TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ «TÜRKMЕNIŇ ALTYN ASYRY» ATLY BÄSLЕŞIGINЕ HALYPA NESIHATY


TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ «TÜRKMЕNIŇ ALTYN ASYRY» ATLY BÄSLЕŞIGINЕ HALYPA NESIHATY

(hekaýa)

Nazar dana şahyr Magtymgulynyň goşgular kitabyny birlaý dykgatly okap çykdy. «Be, söz ussadymyzam zergärçiligi özüne kesp edinipdir-ow. Belki, ýasan owadan şaý-sepleri oňa ylham berendir. Bu sungatyň gadyry aňyrdan-ow. Ussat şahyryň yhlasy siňen sungata baş goşaýsam oňararmykam?!»–diýip, ol köp oýlandy. Ahyram belli-külli netijä geldi. Ýöwselläp mesele çözüp bolmaz. Zergär bolmaly...

Mergen aga ogly Nazar bilen ata artlaşyp ýola düşdi. Olar Gün öýlä ýazanda Nepes ussaň öýüne geldiler. Ussa olary ýitirip-tapan ýaly gadyrly garşylady. Atdan çalasyn düşen Nazar Nepes agany göz astyndan assyryn synlady. Gür gaşlary gözüňi egleýän bu adamy Nazaryň tiňkesini dikip, içgin synlamagy ýönelige däl. Halypany görmek ozaldan arzuwy. Il içinde adygan Nepes zergäriň ýasan şaý esbaplary bedewleriň bezegi. Gije-girim duşaýmasaň, zergäriň öýüniň adamsyz wagtyna duşjak gümanyňam ýok. «Ynsana syrdaş bolmagy başarýan bedewlerimiziň sarpasy hiç wagt egsilmesin, ylaýym!» diýip, Nepes ussa bedewleriň, kaddy-kamatyny bezeýän şaý-sepleri höwesli ýasardy.

Ussaň at-owazasyny Nazar az eşitmändi. Gara doruň boýnuna dakylýan ýüzi lagyl-merjen gaşlardan bezelen esbabam Nepes ussaň elinden çykypdy. Sap kümüşden ýasalan nepisligi hyrydar göz bilen synlamazlyk mümkin däldi. «Menem Nepes aga ýaly ökde zergär bolsadym. Owadan şaý-sepleri ýasap atlary bezesedim» diýip, Nazaryň arzuwlary ganatlandy. Kalbyna çagalykdan ýol salan şol arzuwlary ony zergäriň ýanyna alyp geldi. Ussaň kän geplemezekdigini agras keşbinden aňybermeli. Şeýle-de bolsa zergär Nazara turuwbaşdan ýarady. Diňe bir zada zergäriň her gün säher çagy işe gümra bolşuna haýran galdy. Nazar bu ýagdaýy öz ýanyndan: «Işine berlen adam!» diýip, hünäre bolan söýgä ýordy. Täze şägirdi Nazaryň her bir hereketini halypa gözden salmady. Onuň ýasaýan şaý-seplerini ilgezek synlamagy ýigide bolan oňat garaýşy döretdi.

Mergen Nepes zergär bilen içgin gürleşdi. Geljekki ykbaly barada söhbet edilýändigi belli bolsa-da, Nazary o zatlar gyzyklandyrmady. Gözüniň alnynda açylan gözellik dünýäsi ony özüne çekdi. Çar ýanyny eýelän täsin şaý-sepler ony bendi etdi. Kakasy bilen Nepes agaň uzaga çeken gürrüňi-de ünsüni bölüp bilmedi. Diňe kakasynyň: «Nazar, Nazar!» diýen sesine başyny galdyrdy:

—Oglum, ýüňsakal edäýmegin. Halypa synagyndan geçjek bol! Şägirt diýeniň düşbi, ünsli bolmalydyr. Kärine ussat kişiniň şägirdi bolduň! Hünäriň inçe syrlaryny öwren! Öwreneniň özüňki. Hünärli bolmak geljegiňe ýol açmak oglum! Halypa ýene bir şägirt ýigidiň bardygyny aýtdy. Ýekesirejek gümanyň ýok!—diýip, Mergen aga ogly bilen hoşlaşdy. Soňra «Süňki meňki, eti seňki, halypa!» diýdi-de el gysyşyp, Nepes aga bilen sagbollaşdy. Bu aýlawly söz «Hünär öwrenýänçä seniň hyzmatyňda» diýmegi aňladýardy. Nazar bu gün täze bir durmuşa gadam basdy. Nepes aga Nazary at esbaplary bilen birin-birin tanyşdyrdy:

—Atyň esasy şaý-esbaplaryna göwüsbent, gaş, guşgun, guşgözi, jylaw, gamçy, nal degişli. Göwüsbent atyň göwsüne atanaklaýyn görnüşde dakylyp, ortasy gupba şekilli, gümmezli, gaşly, gaşsyz görnüşlerde ýasalýar. Gapdalyndaky hem gaşly, hem suňşurylyp edilen şaýlaryň aşagyna has owadan bolar ýaly şelpeler düzülip bezelýär. Göwüsbendiň iki ujy atyň boýnunda, bir ujy bolsa aşakdan geçirilip eýere birikdirilýär. Göwüsbent bilen jylawyň arasyndan iki sany uly hem-de kiçi boýunlyk dakylýar. Olaryň boýlary birmeňzeş bolup, ölçegi inli, insiz görnüşinde bolýar. Köplenç, hakyk gaşlar oturdylýar. Atyň eýeriniň öňündäki tommarçagyna, yzky ýarym aýlaw görnüşli ýerine gaş diýilýär. Eýeriň gaşy kümüş şaýlar, sytaralar bile bezelýär. Bu bolsa guşgun. Ol atyň guýrugynyň aşagyndan geçirilip, eýeriň öňünden dakylýan demir tokgaly gaýyş. Guşgun atyň eýeriniň öňe süýşmezligine kömek edýär. Guşgözi guşuň gözüne meňzeş uşajyk kümüş bezeg şaýy. Ol ýerligi gaýyşdan bolan bezeg esbaplarynyň ýüzüne düzülýär. Ynha, bu jylaw. Ol gaýyşdan edilip, dürli kümüş sytaralar dakylýar. Atyň iki çekgesiniň birigýän ýerine kümüşden edilen şaý dakylyp, gulagynyň üstündenem seçeklenen gaýşyň ýüzünde peýkam şekilinde ýasalan şaý bölekleri oturdylýar. Jylawyň agyzlygyna çenli oňa dürli şekilli şaýlar dakylýar. Atyň toýnagynyň zaýalanmazlygy üçin onuň aýagyna nal kakylýar. At çapanda toýnagyndaky nallar özboluşly owaz edýär. Gamçylaram berk agaçlardan edilip, gapdallary kümüş şaý bilen bezelýär. Ujuna gaýyşdan edilen seçek dakylýar-diýip, sözüne dyngy berdi. Nepes aganyň at esbaplary hakynda aýdanlary Nazar üçin gyzykly hem gymmatlydy. «Zergäriň işi mukaddes. Olaryň ýasaýan şaý-seplerinde halkyň bedewe bolan söýgüsi öwşün atýar. Şaý-seplere siňe seretseň, bu hakykat aýnada görlen ýaly mälim» diýip, Nazar pikir ýüwürtdi. Şol wagt:

—Salawmaleýkim, halypa!-diýip, bir ýigit gapydan girdi.

—Aleýkim salam, Nurly, geldiňmi?! Bu ýigidiň ady Nazar. Täze şägirt—diýip, Nurlyny Nazar bilen tanyşdyrdy. Olar el gysyşyp salamlaşdy. Nazaryň peýda bolmagy, Nurlynyň kalbynda nähilidir bir tolgunma duýgusyny döretdi. Ýöne, ol ýeňiljek tolgunma üns bermek islemedi. Nazar şol günden Nepes zergäre şägirtlige durdy. Halypa ýaş şägirdine işiň inçe syrlaryny irmän öwretdi.

Nazar yhlasly, erjel, has magtamaly ýeri-de höwesekdi. Hünäriň gizlin syrlaryny ele almakda minneti höwesinden çekdi. Halypaň öwredýän ähli zadyny kemsiz-köstsüz etmäge jan etdi. Şu häsiýeti hem Nepes halypaň göwnüne ýarady. Ýogsa, oňa şol bir işi öwran-öwran gaýtaladardy. Nazar işiň sünnäsini ýetirmekden ýadamady. Gije birçene barýança işledi. Ýöne «Halypa mynasyp şägirt bolup bilýärmikäm? ýa-da...» diýen sowala ol hemişe jogap agtardy.

Halypa welin Nazaryň yhlasyna pitiwa etmeýän dek dymýardy. Bu diňe Nazaryň göwnüne şeýledi. Nepes şägirdiniň küýsegini gözünden okardy. Her bir zada paýhasyň gözi bilen seredýän halypa öwgüli sözlerden ýigidi goramak isledi. Şägirdiniň şol gün säher çagynda görkezen naşyja gülýakasyny synlap welin: «Tüweleme, gaty nepis ýasapsyň» diýmän durup bilmedi. Bu sözler Nazary ganatlandyrdy, özüne ynamyny artdyrdy. Halypanyň Nazara agdygrak üns bermegini Nurly öz ýanyndan gabandy: «Kölegesi ýaly bolup haçan görseň halypaň ýanynda. Halypada oňa köp üns berýär. Sen zergärçiligiň abyny-tabyny ele aldyň. Özbaşdak ýasamaga çalyş! Toplan tejribäňi peýdalansaň başararsyň. Ýasan şaýyň gamyşgulak atyň bedenini bezär welin, gaýtalanmajak duýgulary başdan geçirersiň. Ynha, şu ýerini şeýleräk etseň has gowy bolar» diýip, ýanymdan geçip gidýär. Täze şägirt gelensoň, men indi halypaň ýadyndan çykyşdym öýdýän» diýip, gaýa-gopuz ýok ýerden çişip, öz ýanyndan Nazara käýinerdi. Nurlynyň özüne bolan garaýşyndan bihabar Nazar oňa öňküleri ýaly sypaýydy.

Şägirtler bu gün ussahanada ikiçäk. Nurly işläp oturan ýerinden Nazara azmly seredip:

—Nazar, sowal yzyna sowal suňşuryp, halypany ýadadýan bolaýma. Özbaşdagam işlemegi oňarjak bol! Bu bolşuň bilen senden zergär çykarmyka?!—diýip, içini döküp başlany hem şoldy welin, gapydan halypa girdi. Ýagdaýy halypaň bilmeginden ätiýaç eden şägirtler işe gümra boldy. Paýhasly halypa rejäniň geň däldigini şobada duýdy. Ol bir Nurlynyň, bir Nazaryň ýüzüne seredip:

—Nurly, ýör, daş çykaly—diýip, donunyň synyny çekdi. Nurlyny hamana ilkinji gezek görýän dek synlady:

—Nurly, soňky günler seň ýüzüň salyk görünýär. Sebäbini düşündirseň?!—diýip, garaşmadyk sowalyny öňünde kesertdi. Nurly näme diýjegini bilmän dymdy. Oňa şondan başga çykalga-da ýokdy. Halypa:

—Nurly, Nazar entek ýaş şägirt. Oňa ähli zady ilik-düwme öwretmeli. Sen bu hünäriň syrlaryny ele aldyň. Bilýän zatlaryňy oňa öwret. Öwretmek öwrenmekdir. Hünär görki kämillik, ol birek-birekden gysganylmaly däl. Käre her kimiň öz çemeleşişi bar. Men saňa halypa maslahatyny berjek! Halypa üçin şägirtleri gymmatly. Nazar bilen dostlaş! Durmuş ýoly uzakdyr. Kärdeşleriň biri-birine nähili gerekdigine düşünersiňiz. Siziň ikiňizem saýlan hünäriňizi ýürekden söýýän ýigitler. Hünäri söýüp işlemek lezzetli. Söýgi bilen işlenende beden ýadamaýar, dynç alýar. Hünärini söýüp işleýän adamlar bagtly. Siz gözellik döretmeli ýigitler. «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilýän gözelligi döretmek üçin kalbyň gözel bolmaly. Kalby gözel adamyň işem gözel bolýar. Nepis gözellik hiç wagt harlanýan däldir. Ol hemişe islegli, hyrydarly. Ussat şahyrymyz Magtymguly Pyragyň sarpalan kesbini nesilden-nesle geçirmek zergärleriň borjy.

Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy baradaky hoş habar biz üçin ýatdan çykmajak waka boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ahalteke bedewlerimiziň owazasy äleme ýaň salýar—diýip, Nepes halypa sözüne dyngy berdi. Halypasynyň maslahaty Nurlynyň göwnüne jaý boldy. Ol:

—Nesihatyňyza sag boluň, halypa!—diýip, ussahana ýöneldi. Işe dümtünip oturan Nazara:

—Dost, näme ýasaýaň?!- diýip, ýumşak äheňde ýüzlendi.

—Guşgözi ýasaýan. Nurly, sen tejribeli şägirt, täze işime nähili baha berýäň?!

–diýip, Nazar kärdeşiniň pikirini bilmek isledi.

—Inçe işläpsiň. Zergärçilik nepisligi halaýar. Işiň ileri! Höwri köp bolsun!—diýip, ýagşy arzuwlar etdi. Halypa maslahaty şägirtleriň arasynda hakyky dostluga ýol açdy.



Ogulgurban GAŞLAKOWA