logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary

Muzeýler

30.04.2026

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Lebap welaýat bölüminiň, şeýle-de Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda muzeýde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Bu söhbetdeşlik çäresinde bagtyýar zamanamyzda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat sarpa, olaryň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekmekleri barada döredilýän mümkinçilikler dogrusynda hem-de şu günler gyzgalaňly dowam edýän ýüpek gurçugyny idetmek, ýurdumyzyň oba hojalygynda ýüpekçilik pudagynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde asyrlar aşyp gelýän milli daýhançylyk däpleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylýandygy, bu pudagyň ösdürilmegine onuň halkymyzyň medeni mirasynyň ajaýyp däpleriniň biri bolýanlygyndan ugur alnyp, ýüpekçilik dokma senagatyny belent sepgitlere çykarmaga ýardam edýändigi dogrusyndaky söhbetlere giň gerim berildi. Ýüpek keteniden tikilen egin-eşikler türkmen zenanlarynyň gadymdan gelýän milli lybaslarydyr. Örän owadan, köp öwüşginli, nepis, ýüpekden dokalan ajaýyp türkmen halylary gadymdan bäri Günbatary we Gündogary ygtybarly söwda ugurlary bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça kerwenlerde onlarça ýurtlara iberilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň ganatly galamyndan dörän “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýurdumyzyň ýüpekçiliginiň taryhy barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, merwli ýüpekçileriň arasynda hem hytaýlylaryň ýüpek almak usullaryny özleşdiren ussatlar bolupdyr. Tut önümçiligi ýüpek gurçuklaryny köpçülikleýin köpeltmäge mümkinçilik beripdir. Diýarymyzda öndürilýän piläniň möçberleriniň artdyrylmagy, gaýtadan işleýän kärhanalaryň gymmatly çig mal bilen doly üpjün edilmegi, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça geçirilýän çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalar bolup, olar doly döwrebaplaşdyryldy hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu kärhanalarda ýüpek halylaryny, milli keteni matalaryny we beýleki önümleri taýýarlamak üçin täze önümhanalar açyldy. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümler — çig ýüpek, inçe ýüpek ýüplük, matalaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. Bu önümler iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Ýüpek süýüminden başga-da, ajaýyp ýüpek halylar, keteni matalarydyr gyňaçlar dürli hili döwrebap öýme ýaglyklar öndürilýär. Bu önümler diňe bir öz ýurdymyzda däl, eýsem, daşary ýurtly sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar. Ýurdumyzda türkmen zenanlarynyň ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän, halkymyzy ganatly bedewleriň ýyndamlygy kimin ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy belleniljek “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň her bir güni bedew batly ösüşlere beslensin! Gülälek BATYROWA, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
BEDEW — ŞAN-ŞÖHRATYŇ, GARAŞSYZ WATAN!

Edebiýat älemi

30.04.2026

Döwür uçdy, döwran uçdy, biz uçduk, Ykballaň ýagtylan ýalkymna duşduk. Bitaraplyk bilen dünýäni guçduk, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Gez şygary ýyllaryňa çaglaýyp, Ak ýollarda ýüzseň ganat baglaýyp. Men otursam guwanjymdan aglaýyp, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Watanyň gül görki hem durky başga, Diýýärin özüme: Sözi taraşla! Dogmundan don geýen Zürýatlar başda, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Mertler bilen döredýänsiň,gurýansyň, Eneleriň dileginde birýansyň. At deý ýyndamlykda öňe barýansyň, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Guwanmakda, buýsanmakda ganatdyr, Erteki hem şu zeýilli halatdyr. Döwletli döwranyň goýny rahatdyr, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Günleriňde, ýyllaryňda täzelik, Durşuny binalaň ünüse gelip. Ykbalmyz ýalkandyr Danasyn berip, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Baryny bar eýläp bilýän beýikdir, Gül Diýarym toý donuny geýipdir. Eşret eýýam ykballara gelipdir, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Seni beren Gudrata tagzymym, Arkadagyň pendi ömre taglymym. Arkadagly Serdar — düri tarypyň, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Ýylymyza ýalkym saçar şygaryň, Bady bilen dal bedewleň — Byragyň. Türkmenistan, ömür bize öz baryň, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Gözel ŞAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Gahrymany

No image
Ýylymyzyň şygary – kalbymyzyň kelamy

Täzelikler

30.04.2026

Her ýyly mynasyp atlandyrmak döwletimizde asylly däbe öwrüldi. Her ýyl ady bilen hakydamyza siňýär, taryhda şol at bilen galýar, üstesine, şol at hemişe ruhlandyryp durýar. Ýylyň-ýylyna ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanyp, belent sepgitlere eýe bolýarys. Bu, elbetde, ýurdumyzyň her bir raýatyny buýsandyrýar. Asylly ýörelgä eýerilip, 2026-njy ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at dakyldy. Gündogar senenamasynyň ýedinjisi bolan ýylky, ýagny bedew ýylynda ösüşleri hem özgerişleri bilen röwşen geljege barýan eziz Diýarymyzda, baş şygaryň-da utgaşykly bolmagy göwünlerimizi has-da galkyndyrdy. Ýylyň şygaryndan mälim bolşy ýaly, Ýer ýüzüniň parahatçylyk kalbyna öwrülen Türkmenistan bedew batly ösüşleriň, toý-baýramlaryň, beýik işleriň amala aşyrylýan mekanyna öwrülýär. Diňe türkmen halkymyz däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi hem bedew atlary üstünligiň, belent ösüşleriň nyşany hökmünde kabul edýär. Ahalteke bedewleri — pederleriň mirasy, halkyň taryhy, ruhy ahwalydyr. Gözelligi bilen göreni haýrana goýýan gamyşgulak, asman atlary halkymyzyň hemişe hemrasy bolupdyr. Muny taryha nazar aýlasaň hem görmek mümkin. «At agynan ýerde toý bolar» diýýän halkymyzyň elbetde, her bir güni şatlykly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Behişdi, şabaz bedewleriň mekany bolan eziz Diýarymyzyň toý-baýramlaryny ýyndam bedewlerimizden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki şahandaz halkymyzyň buýsanjy hem guwanjy bolan bedewleriň seýkin basyşy, aýlawy baglaýşy, gaýtalanmajak gözelligi görenlerde hiç wagt ýatdan çykmajak duýgulary, täsirleri galdyrýar. Şeýle hem, Gahryman Arkadygymyzyň «Atda wepa-da bar, sapada», «Gadamy batly bedew», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eserlerini okanyňda, behişdi bedewleriň Watanynda, şeýle gözelligiň eýeleri türkmen halkynyň nesli bolandygyňa buýsanýarsyň. Halkymyz ýöne ýere: «At — myrat» diýmändir. Il-günümiz aty döwletlilik, gaýratlylyk hasaplapdyr. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýadydyr. Goý, halkymyzyň hemrasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

No image
ÄRSARY ÝOLUNYŇ USSATLARY

Medeni miras

30.04.2026

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde Ärsary ýolunyň halypalaryna bagyşlanan «Ärsary ýolunyň ussatlary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Lebap welaýat häkimligi bilen bilelikde geçiren aýdym-sazly dabarasyna, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň Lebap welaýaty boýunça habarçysy, şahyr Agamyrat Soltanowyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ören Atakowyň «Ärsary ýolunyň dessançylyk däpleri we ussatlary», Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň mugallymlary Jumageldi Orunowyň «Bagşyçylyk sungatynda halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýeti», Mährem Jumaýewiň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagşyçylyk sungaty» atly ýörite taýýarlan çykyşlary baý many-mazmunly boldy. Aýdym-sazly dabarada ussat bagşylaryň wideoşekilleri görkezildi. Halypa bagşy-sazandalaryň gatnaşmagynda Ärsary ýoluny dowam edýän Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň talyby Esen Atamuradow, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutar hünäriniň mugallymy Gurban Çaryýew, Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Umyt Mustakow, Saýat etrabynyň Awçy medeniýet öýüniň sazandasy Kerim Annakulyýew ýaly bagşylar «Türkmeniň», «Görogly» şadessanynyň Ärhasan şahasyndan «Başa-baş», «Öwezjan», «Sary bagşynyň», «Näzlim», «Köçe bagy», «Bal Saýat» ýaly türkmen halk aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Dabarada Çary Durdyýewiň sözlerine, Jumageldi Orunowyň sazyna döredilen «Gahryman Serdarym bilen» atly aýdymy welaýatyň birleşen bagşylar topary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Medeniýet öýünde guralan milli gymmatlyklaryň sergisi dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Çynar GURBANOW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni

No image
Bildiriş

Muzeýler

30.04.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde 2026-njy ýylyň 4-nji maýynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli «Gahrymanlarymyza hormat» atly sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýarys. Sergi sagat 11:00-da açylýar. Biziň salgymyz: Aşgabat ş. (A.Nowaýy) 2022. köçesiniň 88-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 92-71-69

No image
“Ýaşlyk joşguny” atly bäsleşik

Täzelikler

29.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýaş nesilleriň arasynda dürli ugurlar boýunça bäsleşikler geçirilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýaşlyk joşguny” atly bäsleşik hem-de “Açyk gapylar” gününi geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýörite sazçylyk we sungat orta hünär okuw mekdeplerini, ýörite sazçylyk mekdep-internatyny tamamlan we 2026-njy ýylda tamamlaýan uçurymlar gatnaşdylar. Geçirilen bu bäsleşigiň maksady ýurdumyzda saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige höweslendirmek hem-de zehinli sazandalaryň professional derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. “Ýaşlyk joşguny” bäsleşik “Türkmen milli saz gurallary” (dutar, gyjak, gargy tüýdük); “Halk saz gurallary” (baýan, akkordeon, plektrli dutar, ud, kanun, çeň, baglama, bas dutar); “Kirişli saz gurallary” (skripka, alt, wiolonçel, kontrabas); “Üflenip çalynýan saz gurallary” (fleýta, goboý, klarnet, fagot, truba, waltorna, trombon, tuba, ksilofon); “Ýekelikde aýdym aýtmak”; “Hor dirižýorlygy”; “Bagşy”; “Fortepiano”; “Sazşynaslyk”; “Kompozisiýa” ugurlary boýunça geçirildi. Bäsleşigiň açylyş dabarasy we bije çekmeklik konserwatoriýanyň mejlisler zalynda geçirildi. Bäsleşik 2 tapgyrdan ybarat bolup, eminler toparynyň netijesi esasynda 1-nji tapgyrda saýlanan gatnaşyjylar 2-nji tapgyra gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar. Bäsleşigiň eminler topary tarapyndan her ugur boýunça I, II we III orunlar kesgitlendi. Bäsleşige jemi 174 talyp-okuwçy gatnaşyp, olardan I orun 6 sany, II orun 12 sany, III orun 16 sany, hormat hatyna 35 sanysy mynasyp boldylar. Bäsleşige gatnaşyjylar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dürli hünärleri boýunça “Açyk gapylar” güni we halypa mugallymlarynyň ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar. Türkmenistanyň halk artisti, Ýörite fortepiano kafedrasynyň dosenti O.Annamyradowanyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti W.Mkrtumowyň, Türkmenistanyň halk artisti, Dirižýorlyk kafedrasynyň dosenti G.Babaýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmen sazy kafedrasynyň uly mugallymy Ç.Ahunowyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Halk saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy O.Igamowyň, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň dosenti B.Rejepmedowyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti, uly mugallym M.Annamyradowyň, Kirişli saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy B.Gutlymyradowyň, Türkmenistanyň halk artisti, Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň uly mugallymy D.Hydyrowyň, Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň dosenti Ý.Sarkisowyň, Türkmenistanyň halk artisti A.Berdiýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Seýitgulyýewanyň, Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy Ş.Annagylyjowanyň, Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy G.Gurbandurdyýewiň, Türkmenistanyň halk artisti, Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Ş.Hojaýewanyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy K.Ýowbasarowyň geçen ussatlyk sapagy gatnaşyjylar üçin has-da peýdaly bolup, halypalaryň döredijiliginden ylham almaklykda, saz sungatyny has içgin öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bäsleşik ýeňijileri sylaglamak dabarasy bilen jemlendi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/konser.jpg) Bäsleşige gatnaşyjylar öz zehinlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, hünärimizi has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza minnetdarlygymyz çäksizdir. Goý olaryň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Ogulbeg ÝEGENOWA, şMaýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
“Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeligi

Täzelikler

29.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle şanly wakalaryň hatarynda aprel aýynyň 27-sinden maý aýynyň 2-si aralygynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeliginiň dowam edýändigini bellemek bolar. Hepdeligiň açylşynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri Kerimguly Garowow özüniň giriş sözleri bilen çykyş edip, kafedranyň taryhy, ençeme ýyllaryň dowamynda ýeten sepgitleri we gazanan üstünlikleri barada gürrüňleri paýlaşdy. Şeýle-de, ol dabara gatnaşyjylary hepdeligiň çäginde geçiriljek çäreleriň meýilnamalary bilen tanyşdyrdy. Dabaranyň dowamynda “Kompozisiýa hünäri boýunça okuw derslerini okatmagyň käbir aýratynlyklary” atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi has-da täsirli boldy. Onda ussat kompozitor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew “Tеория туркменской музыки” atly monografiýasy bilen tanyşdyrdy we onda beýan edilýän türkmen halk aýdym-sazlaryna mahsus bolan aýratynlyklar barada aýdyp geçdi. Munuň bilen bir hatarda kompozitorlar Meret Annamyradow we Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow öz döreden eserleri hakynda gürrüň berdiler. Çykyşlaryň dowamynda kompozitorlaryň tälim alan halypalary N.Halmämmedow, D.Nuryýew, A.Kulyýew baradaky gyzykly ýatlamalary dabaranyň ýürek tolgundyryjy pursatlaryna öwrüldi. Türkmen kompozitorlarynyň döreden eserleriniň saz ýazgylarynyň diňledilmegi bolsa, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri Kerimguly Garowowyň gurnamagynda geçirilen bu ylmy-amaly maslahat ýaş kompozitor we sazşynas talyplar üçin nusga alarlyk mekdep boldy. Maslahatyň jemleýji pursatynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýändigi çäksiz alkyş aýdyldy. Aýna ÇARYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby

No image
USSAT KOMPOZITOR ÝOLAMAN NURYMOW, ESERLERIŇ NESILLERE GÖRELDE

Täzelikler

29.04.2026

Ussat bagşy-sazandalar asyrlar boýy dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýoly bilen milli saz sungatymyzy nesilden-nesilу geçirip, biziň günlerimize ýetirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa” atly kitabynda “Türkmen sazyny diňläniňde, ondan ünsüňi sowup bolanok. Onuň özüne çekiji gözelligi we şireli öwüşgini hiç kimi biparh goýmaýar. Halk sazy özüne bendi edýär, hyýaly arzuw-islegleriň dünýäsine alyp gidýär. Bu bolsa diňe biziň beýik sungatymyza, türkmen halkynyň söýgüli we iň giň ýaýran saz guraly bolan dutara mahsusdyr” diýip belleýşi ýaly, türkmen dutaryndan çykýan şirin owazlary halkymyzyň gymmatly mirasy bolup, öwrenilmäge mynasypdyr. Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunowyň gurnamagynda “Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly” atly ussatlyk sapagynyň geçirilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr. Türkmen saz sungatyny professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýolaman Nurymow Türkmenistanyň halk artisti, ussat halypa, kämil sazanda, mukamçy kompozitor hökmünde tanalýan sungat ussatlarynyň biridir. Ussatlyk sapagynda mugallym Ç.Ahunow Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly, onuň türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary hakynda gyzykly gürrüňleri tomaşaçylar bilen paýlaşdy. Sapagyň dowamynda Ý.Nurymowyň sazyna döredilen aýdymlaryň nota ýazgysyna geçirilişi barada hem bellenip geçildi. Munuň bilen baglylykda edilen işleriň hatarynda Ç.Ahunow tarapyndan nota ýazgysyna geçirilen kompozitoryň Nowruz Gurbanmyradowyň goşgusyna döreden birnäçe aýdymlarynyň sanawy hakynda gürrüň edildi. Olardan “Eziz Türkmenistan”, “Türkmen Altyn Asyrda”, “Garaşsyzlyk saýasynda”, “Garaşsyz illi türkmen”, “Garaşsyzlyk toýy külli türkmeniň”, “Şan getirdi”, “Bitarap Türkmenistan”, “Watan saňa ýarasam”, “Türkmenistanym meniň” atly şirin owazly aýdymlary aýtmak bolar. Halypa mugallymymyz Ç.Ahunow nota ýazgysyna geçiren aýdymlarynyň ölçegini, ritmik gurluşyny, saz bezeglerini kada laýyk ýazmakda nähili usullaryň ulanylýandygyny belläp geçdi. Ussat kompozitoryň sazyna döredilen “Ýaşlyk joşguny”, “Bagtyýar Watan” ýaly ajaýyp aýdym-sazlaryň ýerine ýetirilmegi bolsa, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymowyň döredijiligine bagyşlap gurnan kitap sergisini aýlanyp gördüler. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça pikir alyşdylar. Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetiniň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklar aýdyldy. Maral NURYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

No image
Döwür we elektron kitaphana

Kitaphanalar

29.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda «Döwür we elektron kitaphana» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler kitaphanalar – medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup, adamzat medeniýetiniň gymmatlygy hem-de halklaryň medeni ösüşine täsirini ýetirip, adamlaryň medeniýetli, sowatly şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle–de hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” tassyklanmagy, bu maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzda kitaphana işini döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine hyzmat etmekden ybaratdygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda parahat ýurdumyzda okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Bildiriş

Teatr we kino dünýäsi

28.04.2026

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki maý aýynyň 3-ne sagat 18:00-da sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler. Hormatly Ildeşler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hoş gördük!!! Biziň sirk.gov.tm resmi sahypasynda petekleri «online» görnüşinde hem alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95; 36-10-34;