GALKYNYŞLY DÖWRÜŇ ROWAÇLYGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim paýhas ummany Magtymguly pyragy ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörjülikli, hoşniýetli, ynsanperwer içeri we daşary-syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa hem-de hormata eýe bolmak bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň we dost-doganlygyň ýurduna öwrüldi. Garaşsyz Bitarap Watanymyz Türkmenistan 33 ýyl bäri Garaşsyz döwletini bina edip, dünýä giňişliginde Döwlet baýdagyny belentde parlatýan ösüşiň döredijilikli ýolundan ynamly gadam urup, mert pederleriň döwletlilik ýörelgelerini sarpalap, ylymyň-bilimiň gazananlaryna eýerip nesilleriň ýagty geljegini guran buýsançly türkmen halky milli agzybirligiň gudratydyr. Erkinligiň edebi eşretine öwrülen Garaşsyzlyk şan-şöhratly ata-babalarymyzyň wysal bolan arzuwydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň berkarar bolmagy bilen türkmen milleti asuda, agzybir halkdygyny dünýä äşgär etdi. Türkmen halkynyň mähri siňen milliligi ata Watanymyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň has-da kämilleşdi. Bütinleý täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan saýlap alan milli ösüş ýolunyň berkdigini we netijelidigini subut etdi.
Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn!
Dünýägözel KELHANOWA
Watan mukaddesligi muzeýiniň ekskursawody