TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli çäreler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitde ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişine girişilip, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek, meýdanlary ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.
«Türkmenistan» gazeti