ŞYGRYÝET ÄLEMINIŇ SOLTANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen halkynyň beýik şahyry, akyldary, pelsepeçi Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk senesi bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi. Bu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda şahyryň döredijiligi bilen baglanşykly köpsanly döwlet çäreleri geçirildi. Türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny döretdi. Mähriban we Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusy türkmen halkynyň kalbynda uly orun tutdy. Taryhymyzda ýitmejek yz goýan şahyrymyz Magtymgulynyň nurana keşbi şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika ugurlarynda şekillendirilip, halk köpçüligine ýetirildi. Bu beýik şahyr hakda ýazyjylar proza, poeziýa, drama eserlerini döretdiler. Kino režissýorlar çeper we dokumental filmler goýdular. Çünki, watansöýüji şahyryň döredijiligi umumadamzat üçin terbiýeçilik mekdepdir. Onuň şygyrlaryny okanyňda watançylyk, agzybirlik, jebislik ýaly garaýyşlary öňe sürendigine göz ýetirýärsiň. Sebäbi şahyr watansyz, il-günsüz ýaşaýşy asla göz öňüne hem getirip bilmändir. Watana bolan çäksiz söýgi, agzybirlik şahyryň şygryýetinde belent owaz bilen ýaňlanypdyr..
Şeýle gyzgyn mähir bilen il-ýurdunyň abadançylygyny, bagtly gözel durmuşda ýaşamagyny, işleriniň rowaçlanmagyny, ýaýlalarynyň reňbe-reň gül açyp, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny arzuw eden şahyryň 300 ýyllyk senesi bilen baglanyşykly çäreler Türkmenistanyň dürli künjeklerinde geçirilýär.
Magtymgulynyň nurana keşbi türkmen heýkeltaraşlyk sungatynda uly orun tutýar. Onuň heýkel ýadygärligi 1962-nji ýylda heýkeltaraş A.T.Şetinin tarapyndan döredildi. Ol Magtymgulynyň portretini suratkeş Aýhan Hajyýewiň döreden kononiki portreti esasynda döretdi. 1971-nji ýylda bolsa W. Popow Magtymguly Pyragynyň heýkel ýadygärligini döredip, ony Magtymguly şaýolunyň ugrunda bina etdi. Şahyryň bu ýadygärliginde heýkeltaraş giň dünýägaraýyşly, agras, parasatly, dana, akyldar ynsanyň keşbini taraşlady.
2000-nji ýylyň oktýabr aýynyň 27-ne açylan Garaşsyzlyk binasynda halkymyzyň ruhy sütünleri bolan beýik taryhy şahsyýetlerimiziň heýkelleri bina edildi. Şol ýadygärlikleriň biri hem Magtymgulynyň monumental ýadygärligidir. Türkmeniň beýik şahyry, dilçi, alym, pelsepeçi Magtymguly Pyragynyň bu ýadygärliginiň awtorlary Babasary Annamyradow, Nurmuhammet Ataýew, Saragt Babaýew, Gylyçmyrat Ýarmämmedowdyr. Magtymgulynyň bu heýkelinde watanparazlyk, ynsanperwerlik häsiýeti bar. Akyldarymyzyň dana sypatda taraşlanan şekili heýkeltaraşlarymyz tarapyndan heýkel taslamasy yzygiderli beýan edilip, ol çuň mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Eser çeperçilik dili boýunça mazmunly, syraty deňölçegli, durnukly berlipdir. Magtymgulynyň ruhy keşbiniň esasy aýratynlygy onuň içki dünýäsiniň dutaryň kirşi ýaly inçe duýgularyny edil ýüz keşbinde, hereketinde bermegi başarypdyrlar. Heýkeltaraşlar keşbi çözmekde çylşyrymly maksady goýýarlar. Olar çeper serişdeleriň üsti bilen Magtymgulynyň beýik keşbini taraşlaýarlar. Çünki, Magtymgulynyň döredijiligi türkmen halkynyň milli baýlygyna öwrüldi. Şahyr hemişe il-ýurduň bähbitleriniň goragynda bolupdyr. Onuň döredijiliginde gozgan watançylyk, dostluk, agzybirlik, gumanizm –ynsanperwerlik ideýalary, sosial, ahlak, etiki, estetiki meseleleri henize, bu güne çenli köpçüligiň ünsüni özüne çekip gelýär. Ol öz döredijiliginde döwrüň ähli taraplaryna seslenipdir. Şonuň üçin türkmen halkynyň belli ýazyjysy Berdi Kerbabaýew beýik şahyrymyz Magtymguly barada şeýle jaýdar sözleri aýdyp gidipdir: «Türkmen edebiýatynyň beýik klassygy Magtymguly söz bazarynda dellala aýlanyp, many bermekde biçimçä dönüp we gözel şygyr düzmekde çeper ýüwürdiji roluny oýnap, türkmen halkynyň geçmişi, geljegi we bütin durmuşy hakynda dynuwsyz pikir ýöredip, öz asyrdaşyna we özünden soňraky geljeklere altyn fond galdyrdy».
Şygryýet äleminiň soltany Magtymguly Pyragynyň altmyş metrden ybarat äpet heýkel ýadygärligi 2024-nji ýylda Köpetdagyň eteginde bina edildi. Ony Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew bilen şägirtleri ýerine ýetirdi. Magtymgulynyň bu ýagty ýadygärligi mertligi, batyrlygy, watansöýüjiligi wasp eden şahyr hökmünde, başarjaň wagyz-nesihatçy hökmünde belent dikelip dur.
Türkmen halkynyň progressiw pikirli beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkel ýadygärligi diňe Türkmenistanyň çäklerinde bina edilmän, eýsem, Russiýanyň Astrahan şäherinde, Ukrainanyň paýtagty Kiýewde, Täjigistanda, Türkiýe respublikasynda hem dikeldildi.
Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymgulynyň döredijiligini häzir dünýä halklary öwrenýär. Onuň heýkel ýadygärligi hem birnäçe ýurtlarda bina edildi. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem türkmen şahyryna bolan söýgüsiniň ulydygyny görkezýär. Magtymgulynyň bina edilen heýkel ýadygärlikleri bolsa ýaş neslimizde watançylyk, agzybirlik, jebislik ruhuny terbiýelemekde ähmiýeti uludyr.