TÜRKMENISTANDA GRESIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY


TÜRKMENISTANDA GRESIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

3-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty täze jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili türk men topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropulunyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda Mejlisiň Başlygy diplomaty Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, Ýewropa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň alyp bar ýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köp taraplaýyn görnüşde, şol sanda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» dialogynyň, iri halkara guramalaryň, hususanda, BMG-niň çäklerinde durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistan» gazeti