TÜRKMEN ÝAŞ SAZANDALAR
2024-nji ýylyň 7-14-nji noýabrynda Germaniýa Federatiw respublikasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle-de Germaniýanyň saz toparlarynyň gatnaşmagynda «Geljek häzir-Merkezi Aziýa» atly festiwal geçirildi. Bu festiwalyň çäginde Berlin şäheriniň filarmoniýasynyň konsert zalynda oňa gatnaşýan saz toparlarynyň hem-de Brandenburg orkestriniň ýerine ýetirmeginde gyzgalaňly konsert çykyşlary, Berlin şäheri boýunça gezelençler gurnaldy. Şonuň bilen bir hatarda saz muşdaklary Merkezi Aziýa döwletleriniň saz medeniýetiniň dürli taraplary bilen tanyş boldular.
Festiwala Türkmenistan döwletimizden Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okaýan talyplar gatnaşdylar. Maksada okgunly ýaşlar özleriniň irginsiz zähmeti netijesinde festiwalda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny ýene-de bir gezek ýokary göterdiler. Bu ugurda konserwatoriýamyzyň «Kirişli saz gurallary» hünäriniň talyplary Atanýazow Seýran, Bäşimow Kowus hem-de Babagulyýew Ahmet dagylaryň yhlasly zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Meýilnama laýyklykda, festiwalyň ilkinji günlerinde saz toparlarynyň arasynda olaryň taýýarlan eserleri boýunça diňlenişik geçirildi. Saz toparlarynyň ýerine ýetirijilik düzümi trio görnüşinde bolup, ol festiwalyň talaplarynda kesgitlenen. Onda ýerine ýetirilen eserler her döwletiň milli medeniýetini beýan edýän äheňde boldy. Bu eserler festiwalyň jemleýji gününde geçirilen konsertde has hem täzeçe öwüşginde ýaňlandy.
Bellenen talap boýunça, her bir ýerine ýetirilen eserlerden bir parça esasynda täze bir kompozisiýany döretmelidi. Saz toparlarynyň wezipesi bolsa, dürli häsiýetde bolan şol parçalary täze saz pikiriniň üsti bilen birleşdirmekden ybaratdy. Olar festiwalyň dowamynda jemleýji konsert üçin uly taýýarlyk gördüler. Özaralarynda maslahatlaşyp, ajaýyp saz pikirlerini saz pikirlerini orta atdylar. Bu ugurda Türkmenistan döwletimiziň zehinli ýaşlary özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýokary derejede görkezmäge synanyşdylar. Şonuň üçin hem olaryň beýleki sazandalaryň arasynda aýratyn tapawutlanandygyny nygtamak zerurdyr. Şeýle abraýly saz toparlary bilen deň-derejede çykyş eden ýaşlarymyz medeniýet ojagynyň adyny dünýä tanatdylar. Pursatdan peýdalanyp, biz hem talyp deň-duşlarymyza mundan beýläkde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.