ÝATLAMA KONSERTI


ÝATLAMA KONSERTI

Golaýda Maýa Kulyýew adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, halypa-sazanda Annageldi Jülgaýewiň doglan güniniň 95 ýyllygy mynasybetli ýatlama konserdi geçirildi. Konserdiň başynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Agajan Açylow halypanyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň halk artisti Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, türkmen halkynyň arasynda, gyjak saz guralyna dil bitiren ussat hökmünde giňden tanalýan Annageldi Jülgaýew ömrini aýdym-saz sungata bagyşlaýar. Ol meşhur Sary bagşynyň neslindendir.

Annageldi Jülgaýew 1929-njy ýylyň maý aýynyň 7-ne Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Ymarat diýen obada dünýä inipdir. Altyn ejäniň perzendi Annageldi, babasy Sary bagşynyň sazyna imrinip, daýylary Pürli, Oraz, Nury Saryýewleriň ýanlaryndan aýrylman, olaryň ýerine ýetirýän sazlaryny uly höwes bilen diňlär eken. Wagt geçdigi sazyň täsirini duýup, gyjaga bolan ukyby artyp, kalbynda möwç urýan üýtgeşik zehininiň bardygyny duýan daýylary oňa uly ynam bildirip sapak berip başlapdyrlar. Ol ilki bilen Pürli Saryýewden tälim alyp başlaýar. Dutardyr gyjagy dil bitirip saýradýan Pürli aga her sapak ýaşajyk şägirdi Annageldä: «Ýegen, iki eliň duýsun! Eger duýmasa, sazlaşyk ýiter, emma bir eliň beýleki eliňi duýup çalsaň welin, şonda seniň çeken zähmetiň öz miwesini berer» diýer ekeni.

Annageldi Jülgaýew gyjak saz guralynda ýerine ýetiriji hökmünde türkmen saz sungatynda öçmejek yz galdyran ussatlaryň biridir.

1982-nji ýylda Annageldi Jülgaýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at berilýär. Soňra 1999-njy ýylda Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi bolýar. Şeýle hem şol ýylda «Watana bolan söýgisi üçin» medal bilen sylaglanýar. Halypa 2011-nji ýylda «Altyn Asyr» III derejeli orden bilen sylaglanýar.

A.Jülgaýew gyjakda «Aýa meňzär», «Gal indi», «Näz eder», «Ak eşekli», «Keç pelek», «Torgaý guşlar», «Ýaşylbaş», «Leýli gelin», «Bike halan», «Dilberim», «Ýylgaýlar», «Dön göwnüm», «Nergiz», «At çapar» ýaly ajaýyp eserleri ýerine ýetiren ussat halypadyr.

Dabaranyň dowamynda Nury Halmämmedowyň «Dabaraly ýöriş» sazyny uly mugallym Ýaşa Orazmuhammedow talyplary bilen ýerine ýetirdiler. Soňra Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew halypa barada gyzykly gürrüňler aýtdy. Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa bilen Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Osman Güjimow «Galmanam» türkmen halk aýdymy ýerine ýetirdiler. Konsertde Türkmenistanyň sungatda at gazanan medeniýet işgäri Öwezmyrat Gandymow we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyr Ýazmyradow halypanyň ussatlygy barada gyzykly gürrüňler berdiler. Soňra bolsa uly mugallym Magtymguly Magtymgulyýew «Sary bagşy barada ballada» aýdymy ýerine ýetirdi. Ýatlama konsertinde Serdar Bäşimowyň çalmagynda «Mukamlar başy», Ýaşa Orazmuhammedowyň ýerine ýetiren «Nergiz», Işanmuhammet Gündogdyýewiň çalan «Durdy bagşy» halk sazlary, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýewiň aýdan «Hajygolak» aýdymy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Omar Igamowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallar orkestriniň halypanyň döreden «Gözel» (ýekelikde Begenç Moşiýew), «Gopuzly saz», «Ýaşlara salam» eserleri hem şowhunly garşylandy.



Hanow HUDAÝGULY



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň II ýyl talyby