TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň babadaýhanlary tarapyndan ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler guramaçylykly dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek baradaky tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri meýilnama esasynda alnyp barylýar. Sebitiň çägindäki edara-kärhanalaryň, bilim, saglygy goraýyş, sport we medeniýet maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
«Türkmenistan» gazeti