DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY


DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Ýakynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinomatografiýa boýunça döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan surata düşürilen «Kompozitor» atly kinofilme gatnaşyjylaryň döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu filmde ýaş nesiliň terbiýesi we ösüşi üçin aýratyn möhüm ruhy ahlak gymmatlyklary açylyp görkezilýär. Kinofilm halk köpçüligine ýetirilen gününden halkyň gyzgyn söýgüsini gazandy. Ýaňy ýakynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkezinde «Gorkut ata» atly halkara kino festiwaly geçirildi. Ol halkara festiwalda «Kompozitor» kinofilmine gatnaşyjylara aýratyn baýraklaryň hem-de «Durna» atly nyşanynyň gowşurylmagy ählimizi buýsandyrdy.

Döredijilik duşuşygyna şol kinofilmiň edebi esasyny ýazan režisýor Maksat Gylyjow, Dilşat Meläýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Rozyýew Atageldi we döredijilik topary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygy Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň «Watan diňe halky bilen watandyr» atly aýdymy bilen başlandy.

Bu duşuşyga gatnaşan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň professor-mugallymlary Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Atageldi Garýagdyýew, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew, Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa, kinofilmiň gahrymanlary, talyp ýaşlar filmiň täsirliligi dogrusynda ýürek buýsançlary bilen çykyş etdiler.

Soňra bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewa bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Güljemal Taýlyýew we Täzegül Baýramowa «Aýdymlar çemenini» ýerine ýetirip döredijilik duşuşygynyň şatlygyna şatlyk goşdylar.

Duşuşygyň dowamynda kinofilmiň aktýorlary we döredijilik topary bilen talyplaryň arasynda sorag-jogap alyşmagy, bu kinofilmiň surata düşürilişi we gahrymanlaryň başyndan geçiren wakalary barada gyzykly maglumatlary diňlemek mümkinçiligini berdi. Özüniň hoş owazy bilen «Aýgytly ädim» kinofilminden Begenç Moşiýew «Artygyň aýdymyny» ýerine ýetirdi.

Duşuşygyň soňunda Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew we Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewa «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan» atly aýdymy bilen diňleýjilere ruhy lezzet paýladylar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerini, döwrümiziň ösüşlerini açyp görkezýän şirin aýdymlary halypa mugallymlar we talyp ýaşlar ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle hem türkmen sungatyny dünýä ýaýmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etmegi bilen duşuşyk jemlendi.

Şeýle döredijilik duşuşyklarynyň, ajaýyp konsertleriň, saz festiwallaryň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durmagy talyp ýaşlarda sungatyň dürli ugurlary bilen tanyşmagynda, zehinlerini kämilleşdirmekde, höweslerini has-da artdyrmakda uly itergi bolup durýar.



Altyn ÝANGYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby