USSAT HALYPA TÄÇMÄMMET SUHANGULYÝEWIŇ 160 ÝYLLYK ŞANLY SENESINI ÝATLAP....
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, aýdym-saz we beýleki ugurlara uly ruhubelentlik bilen gadam basýar.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde «Türkmen sazy» kafedrasy halypa Täçmämmet Suhangulyýewiň 160 ýyllyk ýubileý konserdini geçirildi. Konserdi «Türkmen sazy» kafedrasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewanyň alyp barmagynda gyzykly geçdi. Konserda halypa mugallymlar we talyplar ansambly öz sazlaryny üstünlikli we şowhunly ýerine ýetirdiler.
Konserdiň başynda Türkmenistanyň halk artisti professor Ýolaman Nurymowa söz berildi. Halypa Täçmämmet Suhangulyýew barada gyzykly ýatlamalary gürrüň berdi. Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew söz sözläp türkmen halk sazy «Näzli» sazyny üstünlikli ýerine ýetirdi. Soňra konserdiň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Altymyrat Pürmämmedow türkmen halk sazy «Aýna» diýen sazyny, we «Türkmen sazy» kafedrasynyň mugallymy Amanmyradow Saparmyrat «Bibi» türkmen halk sazyny örän gyzykly ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Çary Ahunow ilki konsertda söz sözläp ussat halypa hakynda gyzykly gürrüňleri aýdýar, soňra türkmeniň halk sazy «Ýyldyz dagy» sazy ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Konserdiň soňlarynda «Türkmen sazy» kafedrasynyň mugallymy Myrat Aşirow, Ç.Täçmämmedowyň «Dostluk» diýen sazyny şowhunly çalyp berdi. T.Suhangulyýew «Azatlyk», «Bag içinde» diýen sazlaryny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplar ansambly hem–de çeper ýolbaşçysy Gündogdyýew Işanmuhammet okgynly ýerine ýetirdiler.
Halypa mugallymlar konserdiň ahyrda şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!