KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLI ÝAŞLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynda «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» saz festiwalynyň çäklerinde «Halk saz gurallary» kafedrasynyň ýaş zehinli mugallym-öwrenijileri Amangeldiýewa Baýramgül «Kanun» we Hojageldiýew Rahymberdi «Akkordeon» saz gurallary boýunça bilelikdäki konserti geçirildi.
Konsert ýaş zehinli mugallym-öwreniji Rahymberdi Hojageldiýewiň akkordeon saz guralynda «Galan bar» atly türkmen halk sazyny täsirli ýerine ýetirmeginde başlady. Soňra Italýan kompozitory Pietro Frossiniň «Wenesiýa karnawaly» eserini ýiti duýgurlyk bilen ussatlarça ýerine ýetirdi. Onuň yzysüre Rahymberdi Hojageldiýew talyby Hümmedow Jangeldi bilen bilelikde Ý.Dranganyň «Wera» duet eserini ýerine ýetirmegi tomaşaçylarda ýatdan çykmajak pursatlar galdyrdy. Soňra Rahymberdi Hojageldiýew öz talyplary bilen Jozef Kolombo «Wals» ansambl eserini ýerine ýetirip diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldylar.
Täsirli çykyşlardan soňra şol kafedranyň mugallym öwrenijisi Baýramgül Amangeldiýewanyň meşhur ermeni kompozitory Sowinar Oganesýanyň «Rapsodiýa N3» eserini ussatlarça ýerine ýetirmegi bilen dowam etdi. Soňra şol kompozitoryň iki kanun üçin ýazan «Konsert N3» 2-nji we 3-nji bölümlerini Amannazar Arslanowyň sazandarlyk etmeginde «Halk saz gurallary» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Güljemal Taýlyýewa bilen bilelikde ýerine ýetirip tomaşaçylarda, diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi. Konsertde jemleýji bolup S.Oganesýanyň «Tans» eserini Baýramgül Amangeldiýewa öz talyplary bilen bilelikde ansambly eseri ýerine ýetirmekleri bilen diňleýjilerde täsirli, konserde gelen tomaşaçylarda uly şowhun döretdi.
Şeýle gyzykly, şowhunly pursatlar bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Konserwatoriýasynyň zehinli ýaşlary» atly festiwaly dowam edýär. Biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslesin..