ZENAN WEPADARLYGY MERTEBE TUGY


ZENAN WEPADARLYGY MERTEBE TUGY

Her ýylyň maý aýynda tutuş halkymyz Beýik Ýeňiş gününi uludan belleýär. Ýeňiş güni parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlykluk, garaýyşlaryny, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny oýarýan taryhy senedir.

Gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, ýetiren zyýany, bu döwrüň taryhynyň gahrymançylykly ýollary hiç wagt unudylmaýar. 1941-1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz türkmen halkynyň hakydasynda baky ýaşaýar. Watanymyzyň merdana goragçylaryny, ýanýoldaşyny söweşe ugradyp, yzynda ýalňyz galan zenanlar, eneler we uýalar hiç haçan unudylmaz. Olaryň tylda görkezen gahrymançylygy we edermenligi Ýeňiş gazanmak ugrundaky hereketlerinde uly ähmiýete eýe boldy we häzir Garaşsyz Watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň goragynda durýan ýaşlar üçin nusga hem-de terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde bu gün hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde guramaklarynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli zenan mertebesini saklamakda wepadarlygyň nusgasyna öwrülen urşuň yzynda galan eneler üçin “Zenan wepadarlygy mertebe Tugy” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabara urşuň yzynda galan eneler, ýurdumyzyň işjeň zenanlary we zenan bagşylarymyz gatnaşdylar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy, taraçy zenan Oguloraz Ýolamanowa, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Gurbangözel Amanmyradowa, Ahal welaýatynyň Saragt etrabynyň ýaşaýjysy Nowpar Çaryýewa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Antonina Prýaniçnikowa dagylar uruş ýyllarynda başdan geçiren agyr günlerini gürrüň berdiler. Häzirki parahat asuda ýurdumyzyň bagtyýar günlerini hiç bir zat bilen deňäp bolmaz - diýip uly buýsanç bilen bellediler. Bu ýaşuly zenanlarymyzyň buýsanjy has-da goşalandy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň gelin-gyzlar toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary enelerimiziň göwün guşyny ganatlandyrdy. Şeýle-de dabaranyň ahyrynda mährem enelerimize gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabara gatnaşan enelerimiz şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlygyny aýdyp, alkyşly sözler bilen jemlediler.



Aýgül ÝAGŞYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan artisti