logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Türkmen medeniýetim- türkmen sungatym

Kitaphanalar

18.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň işgärleri “Türkmen medeniýetim-türkmen sungatym” atly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetde, sungatda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara eýe bolýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Adamzat geçen ýolunda medeniýeti, sungaty gülledip ösdürip, durmuşdaky öz ornuny belende götermegi başarandygyny, ata-babalarymyzdan häzirki nesillere ýetirilen medeni mirasymyz, däp-dessurlarymyz, milli sungatymyzyň merjenleri muňa şaýatlyk edýändigini beýan etdiler. Şeýle-de Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleri halkara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, medeniýet, sungat ussatlarynyň tejribe alyşmaklaryna uly ýardam berýändigini belläp geçdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň kämilleşmegi üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Milli medeniýet- öçmejek sungat

Muzeýler

18.06.2026

Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda medeniýeti we sungaty diňe bir durmuşuň bezegi bolman, eýsem, milletiň şahsyýetini, onuň bitewiligini saklap gelen iň uly güýçdir. Şonuň üçin hem ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýununda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni uludan bellenilýär. Bu baýram mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem “Milli medeniýet - öçmejek sungat” atly sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýakup Annanurowyň “Kompozitor Daňatar Öwezow”, Çary Amangeldiýewiň “Şükür bagşy”, Aman Amangeldiýewiň “Bagşy Ökdirow”, Nyýazmyrat Dowodowyň “Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýew” şeýle-de Saparmämet Meredowyň “Sahy Jepbar, “Çary Täçmämmedow”, Iwan Ilýiniň “Magtymguly Pyragy”, Ahmet Hallyýewiň “Azady we Magtymguly” ýaly ajaýyp eserler sergilendi. Sergimize medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdy. Toýlary goşa-goşadan gelýän türkmen halkymyzyň toýlary toýa ulaşsyn! Türkmen medeniýetine, sungatyna uly hormat goýýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de mähriban türkmen halkymyzy ýetip gelýän hünär baýramymyz bolan, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

No image
Kitap - ylham hazynasy

Kitaphanalar

18.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ”Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni” mynasybetli döredijilik işgärleriniň hem-de halypa kitaphanaçylaryň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň, gymmatly eserlerinden söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler köpugurly baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň barlygyny, tutuş asyrlardan aşyp gelen milli däp-dessurlarymyzyň, bagşy-sazandalarymyzyň ussat geçen şöhratly ýollary hakynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...”,Türkmen medeniýeti” , “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabynda nygtalyp geçilýär diýip, täsirli söhbet etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň her birimiz üçin gymmatly gollanma bolup durýandygyny buýsanç bilen bellediler. Çykyş edenler bular hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Medeniýet - halkyň kalbydyr

Kitaphanalar

18.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ”Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni” mynasybetli döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen medeniýetini, sungatyny, milli mirasymyzy wasp edip ýazan gymmatly eserlerinden şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan ajaýyp eserlerinden söhbetdeşlik ýazgy edildi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinde medeniýet hem-de milli miras düşünjesi mukaddeslik hökmünde taryp edilýär. Aýratyn-da, Milli Liderimiziň ”Medeniýet halkyň kalbydyr”,”Türkmen medeniýeti”, “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” “Ile döwlet geler bolsa...” atly eserleri medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşine, ruhy gymmatlyklarymyza, taryhymyza, milli mirasymyza bagyşlanan gymmatly çeşmedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly kitabynda türkmen halkynyň durmuşynda,dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär.Şular dogrusynda döredijilik işgärleri giňişleýin çykyş etdiler. Söhbetleriniň soňunda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Kalplarda orun alan akyldar şahyr

Kitaphanalar

18.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligi esasynda «Kalplarda orun alan akyldar şahyr» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Magtymguly Pyragynyň şygyrlary asyrlaryň dowamynda türkmen edebiýatynyň genji-hazynasy bolup, şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan goşgulary ýaş nesillere bilim, terbiýe bermekde, umumyadamzat gymmatlyklaryny olaryň aňyna ornaşdyrmakda iňňän uly ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda çagalaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan birnäçesini okap berdiler. Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Jadyly ertekiler dünýäsi

Kitaphanalar

18.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderäniň “Demirýolçy”, çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde “Jadyly ertekiler dünýäsi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalaryň iň köp okaýan kitaplary, ertekileri boýunça sorag jogap alyşyldy, gyzykly gürrüňler edildi. Çagalar hem öz gezeklerinde wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirip, sapaly günleri başdan geçirýändiklerini buýsanç bilen gürrüň berdiler. Kitap okamaklygyň peýdasy we boş wagtlaryňda gyzykly kitaplary okamaklygyň çagalaryň aňyna ýetirýän täsirleri dogrusynda kitaphana hünärmeni hem täsirli gürrüňler berdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Medeniýet halkyň kalbydyr

Kitaphanalar

18.06.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynyň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet halkyň kalbydyr” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga welaýatymyzyň göreldeli, öňdebaryjy medeniýet işgärleri, görnükli şahyrlarymyz, döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarymyz, gatnaşdylar. Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ösen medeniýetli, ýaşlaryň terbiýeli, geljekde ýurduň ykbaly ynanyljak mynasyp nesiller bolup ýetişmeklerinde, hormatly Prezidentimiziň pähim – paýhasyndan dörän ruhy gymmatlyklary möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz ,,Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitabynda ,,Kitap döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän baýlykdyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýän, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýän, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýän çeşme, adamzadyň akyl – paýhasyny durlaýan gymmatlykdyr” diýip belleýär. Haýsydyr bir halk hakynda söhbet açylsa, öňi bilen onuň medeniýetiniň, sungatynyň, ruhy dünýäsiniň näderejededigi bilen baha berilýär. Her bir halk öz baý mirasynyň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny birden döretmändir. Olar uzak asyrlaryň dowamynda döräp, kem-kemden kämilleşipdir. Aýdym–saz türkmen halkynyň eý görýän sungatlarynyň biridir. Müňýyllyklara uzaýan taryhy ýazgylar türkmen halkynyň aýdym–saz bilen bagry badaşan halkdygyna güwä geçýär. Sazyň aýratyn bir ylymdygyny, sungatdygyny dünýä ýaýan, aýdym–sazyň üsti bilen birnäçe dertleri bejerip bolýandygyny ylmy esasda düşündiren, sanaç, rubab, kanon ýaly birnäçe saz gurallaryny döreden ussat Abu Nasr al-Faraby hem türkmendir. Şondan öňem, soňam halkymyzyň saz we saz sungaty bilen bagly bitiren işleri dünýä nusgalykdyr. Halkymyzyň döreden we ösdüren bu sungaty halklaryň kalbynda mekdep bolup ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyz ”Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda döwürleriň hem-de nesilleriň, taryhyň we häzirki döwrüň arabaglanyşygy, milli medeniýetimizde aýratyn orna eýe bolan bagşyçylyk mekdebi hakda çuňňur ylmy we filosofiki pikir ýöredilýär. Aýdym–sazlaryň halkymyzyň dünýägaraýşyna, özboluşly durmuş pelsepesine we ýaşaýyş–durmuş keşbine, akyl–paýhasyna täsir edendigi takyk ylmy maglumatlar bilen beýan edilýär. Bu beýik sungatyň aýdym–sazyň täze müňýyllykdaky wezipesi we ähmiýeti hakda hem has çuňňur durlup geçilýär diýip çykyşlarda aýratyn bellenildi. Şeýle-de gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan “Pyragynyň şygyrlary-jebisligiň senasy” atly giňişleýin kitap sergisine syn etdiler.

No image
Siz Watanyň şu güni hem ertiri, Ýurdumyň bagtyýar ogul-gyzlary

Kitaphanalar

18.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen çagalar bagynda terbiýelenýän çagajyklardan başlap,ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmaklygy ,olaryň watansöýüji, ene-atasyna wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda kitaphanalarda hem köp işler alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp,Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölüminiň işgärleri hem Aşgabat şäherinde ýerleşýän 165-nji çagalar bakja - bagynda “ Siz Watanyň şu güni hem ertiri, Ýurdumyň bagtyýar ogul-gyzlary” ady bilen körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş we neşir önümlerinden kitap sergisini gurnadylar. Kitaphana işgärleri türkmen halk ertekilerinden birnäçesini körpejelere okap berdiler we olardaky gahrymanlaryň edermençiligi hakynda gürrüň etdiler. Körpeleriň arasynda sergilenen “Türkmen halk ertekileri” ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni has-da özüne çekdi. Parahat ýurdumyzda gelejegimiz bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri ugrunda ägirt uly işleri edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

No image
Göwheriň gözel şaýlary

Täzelikler

17.06.2026

Islendik sungat, ilki bilen, häsiýet saýlaýar diýleni. Pespäl, kiçigöwünli, yhlasly, köňül beren işine wepaly ynsanlara «Kesbinden kemal tapan» diýilýändigi hem şonuň üçin bolsa gerek. Hünärliniň häsiýetinden, zähmetinden, döredijilikli gözleglerinden wysal tapýan işler mydama ýokary baha mynasyp bolýar, eýesine uly abraý getirýär. Zergär zenan Göwher Nuryýewa indi 30 ýyla golaý wagtdan bäri bu asylly sungat bilen meşgullanyp gelýär. Ol Suratkeşler birleşiginiň hem agzasydyr. Göwheriň işleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralýan sergilerde hem köpüň ünsüni özünde egleýär. Şu ýylyň 15-17-nji maýy aralygynda ol doganlyk Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen «Altyn sapak we zergärçilik hünäri» atly bäsleşige gatnaşdy. Özbegistanda her iki ýyldan geçirilýän bu bäsleşige Göwher eýýäm ikinji gezek gatnaşýar. 2024-nji ýylda ol bäsleşige ilkinji gezek gatnaşyp, «ÝUNESKO-nyň bäsleşiginiň ýeňijisi» diýen güwänama mynasyp bolupdy. Bu gezekki bäsleşige dürli ýurtlardan zergärleriň köp sanlysy gatnaşdy. Şonda Göwher üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan oňa 1 müň amerikan dollary hem-de bäsleşigiň Kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. —Baýrak gowşurylyş dabarasynda üýtgeşik tolgunmany başdan geçirdim. Alypbaryjynyň: «Türkmenistandan Göwher Nuryýewa» diýen wagtyndaky buýsanjymy hiç zat bilen deňäp bilmerin. Biz — zergärlere şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys - diýip, zergär zenan belleýär. Bäsleşigiň ikinji gününde bilermenler zergärleriň el işiniň görkezilişini gurapdyrlar. Göwher şonda hem ussatlyk sapaklaryny görkezip, synagdan üstünlikli geçmegi başarypdyr. Ol bäsleşige özüniň 60-a golaý işi bilen gatnaşypdyr. Olaryň arasynda gülýaka, asyk, gulakhalkalar, bilezik, sümsüle-maňlaýlyk, ýüzükler hem bar. Göwheriň bu sungatda özboluşly ýoly bar. Ol öz ýasan şaý-seplerinde millilige uly üns berýär. Gadymy şaýlarymyzyň nusgalary esasynda işläp, olary döredijilik gözlegleri bilen baýlaşdyrmaga goşandyny goşýar. Munuň üçin ol hemişe gözlegde. Inçelik bilen ýerine ýetirilýän işler zergäriň kämillige ýetendigini aýdyp berip duran ýaly. Göwheriň şaý-sepleriniň ýene bir aýratynlygy: baharda türkmen sährasynda açylan çigildemler olaryň ebedi bezegine öwrülip galypdyr. Milli şaý-seplerimiziň bezegi bolan hakyk gaşy bilen bezäp-beslemek hem onuň işlerinde aýratyn göze ilýär. Göwheriň hem aýdyşy ýaly, zergärçilik, halyçylyk, keşdeçilik özara baglanyşyklydyr. Zergärçilikdäki nagyşlar beýleki keşdeler hem-de haly nagyşlary bilen deň gelýär. Göwher geçen ýylyň dekabrynda Hindistanda geçirilen el işleriniň festiwalyna gatnaşyp gelendigini, şonda özüne ýörite güwänamanyň gowşurylandygyny hem gürrüň berdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly döredijilik, medeniýet, sungat işgärlerine hem rowaçlyk getirýär. Ýeri gelende bellesek, Göwher — bedewlerimiziň bezeg şaýlaryny ýasamagyň hem ussady. Zehinli zergär zenany nobatdaky üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa geljekde-de rowaçlyklary arzuw edýäris.

No image
Ylymlar ojagy – kitaphanalar

Kitaphanalar

17.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde kitaphanalarda alnyp barylýan işler, okyjylara edilýän döwrebap hyzmat dogrusynda söhbet etdiler. Şeýle hem kitaphana ulgamynyň ösüş binýadynyň aýratynlygy, dürli ugurlar boýunça gelýän okyjylarymyz üçin hereket edýän sanly ulgamynyň işleýşi, onuň kitap hazynamyzdaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerini, dürli pudaklar boýunça ýerleşdirilen kitaplary okap bolýandygy hem-de bu kitaplaryň audio ses ýazgylaryny diňlemek mümkinçilikleriniň hem döredilendigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi bagtyýar ýaşlarymyzy kämil düşünjeli, giň dünýä garaýyşly, sanly ulgamlaryny başarnykly peýdalanmaklaryna uly ýardam berýär. Kitaphana işgärleri söhbediniň soňunda özleri üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.