EDEBIŇ ÝAGŞYSY-ULUNY SYLA
Türkmen milli aýdym-saz sungatymyzyň gadymyýetden özboluşlylygyny ýitirmän biziň günlerimize gelip ýetmegi üçin uly goşantlaryny goşan ussat halypalaryň ömri we döredijiligi, ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryny öwrenmek talyp ýaşlaryň jana-jan borjy bolup durýar.
Biziň ýurdumyzda ylyma, bilime, medeniýete aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen deň derejede ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyz hasaplanýan aýdym-saz adamzadyň aň-paýhasyndan, ylham joşmasyndan döräpdir. Saz bolsa süňňi-süýegi bilen duýga eýlenen. Ýaradanyň söýüp-söýläp toprakdan ýaradan ynsanyny saz bilen jana getirişi ýaly, mukam adamyň ruhy süňňüni, göwün tuguny belende galdyrybam, kalbyny melhemsiz sagaldybam bilýändir. Bir zady anyk aýtmak bolar aýdym-saz hemme döwürlerde-de ynsan kalbyny özüne imrindirýär. Nepislige ýugrulan ynsan ýüregi ilkibaşdan gözellige teşne bolansoň, sungat diýen ägirt uly güýç zeminden, tebigatdan öz paýyny alandyr. Sungatyň naýbaşy nusgalarynyň haýsy birini alyp görseň hem, olaryň tebigylygy, sadadan labyzlylygy haýran galdyrýar. Saz sungatyna bu mertebede artykmaç paý berlipdir, sebäbi dünýäni sazyň üsti bilen eşitmek, ýaşaýyş ýalkawyny saz arkaly syzmak owaldan Adam ata kowmunyň goşa goşa tardan ýalkawydyr.
Haýsy milletiň taryhyna düşünjek bolsaň, onuň ruhy mirasyna belet bolmaly. Aýdym-saz asyrlaryň bize gelip ýeten çeper owazy.
Diýmek, sazy diňlemegi, oňa düşünmegi, şirwan perdeleriň mukam bolup pagyş-para edýän duýgularyny syzmagy başarmak adamy beýleki mahluklardan tapawutlandyrýan ynsanlyk mertebeleriniň biri bolmaly! Meşhur Babagammar piriň ýüreginde şinelän bu inçe senet, gör, nijeme nesilleri arkama-arka ruhy päklige, ahlak kämillige çagyryp gelipdir?! Gadymy hem müdimi halkymyz goşa tara özüniň ykbalyny, ýürek arzuwyny, köňül küýsegini, ýagty umydyny ynanypdyr.
«Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda her bir güni şanly senelere beslenýän türkmen döwletimizde bilim ojagymyz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti Jepbar Hansähedowyň 100 ýaş ýubileý toýy mynasybetli döredijilik duşuşygy bellenilip geçildi. Bu toý-baýrama talyp ýaşlar, halypa mugallymlar we myhmanlar gatnaşdylar. Dabaranyň açylyş pursadynda halypanyň döredijilik ýoly hakynda ýatlamalar we gyzykly wideoroligiň görkezilmegi has-da tasirli boldy. Döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew halypanyň durmuş döredijilik ýoly hakynda täsirli gürrüňler berdi. Halypa Akmyrat Çaryýew türkmen halk sazy «Gökdepe mukamyny» çalyp her halypanyň ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryny düşündirdi. Soňra Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunow halypalaryň ýerine ýetirijilik aýratynlyklary dogrusynda söz sözläp, halypalaryň döreden we ýerine ýetiren eserlerini nota sowadynyň üsti bilen ýaş nesillerimiziň öwrenmekleri, sungatymyzyň dünýä derejesinde pajarlap ösmegine ýardam berýändigini belledi we türkmen halk sazy «Baga gireli» saz bilen çykyşyny dowam etdi. «Halk saz gurallary» fakultetiniň dekany Aganazar Öwezgeldiýew «Uçradym» diýen halk sazyny ýerine ýetirip berdi. Bu ýaňlanan eserler her mugallymyň ýerine ýetirijilik aýratynlygy bilen tapawutlandy. «Türkmen sazy» kafedrasynyň uly mugallymy Gurbanmyrat Baýjykow we mugallym Myrat Aşyrow bilen bilelikde dutar we gyjak saz guralynyň mahmal owazly sazlaşmagynda Jepbar Hansähedowyň döreden «Unutman» sazyny ýerine ýetirdiler. Halypa Akmyrat Çaryýewiň we Guranmyrat Baýjykowyň sazandarlyk etmeginde hoş owazly bagşy mugallym Meýlis Goçmyradow Nurmyrat Soltanowyň «Halatly Jepbar» atly aýdymy bilen çykyş edip dabarany has-da şowhunlandyrdy. Ýokary derejede geçen bu döredijilik duşuşygy talyp ýaşlar üçin has-da täsirli boldy.
Medeniýetimizi sungatymyzy giňden öwrenmäge, ýaş nesillerimize okamaga, döretmäge zehinlerini giňden açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsu, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!