WATANYMYZYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANYNA DABARALAR


WATANYMYZYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANYNA DABARALAR

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

Baýramlarda we şanly senelerde at çapyşyklarynyň geçirilmegi geçmiş taryhymyza, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanydyr. At çapyşyklary diňe bir atlaryň naýbaşy wekilleriniň bäsleşigi bolman, eýsem, bedewleriň gaýtalanmajak gözelliginiň we kämilliginiň beýanydyr. Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da at çapyşyklary toýlaryň bezegi bolmak bilen, atşynaslaryň ussatlygyny, başarjaňlygyny, atlaryň güýjüni, gözelligini, ýyndamlygyny görkezmäge-de mümkinçilik berýär. «Atdyr ýigidiň ganaty», «At-ýaryşda, är-söweşde», «At-ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň-atyňy» ýaly nakyllar halkymyzyň bedewlere goýýan hormat-sarpasynyň mysalydyr.

Ahalteke bedewleri türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilipdir. Umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri türkmen halkynyň uçar ganaty we köňül buýsanjydyr. Häzirki döwürde atçylygy, atçylyk sportuny halkara derejede ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz atçylyk pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli işlere uly üns berýär. Bu ugurda alnyp barylýan işlere ylmy esasda çemeleşilýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary örän uludyr.

«Türkmenistan» gazeti