HEPDELIGIŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYK


HEPDELIGIŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYK

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň hepdeligi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olara edep-terbiýe bermek, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy öwretmek, adam we jemgyýet gatnaşyklaryny düşündirmek, halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, watansöýüji, päk ahlakly, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýeti kemala getirmek «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň esasy wezipesi bolup durýar. Hepdeligiň çäginde sergiler, «Dostluk ýaňy» atly dünýä dillerinde aýdym-sazly dabara, talyp ýaşlaryň arasynda iňlis dili dersi boýunça «The best presentation» atly bäsleşik, D.Öwezow adyndaky ÝSM-niň mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň halk maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimi ösdürmek baradaky taglymaty biziň ýol-ýörelgämiz» atly okuw-usuly maslahat, rus dili dersinden açyk sapaklar geçirildi. Mundan başga-da Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew bilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşygy ýokary okuw jaýymyzyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Gözel Aýnazarowa alyp bardy.

Heýkeltaraş Saragt Babaýew 1948-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda dünýä inýär. 1970-1974-nji ýyllarda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň heýkeltaraşlyk bölüminde, 1974-1980-nji ýyllarda bolsa Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynda okaýar we heýkeltaraşlyk sungatynyň inçe tärlerini öwrenýär. 1980-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň heýkeltaraşlyk bölüminiň mugallymy bolup işleýär. Ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew uzak ýyllaryň dowamynda heýkeltaraşlyk ugrundan dürli eserleri döredýär. Türkmen sungaty äleminde bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, meşhur heýkeltaraşa «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat», «Magtymguly Pyragy», «Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» medallary, «Galkynyş» ordeni we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy bilen sylaglandy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň altyn asyry», «Türkmen bedewiniň iň gowy heýkeli üçin» bäsleşikleriniň birnäçe gezek ýeňijisi, Türkmenistanyň halk suratkeşi, «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy» diýen hormatly atlara eýe boldy. Häzirki wagtda meşhur heýkeltaraş Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallym bolup, zehinli heýkeltaraşlaryň ýaş neslini terbiýeleýär.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň çeper gürrüňleri bilen dowam etdi. Soňra bolsa Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew «Halypalaryň halypasy halypam» atly ajaýyp aýdymy ýerine ýetirdi. Ýakymly ýatlamalara baý duşuşyk aýdym-saza beslendi. Duşuşygyň dowamynda Saragt Babaýew talyplara Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 60 metrlik heýkeli barada hem gyzykly gürrüňleri berdi.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşygyň ahyrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory Resul Amangeldiýew Saragt Babaýewe türkmeniň milli saz guraly dutary sowgat berdi.

Bize şeýle duşuşyklary yzygiderli geçirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlarymyzy aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmyda rowaçlyklara beslensin.



Gülsoltan DÖWLETOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň öwreniji-mugallymy