logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
NOWRUZ PARAHATÇYLYGYŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ BAÝRAMY

Muzeýler

17.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Nowruz tämizligiň, sahawatyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, bagtyýarlygyň baýramy hökmünde her ýyl ýurdumyzda uludan bellenilýär. Güneşli Diýarymyzyň çar ýanyny baky bahara, al-elwan güllere, aýdym-sazlara besläp gelen bahar ülkämize Milli bahar baýramynyň halkara Nowruz gününiň dabaraly çäreleriniň toý şatlygyny alyp geldi. Eziz Watanymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Jeýhunyň kenaryny etekläp oturan gojaman Amyderýanyň boýunda ýerleşýän gadymy Lebap ilini toý lybasyna beslendi. Toý ruhuna beslenen dabaraly çäreleriň biri-de ýaňy-ýakynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz parahatçylygyň we dost-doganlygyň baýramy» atly dabaraly maslahat geçirilip, wagtlaýyn baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Welaýatyň bilim, medeniýet işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda Halkara Nowruz baýramy, onuň türki halklarynyň durmuşynda tutýan orny, şeýle hem Milli bahar baýramynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip, giňden bellenilip geçilişi barada täsirli çykyşlar edildi. Soňra bu ýere ýygnananlar baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar we sergide ýaýbaňlandyrylan muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Milli mirasymyzy şöhlelendirýän amaly-haşam işleri Halkara Nowruz baýramy bilen baglanşykly, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri «Bereketli türkmen saçagy» kitabyna görkezilýän milli tagamlar, welaýatyň suratkeşleriniň bahar paslynyň gözelliklerini wasp edýän işleri sergä gatnaşyjylara ýatdan çykmajak baýramçylyk şatlygyny bagyşlady. Sergi bilen tanyşlygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bedew bady bilen watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Gülnur PYGAMOWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri

No image
NOWRUZ – GÜLLEÝŞIŇ WE TÄZELENIŞIŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

17.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz – gülleýşiň we täzelenişiň baýramy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler eziz diýarymyzda bahar paslynyň gelmegi bilen tebigatyň ynsana ruhubelentlik, şatlyk, jümle-jahana janlanyş hem-de täzeleniş bagyş edýän çagynda Milli bahar baýramy döwlet derejesinde, ýurt asudalygynda, il-agzybirliginde, ruhubelentlikde, jebislikde ýurdumyzyň dürli künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bahar gelende türkmen sährasyndan öwsüp gaýdýan mylaýym ýeller bagtyýar zamanamyzyň bagtyýar günleri bilen sazlaşyp, köňüllerimize mähir çaýýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GIŇ GUJAGY ÇEMENLI - GÜLLI NOWRUZ GELIPDIR

Kitaphanalar

17.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Giň gujagy çemenli - gülli Nowruz gelipdir» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenşiň baýramy bolan Nowruz baýramy ata-babalarymyzdan we pederlerimizden miras galan gadymy baýramy bolup, ajaýyp dünýäli bahar nurana baýramlaryň biri bolan Nowruzyň gelendigini buşlap, kalbymyzy iň gowy duýgulara gaplaýandygyny, baglarda saýrak bilbiller owaz edip, ynsanyň durmuşa, ýaşaýşa bolan söýgüsini has-da artdyrýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda asyrlara uzaýan özboluşly däp-dessurlarymyzy, gadymy baýramçylyklarymyzy täze döwrüň ruhy bilen galkyndyran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegi arzuw etdiler.

No image
FORTEPIANO SUNGATYNYŇ GELJEGI: TEJRIBE WE TÄZEÇILLIK DUŞUŞYGY

Täzelikler

17.03.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Fortepianoda çalmagy öwretmegiň usulyýetiniň döwürleýin tapgyrlary” atly fortepiano sungatynyň ösüşine bagyşlanan ylmy-usuly maslahat geçirildi. Bu giň gerimli çäre, fortepiano öwretmegiň ähli basgançaklaryny- başlangyç, orta we ýokary bilimi öz içine aldy. Maslahata ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, şol sanda Türkmen milli konserwatoriýasynyň, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýörite sungat mekdepleriniň, şeýle hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Çykyş edenler fortepiano öwretmegiň dürli ugurlary boýunça gymmatly pikirlerini paýlaşdylar. Geçirilen gyzykly söhbetdeşlikler, pikir alyşmalar fortepiano sungatynyň ähmiýetiniň diňe bir saz çalmak endiklerini ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem şahsyýetiň intellektual we ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda hem möhümdigini aýan etdi. Maslahatda W.Koçkarýowa Sankt-Peterburg konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň usulyýet aýratynlyklaryna ünsi çekdi. Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti W.S.Mkrtumow fortepiano usulyýet garaýşynyň aýratynlyklaryny beýan etdi. Ş.Allabaýewa ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde okatmagyň usulyýeti dersiniň esasy maksatlaryny düşündirdi. A.Annaýewa başlangyç bilim döwründe fortepiano tehnikasyny ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. L.Türjanowa “skaffolt” usulyýeti esasynda wizual algoritmleri we kartoçkalary ulanyp, pianinoçynyň özbaşdak taýýarlygyny kämilleşdirmegiň ýollaryny görkezdi. S.Mämmedow we G.Ýuldaşewa tehnikanyň üstünde işlemekde hereket apparatynyň we gammalaryň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. N.F.Pälwanowa fortepiano ýerine ýetirijilik sungatynda nota boýunça ýüzugra okamak dersiniň wajyp meselelerini gozgady. E.G.Nuryýewanyň ýolbaşçylygynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyplary fortepiano öwretmegiň başlangyç okuw kitaplarynyň häzirki döwürde ösüşi we sazly oýunlar, animasiýalar arkaly okuwyň kämilleşdirilmegi barada çykyş etdiler. M.N.Orazowa fortepiano usulyýetinde intellektual ösüşiň ähmiýetini nygtady. Maslahatyň dowamynda fortepiano usulyýet garaýşynyň aýratynlyklary, fortepiano tehnikasyny ösdürmegiň ähmiýeti, fortepiano ýerine ýetirijilik sungatynda nota boýunça ýüzugra okamak, fortepiano öwretmegiň başlangyç okuw kitaplarynyň häzirki döwürde ösüşi we kämilleşdirilişi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz alkyşlaryny aýtdylar. Aýgözel NURMÄMMEDOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Ýörite fortepiano” hünäriniň I ýyl talyby

No image
BAHAR GELSE ÄLEM ÝÜZI JANLANYP, ÝAZ GÜLLERI ÇEMEN BOLUP AÇYLÝAR

Kitaphanalar

17.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Bahar gelse älem ýüzi janlanyp, ýaz gülleri çemen bolup açylýar» ady bilen wagyz- nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy toý-şatlyga, bagy-bossanlyga besläp gelen ajaýyp Nowruz baýramy dostlugyň, milli medeniýetiň, halk däpleriniň we ynsan ýürekleriniň birleşmeginiň hakyky baýramçylygyna öwrülip, baýramçylyk saçagyna jem bolan merdana halkymyz bilen birlikde dünýäniň köp ýurtlaryndan gelen myhmanlarda uly täsir galdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy türkmen medeniýetiniň möhüm bölegi bolup, halkyň ruhy ösüşini, dostlugyny, parahatçylygyny we ösüşe bolan umytlaryny alamatlandyrýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň taryhyna sarpa goýup, ak ertirlerini ak bagta besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
NOWRUZ TÄZE GÜNÜŇ, TÄZE BAGTYŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

17.03.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Milli bahar baýramy mynasybetli Lebap welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda “Nowruz täze günüň, täze bagtyň baýramy” atly mowzuklaýyn agşamy geçirildi. Çärä Türkmenabat şäheriniň 38-nji orta mekdebiniň uly synp okuwçylary gatnaşdylar. Çykyş edenler Milli bahar baýramy täze umytlaryň, parahatçylygyň we dostlugyň baýramy, ata-babalarymyz Nowruzy - täze durmuşyň, bagyň, berekediň gözbaşy hökmünde seredenlikleri barada aýratyn bellediler. Şeýlede kitaphana işgärleri tarapyndan “Bu gözel ilime Nowruz gelipdir” diýen ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çärede türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we türkmen halkymyzy bu mukaddes baýramy bilen tüýs ýüreginden joşup çykýan sözler bilen gutladylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

17.03.2026

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

No image
GELSE NOWRUZ ÄLEME

Muzeýler

16.03.2026

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen güneşli Watanymyzda toýlar toýa, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen halkymyzyň asyrlar boýy däp bolup gelýän Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramynyň esasy ýörelgesi hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli, parahatçylykly we birek-birege ynamly gatnaşyklary kemala getirmekden ybaratdyr. Halkara Nowruz güni Gündogaryň beýleki halklary bilen birlikde türkmen iliniň hem uludan belleýän baýramçylyklarynyň biridir. Ýurdymyzyň ähli künjeklerinde Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni mynasybetli Nowruz ýaýlasynda dürli aýdym-sazly dabaralar, folklory çykyşlar we milli oýunlar uly ruhubelentlik bilen ýaýbaňlanýar. Şonuň bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni mynasybetli «Gelse Nowruz äleme» atly sergi guraldy. Sergide muzeý gaznalarynda saklanylýan nusgalyk, gözelligi, ajaýyplygy, nepisligi bilen meşhur medeni gymmatlyklarymyz görkezildi. Ondan başga ussat suratkeşleriň türkmen tebigatynyň bahar paslyny wasp edýän surat eserleri, hünärmençiligiň ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirilen zergärçilik önümleri bolan bezeg şaýlary, nagyşlaryny tebigat gözelliklerinden alan keşdeler bilen bezelen milli egin-eşikleriň asyl nusgalary serginiň görnükli ýerinde orun aldy. Halk senetçiliginden türkmeniň milli saz gurallary bolan dutary we gyjagy, durmuş, öý hojalyk esbaplarynyň taryhy görnüşlerini synlamak bolsa sergä gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Türkmen sährasynyň gözel tebigatyny, ýaşyl reňke bürenip duran ýaýlasyny, gül-gülälekli meýdanyny, haýwanat dünýäsini janlandyrýan şekilli halylar sergide özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Serginiň dowamynda haly we haly önümleri bilen bezelen tärimiň öňünde milli lybasly maneken gelniň el degirmeninde un üweýän pursatlarynyň hem-de Nowruz baýramynyň buşlukçysy bolan bugdaý maýsalarynyň, milli tagamlar pişmedir semeniniň goýulmagy baýramçylyk däpleriniň öwüşginini has-da artdyrdy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpgmm.jpg) Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Sergide Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Tirkiş Mätnazarow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Esger gazetiniň uly habarçysy Aýgül Garaýewa, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby Ogulnur Saparowa çykyş etdiler. Dabarada örän gyzykly hem täsirli söhbetler edildi. Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Gelse Nowruz äleme» atly sergä aýlanyp gördüler.

No image
ÝAGŞY DILEGLERIŇ AÝY

Kitaphanalar

16.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň, Büzmeýin medeniýet merkeziniň bilelikde gurnamagynda Mübärek Gadyr gijesine bagyşlanyp “Ýagşy dilegleriň aýy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik Mollakowlaryň maşgalasynda, “Aşgabat” teleýaýlymynda ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz dowam etdirilýändigi, Oraza aýynyň iň Mübärek gijesi Gadyr gijesi bolup, Oraza baýramy ata Watanymyza, mähriban il-günümize bolan wepadarlygy terbiýeleýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, jebislik, sahawatlylyk ýörelgelerini dünýä ýaýýan nurana baýramdygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Gadyr gijesi mynasybetli türkmen halkymyz öz ojaklarynda dürli tagam taýýarlap, birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, maşgala agzybirligini, ýurt abadançylygyny dileg edýändikleri barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY

Täzelikler

16.03.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlaryndaky Medeniýet öýleriniň we medeniýet merkezleriniň işini kämilleşdirmek, oba ilatyna medeni taýdan hyzmat etmek, oba ýaşaýjylarynyň dynç alyş wagtlaryny täsirli geçirmek maksady bilen, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 13-14-nji martynda Mary welaýat kitaphanasynda, Ýolöten, Wekilbazar etraplarynda geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary hem örän täsirli we gyzykly boldy. Bu duşuşyklarda Türkmenistanyň halk artistleri Suhanberdi Orazberdiýew, Läle Begnazarowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Ata Täzebaýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri – şahyrlar Aşyrmät Garlyýew, Çemen Annaberdiýewa, Muhammetjuma Hydyrow, Bahargül Mejidowa dagy çykyş etdiler. Bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny, şahyrlarymyzyň okan goşgularyny tomaşaçylar şowhunly garşyladylar. Döredijilik duşuşyklarynda edilen çykyşlarda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ösüşleriniň jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny artdyrýandygy, watandaşlarymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýandygy, ýaş nesillerde medeni-ruhy gymmatlyklarymyza söýgi döredýändigi buýsançly nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde, häzirki döwürde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek, kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini, başarnygyny kämilleşdirmek, döwrebap eserleri döretmek, il içinden täze, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Medeniýetiň kämilligi jemgyýetiň ruhy taýdan ösüşini belende götermäge ýardam berýär. Raýatlary halal we döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, halka döwrebap medeni hyzmatlary hödürlemekde Medeniýet öýlerinde geçirilýän döredijilik duşuşyklary örän ähmiýetlidir. 14-nji martda halypa şahyrlar Atajan Annaberdiýewiň we Gurt Näzliýewiň doglan günleriniň 80 ýyllygy mynasybetli Murgap etrabynyň medeniýet merkezinde aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu halypa şahyrlaryň goşgulary okyjylaryň kalbynda orun alan, türkmen edebiýatynyň ösmeginde uly goşant bolan eserlerdir. Duşuşykda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, halypa şahyr Ata Täzebaýew, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, şahyr Annamyrat Hotjyýew, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýew, Murgap etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň taryh mugallymy, şahyr Ahmet Çarykulyýew, şahyr Ezizgeldi Helleňow, ýazyjy Kakamyrat Ataýew, şahyr Atajan Annaberdiýewiň gyzy, Çemen Annaberdiýewa, şahyr Gurt Näzliýewiň agtygy, «Belent bilim» okuw merkeziniň hünärmeni Merjen Berkeliýewa we başga-da birnäçe adamlar çykyş etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeni syýasaty, taryhy-medeni mirasy wagyz etmäge gönükdirilen maksatnamalary türkmen halkynyň köp asyrlyk medeni-ahlak gymmatlyklaryny, ruhy bitewüligini aýawly saklamakda, jemgyýetiň ruhuny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň özleri hakyndaky aladalaryndan ruhlanýan döredijilik işgärleri medeni ulgamyň ösüşini täze belentliklere götermekde joşgunly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda, Medeniýet öýlerinde medeniýet işgärleriniň alyp barýan köp ugurly işleri watandaşlarymyzy belent maksatly işlere höweslendirmäge, ilatyň medeni isleglerini kanagatlandyrmaga uly ýardam berýär. Döredijilik duşuşygynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şöhratly wakalary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan giň gerimli işleri, beýik ösüşlere beslenýän Watanymyz giňden wasp edildi. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler türkmen edebiýatyny, medeniýetini we sungatyny ösdürmek, dünýä çykarmak ugrundaky belent maksatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Akmyrat Rejebow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri