TALYPLARYNYŇ KONSERTI
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdym saz-sungatyna goýýan sarpasy, hormatynyň bimöçberdigi her bir ynsan üçin aýandyr.
Ýakynda, Aşgabat şäheriniň №1 çagalar sungat mekdebinde we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda «Halk saz gurallary» kafedrasynyň uly mugallymy Tatýana Ýüzeýewanyň talyplarynyň konsertleri geçirildi. Konsertiň başynda Swetlana Gardeýçigiň «Rumba» eserini Janmyradow Şatlyk we Nurlyýew Orazgeldi ýerine ýetirdiler. Soňra Ýewgeniý Derbenko «Degişme allegrosy» eserini Tagiýew Perhat we Nursahatow Eziz ansambl bolup çykyş etdiler. Bu çykyş tomaşaçylarda uly täsir we elçarpyşmalara mynasyp boldylar.
Bu täsirli çykyşdan soňra Ýewgeniý Derbenkonyň «Gadymy motiw», Robert Bažiliniň «Uprýamaýa oweçka» eserlerini Halkara bäsleşikleriniň laureaty Hijran Jorakylyýew we Nursahatow Eziz ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Bu çykyşlar tomaşaçylaryň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Täsirli çykyşlaryň yzysüre Frank Anželis Sýuita «Brel-Bah» eseriniň I bölümini Halkara bäsleşikleriniň laureaty Hijran Jorakylyýew örän ussatlyk bilen ýerine ýetirdi we tomaşaçylarda täsirli duýgulary galdyrdy.
Soňra Nikkolo Paganini-Rudolf Wýurtneriň «Kampanella», Aleksandr Dwoskin «Brazil rapsodiýasy», Wiktor Dikusarow «Skerso», Astor Piassolla «Libertango» (täzeden işlän Zykin) eserlerini I ýyl talyp Tagiýew Perhat ýerine ýetirdi. Bu çykyşlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy we gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp boldy.
Konsertiň dowamynda III ýyl talyp Eziz Nursahatow sazandarlyk etdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» kafedrasynyň uly mugallymy Tatýana Ýüzeýewanyň talyplarynyň konsertleri ýokary derejede geçirildi.