TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Meýdanlary gowaça ekişine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri geçirilýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

«Türkmenistan» gazeti