TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

8-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Şeýle-de Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan “akylly” şäherde-de taryhy ähmiýeti bolan beýik işler amala aşyrylýar. Ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän bu asylly işler ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilendir.

Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, seýilgähiň abadanlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilýär.

«Türkmenistan» gazeti