TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar, ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin meýdanlarda mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri geçirilýär. Geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Mundan başga-da, welaýatda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.
«Türkmenistan» gazeti