TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek babatda degişli çäreler görülýär, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar. Hereket edýän kanunçylyk namalaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle hem daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Hususan-da, Mejlisiň wekilleri Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasynda iş saparynda boldular. Saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklarda toparyň işiniň kämilleşdirilmegi, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, parlamentler derejesinde duşuşyklardyr maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi barada pikir alşyldy. Mejlisiň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň guramagynda geçirilen Merkezi Aziýa we Ýuwaş ummanyňada döwletleriniň parlamentleriniň deputatlarynyň maslahatynyň çäginde geçirilen «Ylalaşygy çuňlaşdyrmak we ösüş üçin bilelikdäki tagallalar» atly okuw maslahatyna gatnaşandygy habar berildi.

«Türkmenistan» gazeti