TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETLI SUNGAT


TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETLI SUNGAT

(Teatr sungaty barada söhbetdeşlik)

Teatr sungaty döredijiligi we ussatlygy talap edýän sungat. Aýratyn hem çagalara niýetlenen sahna oýunlary mazmunynyň çaga dünýäsine kybaplygy, terbiýeçilik ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar.

Türkmen döwlet gurjak teatry özüniň ajaýyp gurluşy, sahna oýunlarynyň öwüt-ündew ähmiýetli temasy, teatr artistleriniň haýwanjyklaryň üsti bilen ynsan durmuşyny, häsiýetlerini janlandyrmaga ukyplylygy bilen meşhurdyr. Bu teatryň gujagy hemişe çagaly. Bu ýere geleniňde çagajyklaryň bagtyýar gülküsi, şadyýanlygy, sahna oýunlaryndaky ertekiler dünýäsi seniň bütin ruhuňy gaplap alýar.

Teatryň sahnasynda goýulýan oýunlar isle çaga, isle-de uly adam bolsun hiç kimi biparh goýmaýar. Teatryň sahna bezegi, artistleriň janlandyrýan keşplerine ussatlyk bilen çemeleşişi, agzybirlik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýaly temalarda goýulýan spektakllar ýaşajyk tomaşaçylarda iňňän uly täsir galdyrýar.

Bu ýerde tanymallyga ýeten halypa zenanlaryň hem-de ussatlyk ýoluna düşen ýaş zenan artistleriň ençemesi zähmet çekýär. Olar bilen geçirilýän söhbetdeşlikler hem şadyýan çagalygyň ajaýyp dünýäsine syýahata alyp gidýär.

Şu gün, 22-nji noýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasy hem-de Türkmen döwlet gurjak teatrynyň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan bu teatrda goýulýan sahna oýunlarynyň çagalar üçin terbiýeçilik ähmiýeti, zenan artistleriň döredijilik ýoly, teatr sungatyndaky halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ösdürilişi barada Miras teleýaýlymy bilen bilelikde söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletli Diýarymyzda bagtyýar çagalarymyzyň boş wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, teatr sahnasynda döredijilikli zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçilikler, şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.



Ogultäç HOJANAZAROWA



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy