logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Bagt kanunym adalatyň binýady, Parlaýar diýarda bagtyň baýdagy

Kitaphanalar

15.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiren dabarasynyň çäginde “Bagt kanunym adalatyň binýady, Parlaýar diýarda bagtyň baýdagy” atly kitap sergisini hem gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän eserler, Ýaşyl Tugumyzyň waspyny ýetirýän neşirler ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi dabara gatnaşanlarda we kitaphana gelýän okyjylarda uly täsir galdyrdy.

No image
Konstitusiýa we Döwlet baýdagy - Watanymyzyň mukaddes nyşanlary

Kitaphanalar

15.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy - Watanymyzyň mukaddes nyşanlary” atly dabara geçirdi. Dabara dürli ugurlarda zähmet çekýän myhmanlarymyz we okyjylarymyz, kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bellenilýän bu goşa sene halkymyzyň durmuşynda aýratyn uly ähmiýete eýedir. Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr. Ine şular dogrusynda dabara gatnaşyjylar täsirli çykyş etdiler, şahyrlarymyz goşa baýramçylyk mynasybetli şygyrlaryndan okap berdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň abadan, asuda ýurtda ýaşap, zähmet çekmekleri ugrunda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Berkarar Watanda goşa baýramym – adalat Kanunym, ýaşyl Baýdagym

Kitaphanalar

15.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Berkarar Watanda goşa baýramym - adalat Kanunym, ýaşyl Baýdagym” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Döwlet Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni döwletimiziň we jemgyýetimiziň berkararlygyny, sarsmaz güýjüni, ata Watanymyzyň gülläp ösüşlerini dünýä ýaýýan mukaddesliklere il-günümiziň sarpasynyň belentdigini görkezýän ajaýyp baýramydygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de, esasy Kanunymyzy hem-de Döwlet baýdagymyzy ýaşlara wagyz etmek, olarda watansöýüjiligi terbiýelemek bolsa, biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýandygy barada aýtdylar. Çäräniň dowamynda döredijilik işgärleriniň Watanymyza, ýaşyl tugumyza, bolan söýgüsini, buýsanjyny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etmegi, çärä gatnaşýanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen ýaşyl tugumyzy hemişe pasyrdadyp, ýagty geljegimize ak ýol açýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Baş Kanunym baky bagtym – ýaşyl tugum dünýä ýalkym

Kitaphanalar

15.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 44-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň günine bagyşlap “Baş Kanunym baky bagtym – ýaşyl tugum dünýä ýalkym” – atly edebi-sazly agşam geçirdi. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolmak bilen Esasy Kanun we Ýaşyl Baýdagymyz Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär. Ýurdumyzyň kanunçylygyny ösdürmegiň hukuk esaslary Konstitusiýadan gözbaş alýar. Ine şular dogrusynda kitaphana hünärmenleri ýaş nesillere täsirli gürrüňleri berdiler. Çärämize işjeň gatnaşan okuwçylar mukaddes tugumyzy, häzirki ajaýyp döwrümizi wasp edip goşgulary, aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşyl tugymyzy dünýäniň çar künjeginde al-asmanda parladýan hem-de milli hukugyň esasy bolup durýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň baýramyny döwlet derejesine sarpalaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

15.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler “Magtymgulynyň şygyrlarynyň düşündirişli sözlügi” atly kitaplaryň I, II, III, IV, V jiltleri bilen tanyşdyrdylar. Kitapda Gündogaryň beýik akyldary we ussat şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerinde duş gelýän okyjylar köpçüligi üçin doly düşnükli bolmadyk sözler, söz düzümleri, rowaýatlardyr hekaýatlar bilen baglanyşykly düşünjeler, dürli adalgalar, dini, dini-sopuçylyk aňlatmalary, okuja nätanyş bolan taryhy, geografik, mifologik, şahs, eser atlary ýerleşdirilendigini mälim etdiler. Sözlük şahyryň eserleriniň many-mazmunyna düşünmekde peýdaly gollanma bolup hyzmat etjekdigini buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de A.Hojanyýazyň soňky ýyllarda ýazan edebi makalalarynyň, ýaş galamdaşlaryna maslahatlarynyň, sowallara jogaplarynyň, onuň öz döredijiligi dogrusynda halypalary, galamdaşlary, şägirtleri, okyjylary tarapyndan aýdylanlaryň bir bölegi girizilen “Halypalary gören gözlerim” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Kitaphanaçylary Ý.Ýagmyrowyň “Bakylygyň bahary” atly dürli goşgulary, rubagylary, bentleri, hekaýatlary we durmuş pelsepelerini öz içine alýan kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Kitaphana synyna gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Milli jebisligiň mizemez güwäsi

Kitaphanalar

15.05.2026

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary şäheriň 23-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Milli jebisligiň mizemez güwäsi” atly gürrüň geçirdiler. Mekdep okuwçylaryna Baş Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy hakynda şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Bu bolsa diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Asuda, abadan, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.

No image
Milli buýsanjymyz - Baky bagtymyz

Kitaphanalar

15.05.2026

Esasy kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitutsiýasyň döredilen güni bilen milli buýsanjymyzyň belent nyşany bolan Döwlet Baýdagynyň gününi baýram edip giňden bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi hem “Milli buýsanjymyz - Baky bagtymyz” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen topragynyň erkanalygyň mekanydygy, al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl baýdagymyzda halkymyzyň ata-baba ýol-ýörelge edinip gelen agzybirlik, jebislik, goňşy-golamlar bilen hoşniýetli gatnaşyklarda bolmak isleg-arzuwlary jemlenendigi we şol asyrlyk arzuwlaryň bu günki günde hasyl bolandygy barada giňişleýin söhbetdeşlik etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan, döwletimizi ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlikleri arzuw etdiler.

No image
Arşyň nepisligi türkmen halysy

Kitaphanalar

15.05.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda kümüş saçly enelerimiziň, hünärine ussat, çeper elli halyçy zenanlarymyzyň, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlaryň, kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Arşyň nepisligi türkmen halysy” atly duşuşyk geçirildi. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan “Türkmen halysy-gözelligiň we beýik sungatyň nusgasy” ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler. Bäş müň ýyllyk taryhy bolan bu baýram nesillerimiz üçin ajaýyp sungaty döreden baýramdyr. Häzirki eýýamda gadymy ata-babalarymyzyň ruhy wesýetlerine we olaryň döreden gymmatlyklaryna wepalylygy, özboluşly milli dessurlaryň nesilden-nesle geçijiligini alamatlandyrýar we bütin dünýäde şöhrat gazanan türkmen halysynyň nepisligini beýan edýär. Çykyşlarda türkmen halysynyň dünýäde tanalmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Bilimler dünýäsine ak ýol

Kitaphanalar

15.05.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäheriniň 10-njy we 51-nji çagalar bagynda “Bilimler dünýäsine ak ýol” we “Kim bilmeşek” ýaly atlarda çagalar ertirligini geçirdiler. Bu ýerde hoş gal bakjam, kitap, mekdep, mugallym, ýaly şygyrlar okaldy. Çagalyk dünýäsiniň gyzykly pursatlaryny başdan geçirýän körpeleriň bagtyýarlygy bizi has-da nurlandyrýar. Çagalaryň bagtly we şadyýan durmuşda önüp-ösmegi, okap bilim alyp, özleriniň göwün söýen hünäriniň eýesi bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ajaýyp ýurdumyzda belentden belent ýaňlanýan çaga sesleri alyslara ýaň salýar.

No image
Arşy belende saçyp dur nurun, Ýaşyl tugum - erkinligiň baýdagy

Kitaphanalar

14.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde guramagynda “Arşy belende saçyp dur nurun, Ýaşyl tugum - erkinligiň baýdagy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler eziz diýarymyzyň toý-baýrama beslenýän günlerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, Watanymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Döwlet tugumyz halkymyzyň agzybirligini, Watana bolan buýsanjyny, geçmişini we ajaýyp geljegini özünde jemleýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.