ÝAŞLARYŇ DÖREDIJILIGINDE GÜNDELIK DURMUŞYŇ WASPY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn gülleýär, ösýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mirasymyza, medeniýetimize we sungatymyza uly sarpa goýulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy» diýen röwşen pikir-garaýyşlary döwletimiziň ylym ulgamynda alnyp barylýan işlere, milli mirasymyzy sungatymyzy öwrenmeklige täze döwrüň badalgasyny berýär. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýän döwründe, şekillendiriş sungatyna hem uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlar üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda her ýylyň dekabr aýynda «Gujurly ýaşlar» atly döredijilik sergisi geçirilýär. Bu sergide zehinli talyplarymyzyň ählisi ukyp başarnyklaryny görkezýär. «Gujurly ýaşlar» sergisinde şekillendiriş sungatynyň bir görnüşi bolan nakgaşlykda hem täze sepgitlere ýetilýär. Esasanda bu hünärde bilim alýan talyplar öz döredijilik ukyplary bilen sergä işjeň gatnaşýarlar. Şolaryň arasynda zehinli talyp «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşlyk» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Aýna Atamyradowa hem bar. Aýna eýýäm birnäçe ýyl bäri bu sergä işjeň gatnaşyp öz gujuryny görkezmegi başaran ýaş zehin. Ol sungat dünýäsine çagalykdan girişip nakgaşçylyk hünärini ilki Aşgabat şäherindäki B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde alýar. 2020-nji ýyldan bäri bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşlyk» kafedrasynda nakgaşlyk hünäriniň aýratynlyklaryny öwrenýär. Zehinli talyp Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň gurnamagynda geçirilýän sergilere we bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp birnäçe baýrakly orunlara hem mynasyp boldy.
A.Atamyradowa bu gezekki geçiriljek «Gujurly ýaşlar» atly döredijilik sergisine özüniň 9.50x2.25 ölçegdäki «Duralga» atly eseri bilen gatnaşýar. Talyp bu eseri halypa mugallymy Gahryman Goçmyradow bilen maslahatlaşýar. Talyp taslamada esasy durmuş we geçip barýan wagtdan ylhamlanyp birnäçe bölekden ybarat bolan işi ýerine ýetirýär.
Döredijilikli işlenen taslamada geljekki ýaşlaryň aňyna wagtyň nähili çalt geçýänligini, durmuşyň aýlanýandygyny görkezmek isleýär. Gündelik durmuşyň bir pursaty, awtobus ýolagçylary, olaryň dürli ýaşda bolmagy talybyň özboluşly dünýägaraýşyny açyp görkezýär. Gündelik aladalar bilen gümra bolan adamlar, işden, okuwdan gaýdyp barýan ýolagçylar, ýaş nesliň ýolagçylyga çykmagy, ýaşuly nesliň awtobus duralgasyna düşmegi, aýlanyp duran çarhypelek, döwür, wagt, ykbal manysynda berilýär. Umuman talyp, özboluşly pelsepewi garaýyşyny, düşünjesini taslamada şowly beýan edýär.
Diňe Aýna Atamyradowa däl, edil şeýle uly mazmunly we uly göwrümli taslamalary beýleki zehinli talyplaryň işlerinde hem görmek bolýar. Bu bolsa ýiti zehin, giň dünýägaraýyşly ýaş türkmen nakgaşlaryň ýetişip gelýändigini alamatlandyrýar. Elbetde bu zatlaryň ählisi türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hak howandarlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidir.