logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Döwrebap kitaphanalar - kämilligiň binýady

Kitaphanalar

20.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy esasynda «Döwrebap kitaphanalar – kämilligiň binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda kitaphanalar ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygyny, hormatly Prezidentimiziň saýasynda kitaphana işiniň has-da kämilleşdirilip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze kitaphanalaryň gurulmagy, olarda bitewi elektron kitaplar bilen üpjün edilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, kitaphana işi, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine döwrebap hyzmat etmekden ybaratdygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet

Kitaphanalar

20.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäheriniň iňlis dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Taryhy medeni seýilgähinde “Arkadag” teleýaýlymynyň “Köňülleriň çyragy” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet” atly söhbetdeşlik geçirdi. Ýaş nesillere kitaphana hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” hem-de hormatly Prezidentimiziň “Änew müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet” atly eserlerinde beýan edilýän şöhratly taryhymyz barada täsirli gürrüňleri berdi. Bu taryhy ýadygärliklere gezelençleriň guralmagy, olaryň ýurdumyzyň taryhyny öwrenmeklerine, geçmiş baradaky bilimlerini ylmy maglumatlaryň üsti bilen baýlaşdyrmaklaryna, döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, ylmy iş bilen gyzyklanmalaryna esas döreder. Çäräniň ahyrynda oňan gatnaşyjylar Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlaryň medeni-aň derejesiniň ösmegine, ylmy dünýägaraýyşlaryň kemala gelmegine, ýurdumyzyň baý taryhyna, Watan mukaddesligine buýsançlaryny artdyrýan beýik işleri amal edýän hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
Kitaphana – rowaçlyklara badalga

Kitaphanalar

20.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan neşir önümlerini aýawly saklamak, halkymyzyň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen 2025-2029-njy ýyllar üçin kabul edilen Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy alnyp barylýar. Gurnagyň bu sapagynda “Kitaphanadan peýdalanmagyň düzgünleri, degişli resminamalar, olary doldurmagyň usullary” atly sapagy geçirildi. Gurnaga Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Gurnaga gatnaşýan talyplara umumy sapaklarynda öwrenenlerini amallaşdyrmak maksady bilen Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri tarapyndan bölümiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, bölüme okyjylary ýazmak, olaryň talaplaryny dogry we doly kanagatlandyrmak, şeýle-de bölümde alnyp barylýan işler barada aýdyp berdiler. Talyplaryň arasynda sorag-jogap bäsleşigi hem geçirildi. Gurnaga gatnaşan talyplar we Döwlet kitaphanasynyň işgärleri okamaga, öwrenmäge we işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
Milli miras – ösüşleriň binýady

Kitaphanalar

20.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli kitaphanalaryň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bir hepdelik kitap sergisini geçirmekligiň tassyklanylan meýilnamasy esasynda göçme kitap sergisini geçirdi. Kitaphana hünärmeni serginiň ilkinji gününde talyp ýaşlara bir hepde dowam etjek göçme kitap sergisiniň many-mazmuny we onuň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän çeper eserler hem-de ajaýyp döwrümizde kitap we kitaphanalardan peýdalanmaklygyň düzgünleri dogrusynda täsirli söhbetler edildi. Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan guralan kitap sergimiziň üsti bilen ýaş nesiller ýurdymyzda çap bolup çykýan çeper eserler barada tanyş bolmaklyga mümkinçilik aldylar. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli edebiýatymyzy, mirasymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Kitap-ruhy tämizligiň açary

Kitaphanalar

20.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi “Kitap-ruhy tämizligiň açary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler adamzadyň parh goýýan iň gadymy we häzirki zaman gymmatlyklarynyň biri hem ömrüňi nurlandyrýan kitapdygyny, kitap egsilmez hazynadygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň kitapsöýüjiliginden ugur alyp, kitaphana işlerini kämilleşdirmäge uly üns berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş eden kitaphana işgärleri kitabyň gymmaty, onuň adamzat durmuşynda tutýan orny hakynda söz açdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan wysal bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty eýýamlaryň jümmüşine ýaň salmagyny, bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Şöhraty äleme dolan, arşdan ykbally bedew

Kitaphanalar

20.04.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda “Şöhraty äleme dolan, arşdan ykbally bedew” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Baş bilim müdirliginiň işgärleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Çykyşlarda ahalteke bedewleri toýlarymyzyň bezegi, türkmen halky asyrlaryň dowamynda uçar ganaty bolan bedewini özüniň ýakyn syrdaşy, dosty hasaplanýandygy, gamyşgulak bedewlerimiz ata-babalarymyzyň durmuşynda belent hormat-sylaga eýedigi barada gürrüňler edildi. Kitaphana işgärleri tarapyndan “Bedew atlar gadymyýetden mirasdyr” ady bilen guralan kitap sergisi gatnaşyjylarda has-da täsir galdyrdy. Bu giňişleýin kitap sergisinde esasanam Gahryman Arkadagymyzyň bedewlerimizi wasp edýän eserleri ýerleşdirildi. Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Megri — Arkalaşygyň medeni paýtagty

Halkara gatnaşyklary

17.04.2026

Häzirki wagtda Ermenistan Respublikasynda Megri şäheriniň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler dowam edýär. 14-18-nji apreli aralygynda Megri şäherinde geçirilýän bu medeni çärelere türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýetleri bag ekmek dabarasyna gatnaşdylar. Şeýle-de, Megri şäheriniň taryhy ýerlerine aýlanyp, halkyň medeni-mirasy bilen içgin tanyşdylar. Nar jülgesiniň gözelligini synladylar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarynyň guran sergisine aýlanyp gördüler. Soňra türkmen wekiliýeti Megri şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen baýramçylyk konsertine gatnaşdylar.

No image
Häzirki zaman edebiýatynda bedewleriň waspy

Täzelikler

17.04.2026

15-nji aprelde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde guramaklarynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň binasynda, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda «Häzirki zaman edebiýatynda bedewleriň waspy» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, şahyr Bazar Şalyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, «Güneş» žurnalynyň bölüm redaktory Güljahan Myradowa dagy gatnaşyp, ýazyjy-şahyrlarymyzyň bedewlerimizi wasp edýän goşgudyr kyssa eserleri hakynda täsirli söhbetleri etdiler, behişdi bedewlerimize bagyşlap döreden şygyrlaryny okadylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň döredijilikleriniň kämilleşmeginde, täze eserleriň döremeginde gymmatly hazyna, nusgalyk ýol-ýörelge bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar. Türkmeniň ýelden ýüwrük dal bedewleriniň waspy indi ençeme asyrlar bäri dilleriň senasyna öwrüldi. Nusgawy edebiýatymyzda, halk döredijiligimizde, aýdym-saz sungatymyzda tarypy ýetirilen bedewler tomaşaly toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen, seýkin basyp ýöreýşi, eýesine wepaly häsiýetleri bilen dünýä halklaryny haýran galdyrýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejeli festiwallarda, ýaryşlarda üstünlikli çykyşlar edip, altyn kuboklara hem-de beýleki baýraklara yzygiderli mynasyp bolmaklary ýatdan çykmajak taryhy wakalardyr. «Aty baryň — ganaty bar» diýen pähimden ugur alýan türkmen halky bedew atyny özüniň iň wepaly dosty hasaplapdyr. Merdana pederlerimiziň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri irki döwürlerden bäri ýigidiň belent maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolupdyr. Behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, gözelligi, sarçlygy, eýesine wepalylygy ýazyjy-şahyrlarymyzyň täze eserleri, şygyrlary döretmeklerinde ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär – diýip çykyş edenler bellediler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bedew batly ösüşlere besleýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
AHALTEKE ATLARY – TIZLIGIŇ, ÇYDAMLYLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ NUSGASY

Täzelikler

17.04.2026

Şu günler eziz Diýarymyzda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Bu ajaýyp baýram mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramagynda “Ahalteke atlary – tizligiň, çydamlylygyň we gözelligiň nusgasy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Seýisleriň, atşynaslaryň we bu ugurdaky hünärmenleriň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu söhbetdeşlikde, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, türkmen milli atçylyk sportuny ösdürmekde alnyp barylýan köpugurly işler hem-de türkmen milli seýisçilik tejribesi barada gyzykly söhbetler edildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan sergi geçirilen söhbetdeşlik bilen ajaýyp derejede sazlaşdy. Ahalteke bedewleri türkmen topragynyň mährini süňňüne siňdirilip ýetişdirilen gymmatlyklarymyzyň iň meşhurydyr. Olar seýisçiligiň milli tejribesi bilen terbiýelenen gylykly atlardyr. Mynasyp atlary ösdürip ýetişdirmek, idetmek ýokary derejeli ussatlygy talap edýär. Geçmişde aty bolan maşgala gurply hojalyklaryň biri hasaplanypdyr. Gapyda gamyş gulak atyň kişňemegi bagtdan nyşan saýylypdyr. Ady dünýä ýaýylan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde ökde seýisleri öz içine alýan seýisçilik mekdebi döräpdir. Olar atlaryň hakyky janköýerleri bolupdyr. Çünki atlary taýçanaklygyndan kämil derejä ýetirmek abyrsyz zähmeti, irginsiz yhlasy talap edipdir. Atyň gowy seýislenendigini ýa-da seýislenmändigini onuň sypatyndan, endamyndan, ýöreýşinden, iýmitlenişinden, özüni alyp barşyndan bilmegi başaran seýisler çyn bedewleri ösdürip ýetişdiripdirler. Atlar maşgalanyň gözüniň guwanjyna, ýüreginiň buýsanjyna öwrülipdir. Syzgyr, düşbi atlar bilen sözleşilipdir. Olar mähir-söýgi bilen gurşalypdyr. Özüne bolan mähri duýup ulalan bedewler ynsan ýaly üşükli, häsiýetli bedewler bolup ýetişipdir. Halkymyz behişdi bedewleri çeper sungaty bilen döreden şaý-sepleri bilen bezäpdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke atlarymyz özüniň mynasyp bahasyna eýe bolýar. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyklykda atçylyk toplumlary, aýlawlar guruldy, türkmen bedewiniň syratly keşbi Döwlet tugrasynda orun aldy, at çapyşyklary yzygiderli guralýar. Atlar gözellik bäsleşiklerine gatnaşýar, şeýle hem, türkmen bedewiniň şanyna uludan dabaraly toý tutulýar. 2023-nji ýylda türkmen milli seýisçilik sungatynyň ýokary kämilliginiň milli tejribesini özünde jemleýän «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Bize ahalteke atlary ýaly at-abraýy, şan-şöhraty dünýä dolan milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde nusgalyk ýol görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
Sungat äleminiň nury: Suhan Tüýliýewiň döredijilik dünýäsine syýahat

Täzelikler

17.04.2026

Türkmenistanyň medeniýet we sungat älemi ýene-de bir taryhy wakanyň şaýady boldy. Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Türkmenistanyň sungatda yz goýan zehinli kompozitory Suhan Tüýliýewiň “Ömrümiň bentleri” atly döredijilik duşuşygy we konserti geçirildi. Bu agşam diňe bir saz däl, eýsem, türkmen ruhunyň, taryhynyň we filosofiýasynyň saz dili bilen beýan edilen dabarasy boldy. Konsertiň maksatnamasy gaty baý we manyly bolup, agşamyň açylyşy Suhan Tüýliýewiň “Bentler” atly simfoniki orkestr üçin poemasy bilen başlanýar. Bu eser kompozitoryň döredijilik ýolunyň özboluşly bir özeni ýalydyr. Döwletmämmet Ökdirowyň dirižýorlyk etmeginde simfoniki orkestr diňleýjini ynsan ömrüniň dürli pursatlaryna, ýagny, şol “bentlere” alyp gitdi. Suhan Tüýliýewiň döredijiliginde edebiýat we poeziýa aýrylmaz orun tutýar. Gülşirin Hanowanyň sözlerine düzülen “Nejoldy?” atly soprano we orkestr üçin aýdymy Güljemal Taýlyýewanyň belent owazda ýerine ýetirilmegi türkmen zenanynyň kalbyndaky näzik duýgularyň sazlaşygyny görkezdi. Konsertiň iň täsirli bölümleriniň biri hem “Uzuklar” sazly rowaýatydyr. Bu eser birnäçe saz guralynyň — fleýta, goboý, klarnet we skripkanyň — simfoniki orkestr bilen dialogydyr. Batyr Çaryýewiň çeper okaýyşynda (rawynyň dilinden) beýan edilen bu rowaýat diňleýjini türkmen sährasynyň jümmüşine äkitdi. “Uzugyň lälesi”, “Näzigiň lälesi” we “Läligiň lälesi” ýaly bölümler arkaly senediň, sabyr-takatlylygyň we gözelligiň nusgasy bolan türkmen gyzlarynyň keşbi janlandyrylýar. Didar Ýomudow, Seýran Atanyýazow, Şirhan Batyrow we Oguljan Nepesowa ýaly ussat sazandalaryň ýerine ýetirmegindäki bu bölümler milli saz gurallarynyň we simfoniki sazlaşygyň iň kämil nusgasydyr. Aýratyn hem “Ýagma bulut” (çopanyň tüýdük sazy) bölümi halkymyzyň tebigat bilen bolan sarsmaz baglanyşygyny alamatlandyrdy. Suhan Tüýliýewiň döredijiliginde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülen eserlerdir. “Ýeldim tut!” aýdymyny Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň gaýtalanmaz bariton sesi bilen belentden ýaňlandy. Bu eser ynsan durmuşynyň pelsepesini we şahyryň dünýägaraýşyny saz arkaly beýan edýän hakyky sungat eseridir. Konsertiň ahyrynda bolsa, Atamyrat Atabaýewiň sözlerine düzülen “Döwletli döwran” kantatasy ýerine ýetirildi. Bu eser döwrümiziň dabaralanmasyny, agzybirligimizi we bagtyýar durmuşymyzy dabaralandyrýan uly göwrümli eserdir. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestri we hory, solistler Röwşen Baýramow, Wepa Ödäýew (gargy tüýdük) we Baýramgül Ahmedowa (gopuz) bilen bilelikde bu dabaraly sazy jemlediler. Bu döredijilik duşuşygy diňe bir Suhan Tüýliýewiň şahsy üstünligi däl, eýsem, umumy türkmen medeniýetiniň ýeten belent sepgitleriniň subutnamasydyr. Sazyň dili bilen taryhymyzy, şu günümizi we geljegimizi beýan edýän bu eserler kalplara ylham, ruhlara galkynyş berýär. Şeýle ajaýyp medeni çäreleriň geçirilmegine, sungat işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä derejesine göterýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys! Jeren ÖWLÝAKULOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby