TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

29-njy aprel hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

«Türkmenistan» gazeti