logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«MILLI MIRASYMYZ – GARAŞSYZLYGYMYZYŇ BERK BINÝADYDYR»

Medeni miras

07.10.2026

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Milli mirasymyz – Garaşsyzlygymyzyň berk binýadydyr» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäginde amaly-haşam sungatynyň sergisi, çeper höwesjeňleriň we döredijilik toparynyň çykyşlary hem guraldy. Halkara maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Gülşat Ýusupowa, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Jemile Gurbanowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Gurban Myradow, şeýle hem Belarus, Gazagystan, Gyrgyz we Türkiýe Respublikalarynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň wekilleri gatnaşyp (onlaýn) çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim we medeniýet ulgamy babatynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolýandygy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde we daşary ýurtlarda ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň, federasiýalarynyň hem assosiasiýalarynyň hereket etmegi we olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagy babatda döredilýän mümkinçilikler barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi.

No image
Hünär bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi

Kitaphanalar

07.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan yglan edilen «Türkmenistan ösüşleriň diýary – ganatly bedewleriň mekany» atly hünär bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Kitaphanalardan öňdebaryjy, ökde, ýaş wagyzçy kitaphanaçylaryň zehinini açyp görkezmek, kitaphana işini dürli ugurlaryň üsti bilen wagyz etmek maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyrynda şowly çykyş edip, saýlanan hünärmenler 1-nji, 2-nji, 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýle hem, çykyş eden kitaphana hünärmenlerine höweslendiriji baýraklar we Hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylar ýurdumyzy ähli ugurlarda gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Pederleri hatyralap

Kitaphanalar

07.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Hatyralamak mukaddes dessur» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra gününiň bellenip geçilýändigi, halkymyzyň bu günki ajaýyp durmuşy üçin Watan ogullarynyň hatyrasyny belentden tutup, olaryň ýadygärliklerine tagzym edip, gerçekleriň synmaz ruhuna sarpasyny bildirýändigi barada gürrüň berdiler. Gerçekleriň gahrymançylyklaryna çäksiz hormat goýulýandygy, olaryň edermenlikleriniň sarpalanýandygy hakynda belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Hünär bäsleşigi

Kitaphanalar

05.10.2026

Golaýda Lebap welaýatynyň etrap kitaphanalarynyň arasynda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda kämil iş tejribelerini ýaýratmak, iň göreldeli, öňdebaryjy, işjeň wagyzçy kitaphana hünärmenini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde guramaklarynda “Türkmenistan ösüşleriň diýary-ganatly bedewleriň mekany” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. I-nji orna Kerki etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Çemen Pirnazarowa, II-nji orna Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy Agagül Jumagulyýewa, III-nji orna Halaç etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Lälegül Annamyradowa dagy mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşyjylar kitaphana ulgamyny ösdürmekde ähli şertleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Hatyra gününe bagyşlanan sergi

Muzeýler

05.10.2026

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanda söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär, aýat-töwir okalyp, sadakalar berilýär. Ýurdumyzyň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak, ata-babalarymyzyň köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelgeleriniň biri bolup, türkmen halkynyň ruhymedeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Nesilleriň agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüne ynamyň we durmuşy söýmegiň netijesinde kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr. Häzirki wagtda Aşgabat ak mermer binalara beslenen şähere öwrüldi. Agyr synaglardan geçen paýtagtymyz gaýtadan dikeldildi we parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň mekanyna öwrüldi. Ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylyklary ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin nusgalykdyr. Hatyra güni milletimizi birleşdirýär we jebisleşdirýär. Öten-geçenleri ýatlamak dessury türkmen halkynyň gadymy ynsanperwer ýörelgeleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanan «Hatyra güni-hakyda güni» atly sergi gurnaldy. Birnäçe bölümden ybarat bolan bu sergide Aşgabat şäheriniň ýer titremesindäki durkuny görkezýän fotosuratlar, şol döwre degişli dürli tapyndylar, muzeý gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Pederleri sarpalap, öten-geçenleri hatyralap, ynsanperwer beýik işleri dünýäde dabaralandyrýan parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri uly üstünliklere beslensin. Nowça Babanyýazowa, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.

No image
Hatyra güni mynasybetli muzeýe gezelenç

Muzeýler

05.10.2026

Hatyra güni mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlarynyň hem-de okuwçylarynyň gatnaşmagynda gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda talyplar we okuwçylar muzeýiň gymmatly eksponatlary, halkymyzyň şanly taryhy, medeni mirasy we gahrymançylykly geçmişi bilen ýakyndan tanyşdylar. Mugallymlar we ýaş nesiller medeni çäräniň dowamynda Watanymyzyň azatlygy, parahatçylygy ugrunda şirin janlaryny gurban eden gahrymanlarymyzy çuňňur hormat bilen ýatladylar.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

05.10.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan ýakynda her ýylyň 6-njy oktýabrynda bellenilýän Hatyra gününe bagyşlanyp, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda “Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Bakylyk bu – halkyň hakydasynda” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlar, ata Watan, mukaddes toprak, häzirki nesilleriň bagtyýar we erkana durmuşda ýaşamagy üçin şirin janyny pida edip gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen gerçekler ýatlanylýar. Watanyň azatlygy, asudalygy ugrundaky söweşlerde gahrymançylygyň nusgasyny görkezen mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylyk ýoly ebedidir. Bu gün ähli şehitlerimiziň ruhuna sadakalar berlip, aýat-dogalar okalýar. Ine, şular hakynda giňişleýin gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, milli däp-dessurlarymyzy sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Pederleriň hatyrasy

Kitaphanalar

05.10.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan golaýda her ýylyň 6-njy oktýabrynda bellenilýän Hatyra gününe bagyşlanyp, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Pederleriň hatyrasy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asylly däplerimize we ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýlup, olaryň mynasyp dowam etdirilýändigini bellemek bilen, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda tebigy betbagtçylyk-ýertitremäniň bir pursatda paýtagtymyzy weýran edendigini, emma halkymyzyň ykbalyň agyr kynçylyklaryna ruhdan düşmän, olary ýeňip geçmegi başarandygyny nygtadylar. Şeýle hem, häzirki wagtda Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň paýtagtyna öwrülendigini buýsanç bilen bellediler.

No image
Türkmen sazandalary Sinandali festiwalyna gatnaşdylar

Halkara gatnaşyklary

03.10.2026

2026-njy ýylyň 16-njy awgusty-13-nji sentýabry aralygynda Gruziýada Sinandali festiwaly geçirildi. Bu festiwal Kawkaz ýurtlaryndan we goňşy döwletlerden ýaş sazandalary bir ýere jemläp,olara dünýä derejesinde tanalýan meşhur artistler, dirižýorlar we mugallymlar bilen bilelikde işlemek mümkinçiligini berýär. Festiwalyň esasy bilim beriji platformalarynyň biri bolan Pan-Caucasian Youth Orchestranyň düzümindeTürkmenistanyň ýaş sazandalary hem çykyş etdiler. Şu ýyl bu festiwalda Türkmenistandan bäş ýaş sazanda, Selbinýaz Mulkamanowa (skripka), Seýran Atanýazow (skripka), Aýlar Annamyradowa (wiollonçell), Döwran Gylyjow (trombon) we Ysmaýyl Sähetmyradow (kontrabas) gatnaşdy. Festiwalyň ilkinji gününde ähli ýaş sazandalar üçin janly bäsleşik görnüşindäki diňlenişik geçirildi. Şol diňlenişigiň netijelerine görä, sazandalaryň orkestrdäki orunlary we toparlaryň içindäki ýerleşişleri kesgitlenildi. Şeýlelikde, her bir ýaş sazandanyň ornuny saýlamak onuň ýerine ýetirijilik derejesine we diňlenişikdäki netijesine esaslandy. Olaryň her biri üçin bu festiwala gatnaşmak diňe bir halkara sahnasynda çykyş etmek mümkinçiligi bolman, eýsem, hünär taýdan ösüşiň we sazçylyk biliminiň möhüm bölegine öwrüldi. Birnäçe hepdäniň dowamynda sazandalar intensiw taýýarlyk işlerini, şahsy we toparlaýyn sapaklary, orkestr taýýarlyklaryny hem-de dünýäniň öňdebaryjy orkestrlerinde işleýän tejribeli sazandalaryň ussatlyk sapaklaryny geçdiler. Türkmenistanyň wekilleriniň arasynda Selbi Mülkamanowanyň üstünligi aýratyn bellärliklidir. Ol meşhur dirižýor Rafael Payareniň ýolbaşçylygynda ilkinji skripkalar toparynyň konsertmeýsteri hökmünde çykyş etdi. Bu wezipe ýaş sazanda üçin uly jogapkärçiligi talap edýär we onuň professional taýýarlygynyň möhüm görkezijileriniň biridir. Pan-Caucasian Youth Orchestranyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem ýaş sazandalaryň ilki bilen dünýä derejesindäki orkestr sazandalary bilen işleşip, soňra bolsa professional simfoniki orkestriň şertlerinde sahna çykmagydyr. Türkmen ýaş sazandalary konsertlere belli mugallymlaryň we professional orkestr sazandalarynyň ýolbaşçylygynda taýýarlyk gördiler. Şol halypalaryň biri Anton Sorokow bolup, ol Wenanyň Simfoniki orkestriniň konsertmeýsteri we Wenanyň saz we ýerine ýetiriş sungaty uniwersitetiniň professorydyr. Ol köp ýyllardan bäri mugallymçylyk işi bilen hem meşgullanýar we dürli halkara ussatlyk sapaklaryny geçirýär. Taýýarlygyň möhüm bölekleriniň biri hem, Ýewropanyň professional orkestrlerinde uly tejribe toplan Kirill Terentýew bilen geçirilen sapaklar boldy. Şeýle sapaklar ýaş skripkaçylara diňe bir ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmäge däl, eýsem, konsertmeýsteriň we orkestr sazandasynyň hünär aýratynlyklaryna has çuň düşünmäge mümkinçilik berýär. Violonçel boýunça ussatlyk sapaklary italiýaly sazanda Amedeo Cicchese tarapyndan geçirildi. Häzirki wagtda ol Rimdäki Accademia Nazionale di Santa Cecilia akademiýasynyň wiolonçel toparynyň solistidir. Kontrabasçy Ysmaýyl Sähetmyradow üçin bolsa Brendan Kane bilen geçirilen sapaklar aýratyn ähmiýete eýe boldy. Brendan Kane Nýu-Ýork şäherindäki Metropolitan Opera Orchestranyň kontrabasçysydyr. Şeýlelikde, ýaş türkmen sazandalary öz hünärlerinde dünýä derejesindäki orkestrlerde işleýän, uly sahna tejribesine eýe bolan ussatlardan bilim almak mümkinçiligine eýe boldular. Festiwalyň dowamynda dünýäniň nusgawy saz sungatynyň iň iri eserleri ýerine ýetirildi. Orkestriň üstünde işlän eserleriniň arasynda Karol Şimanowskiniň 1-nji Skripka konserti, Nikolay Rimskiý-Korsakowyň «Şeherazada» eseri, Lýudwig van Bethoweniň Skripka konserti, Modest Musorgskiniň Morys Raweliň orkestrleşdirmesindäki «Sergiden suratlar» eseri, Gustaw Maleriň 2-nji simfoniýasy, Riçard Ştrausyň «Der Rosenkavalier» suiti we Morys Raweliň «La Valse» eseri bardy. Şeýle giň we çylşyrymly repertuary taýýarlamak ýaş sazandadan ýokary tehniki ussatlygy, sazçylyk tertibini we dirižýoryň hem-de orkestriň umumy talaplaryna çalt uýgunlaşmak ukybyny talap edýär. Festiwalyň iň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem dünýä derejesinde tanalýan dirižýorlar we solistler bilen bilelikde işlemek mümkinçiligi boldy. Festiwalyň maksatnamasynda Gianandrea Noseda, Rafael Payare, Nikolaj Szeps-Znaider, Pinchas Zukerman we Lisa Batiashvili ýaly dünýä belli sungat işgärleri çykyş etdiler. 3-nji sentýabrda Gianandrea Nosedanyň ýolbaşçylygynda orkestr Lisa Batiashvili bilen bilelikde Şimanowskiniň 1-nji Skripka konserti, şeýle hem Rimskiý-Korsakowyň «Şeherazada» eseri ýerine ýetirildi. 6-njy sentýabrda sazandalar Gianandrea Nosedanyň ýolbaşçylygynda meşhur skripkaçy Pinchas Zukerman bilen bilelikde Bethoweniň Skripka konsertini we Musorgskiniň–Raweliň «Sergiden suratlar» eserini ýerine ýetirdiler. 9-njy sentýabrda festiwalyň maksatnamasynda Gustaw Maleriň 2-nji simfoniýasy Rafael Payareniň ýolbaşçylygynda ýaňlandy. Festiwalyň 13-nji sentýabrdaky jemleýji konsertinde bolsa Nikolaj Szeps-Znaideriň ýolbaşçylygynda Riçard Ştrausyň «Der Rosenkavalier» suite we Morys Raweliň «La Valse» eseri ýerine ýetirildi. Sinandali festiwaly ýaş türkmen sazandalaryna dürli ýurtlardan gelen ýaş ýerine ýetirijiler bilen bir professional gurşawda işleşmäge, tejribe alyşmaga we dünýäniň meşhur ussatlaryndan bilim almaga mümkinçilik berdi. Festiwalyň aýratyn gymmatly taraplarynyň biri hem, bilim beriş maksatnamasynyň göni konsert tejribesi bilen utgaşmagydyr. Taýýarlyklardan we ussatlyk sapaklaryndan soň ýaş sazandalar uly sahna çykyp, dünýä derejesindäki sungat işgärleri bilen bilelikde çylşyrymly simfoniki eserleri ýerine ýetirdiler. Şeýle meşhur dirižýorlar, solistler we mugallymlar bilen işleşmek ýaş sazandalaryň sazçylyk dünýägaraýşyny giňeltmäge, ýerine ýetirijilik derejesini ýokarlandyrmaga we orkestr sazandasy hünärine täzeçe garamaga ýardam berýär.

No image
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Kitaphanalar

02.10.2026

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň we «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda «Bedew batly Türkmenistan-dillerde dessan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry welaýat kitaphanasynda üstünlikli geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça tapawutlananlara Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.