KITAP SÖÝÜJILER


KITAP SÖÝÜJILER

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Ýaş alymlar geňeşiniň gurnamagynda Sylap Ataýewiň «Kitap okamagyň ähmiýeti» atly leksiýa sapagy geçirildi. Sapagyň dowamynda kitap okamagyň endikleri barada gürrüň edildi. Ondan başga-da dünýä boýunça iň köp söýlüp okalýan kitaplar barada tanyş etdi. Leksiýada agzalyp geçilen özümize bellemeli peýdaly maslahatlaryň ýene-de biri şulardan ybaratdyr:

1. Halaýan ugruňyzdan kitap saýlamak.

2. Ene diliňizde okap başlamak.

3. Ýeňil kitaplardan başlamak.

4. Günde 20 minut kitaba wagt aýyrmak.

5. Hepdelik, aýlyk maksatlar goýmak.

Leksiýanyň dowamynda iň köp satylan kitaplaryň atlary hem agzalyp geçildi. Olardan: «Don kihot» Cervantes, «Iki şäheriň hekaýasy» Charles Dickens, «Lord of the Rings» J.R Tolkien, «Harry Potter» J.K Rowling, «War and Peace» L.N Tolstoy, «Hobbit» J.R Tolkien, «Kiçijik şazada» Antoine Exuperi, «Gyzyl köşk» Cao Ksegin, «Alchemic» Paolo Coelho, «10 niggers» Ag. Christie.

Geçilen leksiýa sapagynda Sylap Ataýewiň beren gyzykly gürrüňleri, peýdaly maslahatlary diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Sapagyň ahyrynda diňleýjiler Sylap Ataýewi beren gyzykly, täsirli çykyşy bilen gutlap sag bolsun aýdyp, işinde üstünlik arzuw etdiler.

Hakykatdan-da, kitaby köp okaýan adamyň aňy ýitileşýär, sowatlylyk derejesi gitdigiçe artýar. Adamlar bilen gatnaşanlarynda gowy sözlemegi, asylly bolmagy öwredýär. Kitap wagtyňy hoş geçirmegiň, peýdaly ulanmagyň esasy serişdesi bolup durýar. Kitapda içi many-mazmunly sözler, suratlar we maglumatlar ýerleşdirilendir. Her bir kitap özünde aýratyn many saklaýar we her gezek adama täze zatlary öwredýär. Kitap adamzadyň söýgüsini gazanyp bilýän iň peýdaly hazynadyr.

Ogulnur SULTANOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby