmek, okyjylara edilýän hyzmaty döwrebap ýola goýmak, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny ornaşdyrmak boýunça işiň depginini güýçlendirmeginiň üstünde durup geçdiler. Gatnaşyjylar işlemäge, okyjylara döwrebap hyzmatlary etmäge döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Milli mukaddesliklerimiziň baýramy

Kitaphanalar

14.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň Kiçi ýaşly okyjylara hyzmat ediş bölümi, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebinde ýurdumyzda Döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli “Milli mukaddesliklerimiziň baýramy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza hormatly Prezidentimiziň mukaddes Tugumyzy dünýä ýüzünde belentde parlatmak ugrunda alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler berdiler. Mekdebiň kitap söýüji ýaşlary hem ata Watanymyzy, ýaşyl Baýdagymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem asudalygyň nyşany hökmünde ýaşyl Tugumyzy belentde parladýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Kitaphanada Elib maksatnama işini kämilleşdirmek

Kitaphanalar

13.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň, Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlary alyşmak bölümi, Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň talyplary bilen “Kitaphanada Elib maksatnama işini kämilleşdirmek” atly usuly maslahaty geçirildi. Kitaphanalaryň häzirki zaman ösen tehnologiýa enjamlaryny ornaşdyrmak we elektron kataloglaryndan Watanymyzyň hemme künjeklerinde peýdalanmak, okyjylary kitaphana çekmek, şertlerini gowulandyrmak usuly maslahatlar berildi we öwredildi. Okuwyň ahyrynda baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, kitaphana işiniň dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagy, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
«Meniň Watanym» atly aýdym-sazly konsert

Täzelikler

13.05.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kompozitor S.Tüýliýew tarapyndan W.Muhadowyň 110 ýyllygyna bagyşlanyp “Meniň Watanym” atly aýdym-sazly konsert geçirildi. Ajaýyp ussadyň döredijiligine degişli bolan birnäçe aýdymdyr-sazlar ýaňlandy. Ussat, halypa kompozitor Suhan Tüýliýew tarapyndan alnyp baryldy. Ilkinji çykyş S.Tüýliýew tarapyndan W.Muhadowyň döredijiligine degişli bolan “Ganly saka” operasy, “Meniň Watanym” simfoniki poemasy, “Türkmen sýuitasy”, “Magtymgulynyň ýadygärligine” №1 simfoniýasy, “Gahrymançylykly” №2 simfoniýasy, “Ejemiň ýadygärligine” №3 simfoniýasy, “Gökdepe” (“Pelek”) №4 simfoniýalaryna häsiýetnama berdi we birnäçe gyzykly ýatdan çykmajak wakalary gürrüň bermek bilen başlandy. Soňra M.Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Seýitgulyýewanyň ýerine ýetirmeginde «Söýgülim gelýär», «Säher aýdymy» ýaly birnäçe ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Konserwatoriýanyň mugallymy M.Myratgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde “Ilki söýgim nirde sen?” aýdymy konserde has hem joşgun paýlady. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Seýitgulyýewanyň we Meýlis Myratgeldiýewiň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Ganly saka” operasyndan “Aýlar bilen Çaryýaryň dueti” we “Aşgabat” aýdymy ýerine ýetirildi. Soňra Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk sungat mekdebiniň mugallymy S.Baýlyýewiň ýerine ýetirmeginde W.Muhadowyň fortepiano döredijiligine degişli bolan “Improwizasiýa” eseri ýaňlandy. Konsertiň ahyrynda S.Tüýliýew tarapyndan “Meniň Watanym” simfoniki poemasynyň gurluşynyň derňewi, wideo ýazgylary diňlenildi. Görkezilen ähli çykyşlar gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Gatnaşyjylar pursatdan peýdalanyp, okamaga, öwrenmäge, taryhymyzy, sungatymyzy, milliliklerimizi dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän, sungatymyzyň, medeniýetimiziň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygyny aýtdylar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. Orazbagt ARSLANOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby

No image
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly hasabat konsert

Täzelikler

13.05.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni toýdur dabaralara şanly wakalara beslenýär. Ähli pudaklar bilen bir hatarda medeniýet sungat ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýylymyzyň şygary, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň adyny buýsanç bilen göterýän ussat kompozitor türkmen aýdym-saz sungatymyzyň düýbüni tutujylaryň biri Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 115 ýyllygy mynasybetli hasabat konserti geçirildi. Konserda gelen myhmanlary teatryň girelgesinde Şöhratberdi Mededowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar ansambly öz şirin-owazly aýdymlary bilen garşy aldylar. Bu ýerde mekdebimiziň kitaphanasy tarapyndan gurnalan ajaýyp sergisi özboluşly bezeg berdi. Konsert üflenip çalynýan saz gurallary orkestriniň h ýerine ýetirmeginde Saparmyrat Baýlyýewiň sazyna, Merdan Sähedowyň sözlerine döredilen “Türkmenistan” atly ajaýyp aýdym bilen badalga aldy. Amangeldi Hudagulyýewyň dirižýorlyk etmeginde bu aýdymy Mergen Ataýew, Yhlas Welhanow hem-de hor topary ýerine ýetirdi. Dabaranyň dowamynda birnäçe türkmen halk aýdym-sazlary we daşary ýurt eserleri ýerine ýetirildi. Abdylla Mämmedowyň ýolbaşçylyk etmegindäki “Çandybil deprekçiler” toparynyň “Saz çemeni” atly kakuwlary dabara has-da joşgun berdi. Konsert simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Hezret Reýimbaýewyň döreden “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen ajaýyp aýdymy bilen tamamlandy. Eseri Eziz Jumagulyýewiň dirižýorlyk etmeginde Begdurdy Çerkezow, Oguljeren Seýidowa hem-de hor topary ýerine ýetirdi. Konsert tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el-çalpyşmalar bilen tamamlandy. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn. O.K HAÝDAROWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy

No image
Goşa mukaddesligiň baýramy

Muzeýler

13.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Baş kanuny bolan Konstitusiýamyz we Döwlet Baýdagymyz, Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär. Bu gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan “Goşa mukaddesligiň baýramy” atly sergi gurnaldy. Sergide nakgaşçylyk we grafika sungatyna degişli ussat halypalarymyzyň ýerine ýetiren eserlerini görmek bolar. Goşa mukaddesligimiz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň şanyna uludan toýlaryň tutulmagy watansöýüjiligimiz bilen berk baglydyr. Halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Döwlet Baýdagymyzyň we Esasy Kanunymyzyň şanyna tutuljak toýlar gutly bolsun!

No image
Döwrüň hukuk binýady we Döwlet baýdagy

Kitaphanalar

13.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Döwrüň hukuk binýady we Döwlet baýdagy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini, nurana geljegimizi alamatlandyrýan bu goşa mukaddeslik kalbymyzda aýratyn orun tutýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bu gymmatlyklar bagtyýar raýatlarymyzyň ata Watana bolan söýgüsini has-da artdyrýandygyny hem-de Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşan bolup durýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«Kompozitorlary taýýarlamagyň wajyp meseleleri» atly okuw-usuly maslahaty

Täzelikler

13.05.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Kompozitorlary taýýarlamagyň wajyp meseleleri” atly okuw-usuly maslahat geçirilip, birnäçe halypa mugallymlar, şeýle hem Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň we S.Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Bu okuw-usuly maslahaty Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň müdiri, kompozitor K.Garowow “Kompozitorlary ýetişdirmekde sazçylyk we ýörite sungat mekdepleriniň orny” atly temada eden çykyşy bilen başlandy. K.Garowow özüniň çykyşynda kompozitorlary ýetişdirmekde sazçylyk we ýörite sungat mekdepleriniň örän uly ornunyň bardygyny, esasy başlangyjyny çagalar sazçylyk mekdeplerinden gaýdýandygyny belledi. Soňra Türkmenistanyň halk artisti, halypa kompozitor, uly mugallym D.Hydyrowyň çykyş eden temasy “Ýaş mugallymlara hünär dersini okatmak üçin maslahatlar” bolup, talyplara saz düzmekligiň ýoly, usuly barada birnäçe peýdaly maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty S.Tüýliýew “Gurallama we partitura okamak dersleriniň kompozitor talyplar üçin ähmiýeti” atly temada çykyş etmek bilen, kompozitor bolmak üçin gurallama we partitura okamak derslerinden baş çykarmagyň örän wajypdygyny aýtdy. Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň agzasy, zehinli türkmen kompozitory M.Annamyradow “Kompozisiýa hünäri boýunça okuw dersini okatmak boýunça teklipler” hakynda giňişleýin durup geçdi we kompozisiýa hünärini okatmaklyk boýunça birnäçe tekliplerini aýtdy. Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi J.Reýimowa “Çagalar sazçylyk mekdeplerinde çagalary saz döretmeklige höweslendirmek” temada çykyş etdi. Sazçylyk mekdebinde birnäçe çagalaryň saz düzmeklige höwesiniň bardygyny, şolaryň arasynda bäsleşikleri gurnamagy, şol geçirilen bäsleşiklere bolsa ussat, halypa kompozitorlaryň adyny dakmaklyk maksadalaýyk boljakdygyny belledi. S.Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy A.Annaýew bolsa “Ýaş kompozitorlaryň eserlerini halk köpçüligine ýetirmegiň usullary” atly temada çykyş etdi. Ýaş kompozitorlaryň döreden eserleriniň halk köpçüligine ýetirilmeginde sanly platformalarynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Ara alnyp maslahatlaşylan çykyşlar ýaş kompozitorlary taýýarlamagyň wajyp meseleleri bolup, biz talyplara şeýle hem ýaş mugallymlara usuly sapak boldy. Bu diňe bir okuw-usuly maslahat bolman, eýsem, ýaş nesilleriň ussat halypalaryň döredijiliginden ylham almagynda hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Okuw-usuly maslahatyň ahyrynda çykyş eden kompozitorlar ýaş nesillere halypa kompozitorlaryň, belli şahsyýetleriň döredijiligini içgin öwrenmekde berilýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Ogulbeg ÝEGENOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
Arzuwlaryň ak ganaty – gözel şäher Aşgabat

Kitaphanalar

13.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Aşgabat” seýilgähinde «Arzuwlaryň ak ganaty – gözel şäher Aşgabat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ak şäherimiz Aşgabat häzirki döwürde tanalmaz derejede ösýändigi, gözel paýtagtymyz Aşgabat bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekanyna öwrülendigi, güller açýan ak şäherimizde biri-birinden kaşaň, owadan desgalaryň gurulmagy paýtagtymyza gelýän myhmanlary haýran galdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Kämil hukuk binýady

Muzeýler

13.05.2026

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem­de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir. Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň şanyna tutulýan toýlar halkymyzyň gadymyýetden biziň günlerimize çenli gelip ýeten asylly däpleriniň, milli ýörelgeleriniň dowamatydyr. Toýlary goşa-goşadan tutulýan türkmen halkynyň ýokary döredijilik ruhy, milli döwletlilik ýörelgeleri bu baýramçylykda mynasyp beýanyny tapýar. Konstitusiýa biziň milli döwletliligimiziň, jemgyýetçilik gatnaşyklarymyzyň beýany bolsa, baýdak halkymyzyň tutuş dünýäde ykrar edilmeginiň aýdyň güwäsidir. Baýdak milli buýsançdyr. Baýdak dowamatdyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Kämil hukuk binýady” atly sergi geçirildi. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa açdy. Sergide Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz­özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy Çemen Rejepowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Gülşirin Hanowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Gadymy we orta asyrlar taryhy bölüminiň uly ylmy işgäri Sähra Ýusupowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölüminiň bölümçe müdiri Gülaýym Saparmedowa çykyş etdiler. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan sergide çykyş edenler Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň şanyna tutulýan toýlar halkymyzyň gadymyýetden biziň günlerimize çenli gelip ýeten asylly däpleriniň, milli ýörelgeleriniň dowamatydyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ýaşyl tugunyň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, onuň parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýandygyny nygtadylar. Şeýle-de Konstitusiýamyzyň döwlet gurluşynyň milli usulyny, türkmen halkynyň däp­dessurlaryny we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýändigi bellenildi.